SIM kartany we batareýany
oturtmak4
SIM kartany aýyrmak4
Batareýa güýçlendirmek4
Işletmek we öçürmek5
Siziň telefonyňyz5
Düwmeler we bölekler5
Esasy wezipeler6
Çagyryş ibermek we çagyryşa jogap
bermek6
Tekst ýazmak7
Habar8
Aragatnaşyklar8
Kiçi-telefon kitaby8
Radio9
Çyrany öçürmek we ýakmak9
Umumy maglumat10
Garnituralar10
Batareýa10
Batareýa we güýçlendirmek enjamy
hakynda maglumat10
Nokia batareýasynyň hakyklygyny
barlamak boýunça görkezmeler11
Gyssagly kömek çagyryş13
Şahadatnama hakynda maglumat
(SAR)13
Enjamy goldamak12
Gaýtadan ulanma12
Goşmaça howpsuzlyk
maglumaty12
Kiçi çagalar12
Ulanmaklyk şertleri12
Lukmançylyk abzallary12
Ulaglar13
Partlama howplulygy bolup biljek
ýagdaýlar13
Page 3
Howpsuzlyk3
Howpsuzlyk
Şu ýönekeý görkezmeleri okaň. Olara eýermezlik eýermezlik howply ýa-da kanuna garşy
bolup biler. Goşmaça maglumatlar üçin gollanmany doly okaň.
HOWPSUZ IŞLETMEK
Simsiz telefony ulanmak gadagan edilen ýerlerde ýa-da onuň ulanylmagy
päsgelçiligiň ýa-da howpuň sebäbi bolup bilýän ýagdaýlarda, enjamy
işletmäň.
ÝOL HOWPSUZLYGY ILKINJIDIR
Ähli ýerli kanunlary berjaý ediň. Maşyn süreniňizde dolandyrmak üçin öz
elleriňizi elmydama boş saklaň. Sürüp barýarkaňyz Siz ilki bilen ýol
howpsuzlygyna üns bermelisiňiz.
PÄSGELÇILIKLER
Ähli simsiz enjamlara päsgelçilikler täsir edip biler we şol sebäpli
aragatnaşygyň hiliniň peselmägi mümkin.
ÇÄKLENDIRILEN ÝERLERDE TELEFONY ÖÇÜRIŇ
Hemme çäklendirmeleri saklaň. Uçarda, lukmançylyk abzallaryň, ýangyç,
himiki maddalaryň ýakynynda ýa-da partlatma işleri geçirilýän ýerlerde
enjamy öçüriň.
ÝOKARY HILLI HYZMAT
Bu önüm boýunça sazlamak we düzmek işlerini diňe tejribeli işgärler geçirip
bilerler.
GARNITURALAR WE BATAREÝALAR
Diňe makullanan garnituralary we batareýalary ulanyň. Özara
utgaşdyrylmaýan enjamlary birikdirmäň.
SUW SYZDYRMAZLYK
Bu enjam suwa durnukly däldir. Enjamy gury görnüşde saklaň.
Page 4
4Işletmek üçin taýýarlamak
Işletmek üçin taýýarlamak
SIM kartany we batareýany oturtmak
Bu telefon BL-4C batareýasy bilen ulanmak üçin niýetlenen.
Howpsuz aýyrmak. Mydama batareýany aýyrmazdan öň enjamy öçüriň hem-de
güýçlendirmek enjamyny aýyryň.
1Yzky paneli aşaga süýşüriň (1) we ony aýyryň.
2 Batareýany galdyryň we ony aýyryň (2).
3 SIM kartany oturdyň (3). SIM kartanyň altyn-reňkli baglanyşyk tarapy aşaga
seredilendigine göz ýetiriň we soňra SIM kartanyň kesilen burçuny süýşürip
oturdyň.
4 Batareýany oturdyň we yzky paneli ýapyň (4, 5).
SIM kartany aýyrmak
Dartýan ýaýjygy basyň (1) we SIM kartany süýşürip aýyryň (2).
Batareýa güýçlendirmek
Siziñ batareýañyz fabrikada ýarym çeñli güýçledirilendir. Eger enjam pes güýjini
görkezýär aşakdaky ediñ:
3 Enjamyñ doly zarýady görkezýände zarýad berijini enjamdan aýyryñ, ondan soñra
rozetkadan aýyryñ.
Maslahat: Energiýany saklamak üçin, batareýanyñ doly bolanda zarýad berijini öçüriñ.
Siziñ batareýany ýörite wagt uzynlygynyñ dowamynda güýçlendirmegiñiz gerek däl we
de enjamy onuñ zarýadda bolanda ulanyp bilersiñiz. Eger-de, batareýa güýji doly ýitiren
bolsa, onda, zarýad görkezijisiniň ekranda görkezilmegi ýa-da islendik jaňy ýerine
ýetirmek üçin birnäçe minudyň gerek bolmagy mümkin.
Işletmek we öçürmek
Tamamlamak düwmesini basyp saklaň.
Telefony diňe kadaly işleýän ýagdaýynda ulanyň.
Bu enjamyň iç e rk i w e d a şarky antennalary bolup biler. Kabul edýän we geçirýän antenna
zerur bolmadyk ýagdaýlarda galtaşmaň. Antenna galtaşmak, aragatnaşygyň hiline täsir
edýär, enjamy zerur bolmadyk has ýokary tok derejesinde işleýişiniň sebäbi bolar we
batareýanyň möhletini azaldyp biler.
Siziň telefonyňyz
Düwmeler we bölekler
1
2Bag bilen berkitme ýeri
3Dinamaik
4Ekran
5Saýlama düwmeleri
6Navi™ düwmesi; aýlamak
Ses çykaryş enjamlaryny birikdirmäň, olar enjamyň zaýalanmagynyň sebäbi bolup
bilerler. Nokia AV Connector birikdirmesine elektrik güýçli ceşmelerini birikdirmäň.
Bu enjam bilen ulanmak üçin Nokia tarapyndan makullanan enjamlardan başga enjam
ýa-da garnitura Nokia AV Connector birikdirmesine birikdirilende ses derejesine
gözegçilik ediň.
Esasy wezipeler
Menýu saýlaň we soňra aşakdakylardan birini saýlaň:
Habarlar — habarlary döretmek, ibermek, açmak we dolandyrmak üçin
Gatnaşyklar — atlary we telefon belgilerini SIM kartanyň we telefonyň ýadynda
saklamak üçin
Çagyryş jaňlar — geçirilen, kabul edilen we çagyrylan çagyryşlaryň telefon belgileriniň
ygtyýary üçin
Düzmek — telefonyň dürli wezipelerini bellemek üçin
Sagat — jaň sagadynyň wagtyny bellemek üçin
Radio — radio wezipelerini dolandyrmak üçin
Ýatlatmalar — ýatlatmalary dolandyrmak üçin
Oýunlar — oýun effektlerini bellemek ýa-da telefonda ornaşdyrylan oýunlary oýnamak
üçin
Goşm. funksiýl. — kalkulýator ýa-da elçyra ýaly dürli goýmalara girmek üçin
Sim hyzmatlar — SIM karta goldaýan goşmaça hyzmatlary ulanmak üçin
Çagyryş ibermek we çagyryşa jogap bermek
Jaň etmek
Jaň etmek üçin telefon belgisini, şol sanda gerek bolsa ýurt we sebit koduny, giriziň we
jaň düwmesine basyň.
Jaňa jogap bermek
Jaň etmek düwmesine basyň.
Jaňy tamamlamak ýa-da ret etmek
Tamamlamak düwmesine basyň.
Gatygepleýji ýa-da nauşnik ulanmak
Jaň wagtynda, Bel. ses. gepl. ýa-da Telefon saýlaň.
Page 7
Siziň telefonyňyz7
Ses sazlamak
Nauşnigiň sesini sazlamak üçin jaň wagtynda çepe ýa-da saga aýlaň.
Duýduryş:
Ýokary sesiň dyngysyz täsiri Siziň eşidiş agzaňyza zyýany bardyr. Sazy ortaça derejede
diňleň we gatygepleýji ulanylýan wagtynda enjamy gulagyňyza ýakyn saklamaň.
Tekst ýazmak
Adaty tekst girizmek
Düwmeleri islenýän harp çykýança gaýtalap basyň.
Ukyply tekst girizmek
Görnüşleri > Sözlük we islenýän dili saýlaň.
Ukyply tekst girizmegi öçürmek
Görnüşleri > Sözlük > Sözlük öçürilen saýlaň.
Teksti ukyply girizmek tertibi ulanylanda bir harp üçin her bir düwmäni bir gezek basyň.
Eger islenýän söz görkezilse, 0 basyň we indiki sözi ýazmaga başlaň. Eger sözden soň ?
görkezilse, söz sözlükde ýokdugyny aňladýar.
Söz üýtgetmek
Isleýän sözüňiz çykýança * gaýtalap basyň.
Söz goşmak
Söz saýlaň, adaty tekst arkaly sözi giriziň we OK saýlaň.
Boşluk goşmak
0 basyň.
Tekst giriziş usulyny üýtgetmek
# gaýtalap basyň we ekranyň ýokarsyndaky görkezijä serediň.
San goşmak
Islenýän san düwmesini basyp saklaň.
Ýörite nyşan goşmakAdaty tekst girizişinde * basyň; ukyply tekst girizişinde * basyp saklaň.
Öçürilen habary dikeltmek
Görüniş. > Yzyna gaýtarmak saýlaň.
Page 8
8Siziň telefonyňyz
Habar
Habar hyzmatlaryny diňe ulgam ýa-da hyzmat üpjünçisi tarapyndan goldanýan bolsa
ulanyp bolýar.
Bu enjam bir habar çäginden köp bolan tekst habaryny goldaýar. Uzyn habarlar iki ýada ondan köp habarlar görnüşinde iberilýär. Hyzmat üpjünçi şoňa görä tölegi talap edip
biler. Basym belgilerini ýa-da beýleki belgilerini ulanýan nyşanlar, we käbir dilleriň
nyşanlary köp ýer tutýar we bir habarda iberilip bilinjek nyşanlaryň sanyny çäklendirýär.
Habar ýazmak we ibermek
1 Menýu > Habarlar > Täze habar ýazmak saýlaň.
2 Habary ýazyň. Habaryň uzynlyk görkezijisi ýazylýan habara girizip boljak nyşanlaryň
sanyny görkezýär.
3 Görnüşleri > Ibermek saýlaň, alyjynyň telefon belgisini giriziň ýa-da ony
Atlary we telefon belgilerini telefonyň we SIM kartanyň ýadynda saklamak mümkindir.
Telefon ýadynda saklanýan aragatnaşyklar sanawy 500 aragatnaşyk çenli saklap biler.
Aragatnaşyk gözlemek
Garaşma tertibinde, gözleýän adyňyzyň ilkinji nyşanlaryny ýa-da harplaryny giriziň, we
isleýän aragatnaşygyňyzyň üstüne baryň.
Aragatnaşyklary sanawda saklamak
Menýu > Gatnaşyklar > Gatnaşyk goşmak saýlaň.
Aragatnaşyklary telefonyň ýady we SIM kartanyň ýadynyň arasynda geçirmek
Menýu > Gatnaşyklar > Nusga saýlaň.
Kiçi-telefon kitaby
Telefon dürli ulanyjylar üçin bäş sany aýratyn telefon kitabyny goldaýar. Kiçi-telefon
kitap tertibi işjeňleşdirilen wagtynda diňe işjeň telefon kitabynda saklanýan atlar
görkezilýär.
Aragatnaşyk bir ýa-da birnäçe telefon kitaplaryna degişli bolup biler. Umumy aragat.
saklanýan aragatnaşyklara hemme telefon kitaplaryndan ygtyýar bardyr.
Menýu > Gatnaşyklar > Sazlamak > Kiçi-telefon kitaby we gerekli saýlamalary
belläň.
Page 9
Siziň telefonyňyz9
Köp telefon kitabyny işletmek
Telefon kitabynyň görnüşi > Kiçi telefon kitaby saýlaň.
Telefon kitabyny işletmek
Telefon kitaby we islenýän telefon kitabyny ýa-da Umumy aragat. saýlaň.
Aragatnaşygy bir we birnäçe telefon kitabyna bellemek
Gatnaşyklary dolandyryş we islenýän aragatnaşygy saýlaň.
Telefon kitabynyň adyny üýtgetmek
Telefon kitabynyň adyny üýtgetmek we islenýän telefon kitabyny saýlaň.
Radio
FM radio üçin simsiz enjamyň antennasyndan başga antenna ulanylýar. FM radio dogry
işlär ýaly, enjam bilen özara utgaşdyrylýan eşidiş enjamyny ya-da garniturany birikdiriň.
Radiony açmak üçin, Menýu > Radio saýlaň, ýa-da * basyp saklaň.
Şulardan birini saýlaň:
Öçürmek — Radiony öçüriň.
Kanaly saklamak — Işjeň ýaýlymy saklaň.
Awto-düzmek — Radioýaýlymlaryny awtomatiki düzüň. Awtomatiki düzmäge
başlamak üçin, aýlamak düwmesini ýokaryk ýa-da aşak basyň.Elde düzmek — Radioýaýlymlaryny el bilen düzüň. Ýygylygy üýtgetmek üçin, aýlamak
düwmesini ýokaryk ýa-da aşak basyň.
Ýaýlymy düzmek — Isleýän ýygylygyňyzy giriziň.
Kanaly öçürmek — Saklanan ýaýlymy öçüriň.
Adyny özgertmek — Saklanan ýaýlymyň adyny üýtgediň.
Radio sagat — Sagat radio aýratynlyklaryny dolandyryň.
Dinamik ýa-da Aksesuar — Radiony gatygepleýji ýa-da nauşnik bilen diňläň.
Radionyň sesini düzmek üçin, aýlamak düwmesini çepe ýa-da saga basy
Duýduryş:
Ýokary sesiň dyngysyz täsiri Siziň eşidiş agzaňyza zyýany bardyr. Sazy ortaça derejede
diňleň we gatygepleýji ulanylýan wagtynda enjamy gulagyňyza ýakyn saklamaň.
ň.
Çyrany öçürmek we ýakmak
Menýu > Goşm. funksiýl. > Telefon çyrasy saýlaň.
Page 10
10Umumy maglumat
Umumy maglumat
Enjam hakynda
Bu gollanmada häsiýetlendirilen simsiz enjam EGSM 900 we
1800 MGs ulgamlar ulanmak üçin niýetlenen. Ulgam barada
goşmaça maglumat üçin hyzmat üpjünçi merkezine ýüz
tutuň.
Bu enjamda öňünden ornaşdyrylan üçünji-tarap internet
sahypalarynyň bellikleri we birleşdirmeleri bolup biler. Nokia
üçünji-tarapyň sahypalary bilen baglanyşygy ýokdur we
Nokia olary ma slahat bermeýär ýa-da olar üçin jogapkärçiligi
öz üstüne almaýar. Eger siz şonuň ýaly saýtlara girmegi
saýlasaňyz, onda howpsuzlygy we mazmuny üçin seresap
bolmaly.
Duýduryş:
Şu enjamyň jaň sagadyndan başga wezipeleri ni ulanmak
üçin, enjam işledilen bolmaly. Simsiz enjamy ulanmaklyk
päsgelçiligiň ýa-da howpuň sebäbi bolup bilýän bolsa,
enjamy işletmäň.
Bu enjamy ulanýan wagtyňyzda hemme kanunlary berjaý
ediň we ýerli däp-dessurlary, başgalaryň özbaşdaklygyny we
kanuny hukuklaryny, şol sanda awtorlyk hukuklaryny
hormatlaň. Awtorlyk hukuklaryny goramaklyk käbir
suratlaryň, sazlaryň we beýleki mazmunyň nusgasyny
göçürmekligiň, üýtgetmekligiň, bermekligiň ö ňüni alyp biler.
Enjamyňyzda saklanan hemme möhüm maglumatlaryň
ätiýaç nusgalaryny döretmägi ýa-da olaryň ýazmaça
görnüşlerini saklaň.
Haçan-da başga enjamlara birikdireniňizde, olaryň
gollanmasynda görkezilen howpsuzlyk düzgünlerini doly
okaň. Özara utgaşdyrylmaýan enjamlary birikdirmäň.
Bu gollanmada görkezilen suratlar enjamyň ekranyndaky
suratlardan tapawutlanyp biler.
Enjama degişli möhüm maglumatlary okamak üçin
gollanmadan peýdalanyň.
Ulgam hyzmatlary
Enjamy ulanmak üçin simsiz ulgam hyzmat üpjünçisi
tarapyndan hyzmat üpjün edilmegi hökmandyr. Käbir
wezipeler hemme ulgamlarda elýeterli bolmazlygy mümkin;
başga wezipeleriň
ýörite şertnama baglaşylmagy talap edilip bilner. Ulgam
hyzmatlaryň ulanylmagy maglumatlaryň geçirilmägi bilen
baglydyr. Ýerli ulgam we başga ulgamlarda rouming
hyzmatynyň tölegleri hakynda doly maglumat almak üçin
hyzmat üpjünçisi bilen habarlaşyň. Tölegler hakynda
maglumat üçin hyzmat üpjünçisi bilen habarlaşyň.
Hyzmat üpjün ediji bu enjamda aýratyn hyzmatlaryň
ýatyrylmagyny ýa-da işledilmezligini talap edip biler. Şunuň
ulanylmagy üçin hyzmat üpjünçisi bilen
ýaly ýagdaýda, bu aýratyn hyzmatlar enjamyň menýusynda
görkezilmez. Enjamda şeýle menýu atlary, menýu tertibi we
nyşanlar ýaly sargama boýunça düzülen tertipler bolup biler.
Goldaw
Harydyňyz ýa-da ony ulanmak barada goşmaça maglumat
almak üçin ýa-da enjamyňyzyň işleýşine doly düşünmeseňiz
www.nokia.com/support salgysyndaky goldaw sahypalaryna
ýa-da öz ýerli Nokia websaýtyňyza, www.nokia.mobi/
support (ykjam enjam bilen), enjamdaky Kömek goýmasyna
ýa-da ulanyjy gollanmasyna serediň.
Eger bu meseläni çözmese, şulary ýerine ýetiriň:
•Enjamy öçürip täzeden işlediň: enjamy öçüriň we
batareýany aýyryň. Bir minuda golaý wagtdan soň
batareýany ýerleşdirip enjamy işlediň.
•Öndürilen wagtyndaky asyl sazlamalary ulanyş
gollanmasyna görä dikeldiň.
Mesele aradan aýrylmasa, bejeri
bilen habarlaşyň. Şu salgylarda:www.nokia.com/repair.
Enjamyňyza bejergä ibermezden öň, elmydama
maglumatlaryňyzy ätiýaçlaň.
Garnituralar
Duýduryş:
Enjamyň bu ýörite nusgasy bilen ulanmak üçin diňe Nokia
tarapyndan makullanan batareýalary, güýçlendirmek
enjamlaryny we garnituralaryny ulanyň. Başga görnüşli
enjamlaryny ulanmaklyk kepil geçmeleriň kanuny güýjüni
ýitirip biler we howply bolup biler. Makullanmadyk
batareýalaryny we güýçlendirmek enjamlaryny ulanmaklyk
ýanmagyň, suwukly syzmasy we başga hadysalaryň howpuny
dörädýär.
Makullanan garnituralaryň elýeterliligini anyklamak üçin
söwda üpjünçisi bilen habarlaşyň. Garnituralaryň kabelini
elektrik togyndan aýyrýan wagtyňyzda, olaryň çarşagyndan
tutup aýyryň.
Batareýa
Batareýa we güýçlendirmek enjamy hakynda maglumat
Bu enjam batareýa arkaly güýçlendirilmek üçin niýetlenen.
Bu enjam bilen ulanmak üçin BL-4C batareýasy niýetlenen.
Nokia korporasiýasy şu enjam üçin elýeterli goşmaça
batareýa görnüşlerini çykaryp biler. Bu enjam bilen ulanmak
üçin şu aşakdaky güýçlendirmek enjamlary niýetlenen: AC-3.
Güýçlendirmek enjamynyň görnüşiniň takyk belgisi
çarşagynyň görnüşine görä dürli bolup bi ler. Çarşagyň
görnüşi şu aşakdaky görnüşler arkaly anyklanýar: E, EB, X, AR,
U, A, C, K ýa-da UB.
Batareýa köp gezek güýçlendirilip we güýji aýrylyp biliner,
emma ol kem-kemden ýaramlylygyny ýitirer. Eger-de
gepleşik we garaşma tertipde işlemek wagty adaty
ş mümkinçilikleri üçin Nokia
Page 11
Batareýa11
ýagdaýdan az bolsa, batareýany çalyşyryň. Diňe Nokia
tarapyndan makullanan we şu enjam üçin niýetlenen
batareýalary hem-de güýçlendirmek enjamlaryny ulanyň.
Eger-de çalşyrylýan batareýa birinji gezek ulanylýan bolsa ýada batareýa uzak wagtyň dowamynda ulanylmadyk bolsa,
onda batareýany güýçlendirmek üçin güýçlendirmek
enjamyny birikdirmeli, ondan soň ony birikdirmeden
aýyrmaly, we täzeden birikdirmeli bolar. Eger-de batareýa
güýjüni doly ýitiren bolsa, onda onda güýç görkezijisiniň
ekranda görkezilmägi üçin ýa-da çagyryş iberilmägi üçin
birnäçe minut wagt gerek bolmagy mümkin.
Howpsuz aýyrmak. Mydama batareýany aýyrmazdan öň
enjamy öçüriň hem-de güýçlendirmek enjamyny aýyryň.
Dogry güýçlendirmek. Güýçlendirmek enjamy ulanylmaýan
wagty ony elektrik togyndan we enjamdan aýyryň. Doly
güýçlendirilen batareýany güýçlendirmek enjamyna
birikdirip goýmaň, sebäbi gereginden köp güýçlendirmeklik
batareýanyň möhletini azaldýar. Eger-de doly güýçlendirilen
batareýa ulanylmasa, wagtyň geçmegi bilen ol öz güýjüni
ýitirer.
Adatdan daşary derejelerde ulanmazlyk. Elmydama
batareýany 15°C we 25°C (59°F we 77°F) gyzgynlyk
derejesinde saklamaly. Adatdan daşary howa derejeleri
batareýanyň tutumyny we möhletini azaldýar Gyzgyn ýa-da
sowuk batareýaly enjam kadaly işlemezligi mümkin.
Doňdurma nokadyndan aşak temperaturalarda batareýanyň
işleýişi örän çäklidir.
Gysga utgaşdyrmaň. Tötänleýin gysga utgaşma demir zatlar,
mysal üçin teňňe, gaýçy ýa-da ruçka ýaly zatrary batareýanyň
goşmak (+) we aýyrmak (-) taraplaryna gös-göni
birikdirilende bolup biler. (Olar batareýanyň met al
zolaklaryna meňzeşdirler) Şeýle ýagdaý, mysal üçin, Siz ätiýaç
batareýany bukjaň
bolup biler. Gysga utgaşma batareýany ýa-da birikdirmek
serişdesini zaýalap biler.
Zibile taşlamak. Batareýalary oda taşlamaň, sebäbi olar
partlap bilerler. Batareýalar ýerli kanunlara laýyklykda
gaýtadan ulanylýar. Ony mümkin bolsa gaýtadan ulanmaga
beriň. Ony hojalyk taşlandy hökmünde taşlamaň.
Suwuklyk syzmasy. Öýjükleri we batareýalary sökmäň,
kesmäň, çakyşdyrmaň, egreltmäň, bozmaň, deşmäň ýa-da
böleklemäň. Batareýanyň suwuklylygy syzylan wagtynda
onuň deri we göze degmesiniň ö ňüni almak. Eger şeýle
ýagdaý bolsa, onda degirl en ýeri derrew suw bilen ýuwuň ýada lukmançylyk kömegi üçin ýuz tutuň.
Zaýalanma. Batareýanyň görnüşini üýtgetmäň, gaýtadan
işläp düzetmäň, batareýanyň içine başga zatlary salmaň we
suwa ýa-da başga suwuklyklara salmaň. Batareýalar
zaýalanan wagtynda partlamagy mümkin.
yzda ýa-da gapjygyňyzda götereniňizde
Takyk ulanmaklyk. Batareýany diňe oňa niýetlenen maksat
üçin ulanyň. Ýaramsyz batareýany ulanmaklyk ýangynyň,
ň ýa-da başga hadysanyň sebäbi bolmagy
partlamagy
mümkin. Eger enjam ýa-da batareýa gaty üstlere gaçyrylan
bolsa we batareýanyň zaýalanandygyna ynamyňyz ýetýän
bolsa, onda ony ulanmazdan öň hyzmat merkezine
barlatmak üçin eltiň. Hiç haçan zaýalanan batareýany ýa-da
güýçlendirmek enjamyny ulanmaň. Batareýany kiçi çagalar
üçin elýetmez ýerde saklaň.
Nokia batareýasynyň hakyklygyny barlamak boýunça
görkezmeler
Öz howpsuzlygyňyz üçin elmydama hakyky Nokia
batareýalaryny ulanyň. Hakyky Nokia batareýasyny almak
üçin, ony diňe resmi Nokia hyzmat merkezinden ýa-da üpjün
edijiden satyn alyň we gologramma nyşanyny aşakdaky
usullary ulanyp barlap görüň:
Gologrammany barlamak
1Gologramma belligine sereden wagtyňyzda, bir
burçdan Nokia birleşdirilen eller nyşanyny we beýleki
burçdan seredeniňizde, Nokia Original Enhancements
nyşany görünýär.
2Gologramma çepe, saga, aşak we ýokara egilende
nyşanyň her tarapynda 1, 2, 3 ýa-da 4 köp nokatlar
görünýär.
Görkezilen usullardan peýdalanmak, batareýanyň
hakykylygyny umumy kepillendirmeýär. Eger Nokia
batareýasynyň hakykylygyna ynanjyňyz ýetmese ony
ulanmaň we goldaw maglumaty üçin batareýany ýakyn ýerde
ýerleşýän resmi Nokia hyzmat mekezine ýa-da söwda
üpjünçisine eltiň.
Page 12
12 Enjamy goldamak
Hakyky Nokia batareýalary hakynda goşmaça maglumat
almak üçin www.nokia.com/battery salgysyny görüň.
Enjamy goldamak
Bu enjam üçin tehnikanyň iň soňky üstünlikleri ulanylyp
öndürilen we ony seresaplylyk bilen ulanmaly. Aşakdaky
teklipler kepilnama berilmekligiň ähli şertlerini ýerine
ýetirer.
•Enjamy gury görnüşde saklaň. Suwly,yzgarly ýa-da öz
içinde minerallary saklap biljek ähli suwly serişdeler,
elektron düzümlere täsir edip biler. Eger enjama suw
degen bolsa, onda batareýany aýyryň we enjamy
guradyň.
•Enjamy tozaňly we hapa ýerlerde ulanmaň we
saklamaň. Onuň aýyrylýan bölekleri we elektron
bölekleri zaýalanyp biliner.
•Enjamy ýokary gyzgynlyk ýa-da sowuklyk derejesinde
saklamaň . Gyzgynlyk derejesi elektron enjamlaryň
işleýiş möhletini azaldýar, batareýalary zaýalap biler
hem-de käbir plastik serişdeleri eredip biler. Enjam
sowuklyk derejesinden adaty gyzgyn dereje ýagdaýa
gaýdyp gelende, enjamyň içinde çyglylyk emele
gelmegi mümkin we elektron düzümleri zaýalanyp
bilner.
•Gollanmada görkezilen usullardan başga usullar bilen
enjamy açmaga synanyşmaň.
•Enjamy gaçyrmaň, çakyşdyrmaň we silkelemäň.
Seresapsyz ulanmaklyk içerki düzüm böleklerini we
mehanikany döwüp biler.
•Himiki serişdeleri, erediş arassalaýjylary ýa-da güýçli
ýuwujy serişdeleri enjamy arassalamak üçin ulanmaň
Enjamyň daşky panelini arassalamak üçin diňe ýumşak,
arassa we gury mata ulanyň.
•Enjama boýag çalmaň. Boýag aýyrylýan bölekleriň we
amallaryň kadaly işlemegine täsir edip biler.
•Telefon bilen üpjün edilen ýa-da makullanan
antennany ulanyň. Makullanmadyk antennalar,
üýtgetmeler ýa-da goşundylar enjamy zaýalap biler we
radio enjamlaryny dolandyrýan düzgünleriň
bozulmaklygyna getirip biler.
•Güýçlendirmek enjamlaryny jaýyň içinde ulanyň.
•Aragatnaşyklar we senenama bellikle ri ýaly
maglumatlaryň ätiýaç nusgalaryny dörediň .
•Enjamyň işleýişini gowulandyrmak üçin, enjamy öçüriň
we batareýany aýyrýň.
Bu teklipler enjama, batareýa, güýçlendirmek enjamyna we
ähli garnituralara degişlidir.
Gaýtadan ulanma
Ulanylan elektron önümleri, batareýalary we gaplama
serişdelerini mydama ýöriteleşdirilen ýygnama nokatyna
gaýtaryň. Bu gözegçilige alynmaýan zibil taşlamanyň öňüni
almana we serişdeleriň gaýtadan ulanylmagyna kömek
edýär. Önümiň daşky-töwerekde ulanylyşy we Nokia
önümleriniň gaýtadan işläp öndürmäge bermek hakynda
maglumaty www.nokia.com/werecycle, ýa-da
www.nokia.mobi/werecycle saýtynda görüň
Önümde, gollanmada ýa-da gaplamada görkezilen çyzylan
tigirli bedre nyşany ähli elektrik we elektronik önümleriň,
batareýalaryň we akkumulýatorlaryň ulanylyş möhleti
tamamlanandan soňra aýratyn topara ýygnanylmagynyň
hökmandygyny aňladýar. Bu talaplar Ýewropa Birleşigine
degişlidir. Bu önümleri aýratynlanmadyk zibil hökmünde
taşlamaň. Goşmaça maglumat üçin önümiň ekologiýa
beýannamasynyň www.nokia.com/environment sahypasyny
görüň.
Goşmaça howpsuzlyk maglumaty
Bu enjamyň daşky panelinde nikel ulanmaýar.
Kiçi çagalar
Bu enjam we onuň garnituralary oýnawaç däldir. Olarda kiçi
bölekler bolup biler. Olary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
Ulanmaklyk şertleri
Bu enjam gulagyň garşysynda adaty ýagdaýda we beden
bilen 2,2 santimetr (7/8 dýuým)aralykda ulanylnda
Radioýaýlym şöhlelendirme talaplaryna laýyk gelýär.
Göwrede götermek üçin ulanylýan daşlyk, kemeriň ildirgiji
ýa-da saklaýjy gapjyk içinde demir bölekleri bolmaly däldir
we enjam görkezilen ýaly bedenden kadaly aralykda
.
ýerleşdirilmeli.
Maglumat faýllaryny ýa-da habarlary ibermek üçin ýokary hilli
ulgam birikdirmesi talap edilýar. Şeýle birikdirme elýeterli
bolýança maglumat faýllaryň ýa-da habalaryň iberilmegi
saklanyp bilner. Geçirilme amaly tamamlanýança aralyk
saklamak görkezmelerini berjaý ediň.
Bu enjamyň bölekleriniň magnit häsiýetleri bardyr. Enjama
demir zatlar çekilip bi liner. Enjamyň ýanynda karz kartalaryny
ýa-da beýleki magnit-saklaýjy enjamlaryny goýmaň
olarda saklanýan maglumatlar öçürilip biliner.
Lukmançylyk abzallary
Ähli radioýaýlym geçirýän enjamlaryň işleýşi, şol sanda
kabelsiz telefonlar ýeterlik derejede goralmadyk lukmançylyk
abzallaryň işleýişine päsgel berip biler. Lukmançylyk
enjamlaryň daşky radioýaýlym şöhlendirmesinden kadaly
goralandykyny anyklamak üçin lukman ýa-da enjam
öndürijisi bilen maslahatlaşyň. Düzgünler bilen görkezilen
ýerlerde enjamyňyzy öçüriň. Hassahanalarda ýa-da saglygy
goraýyş öýlerinde daşky radioýaýlym şöhlendirmesine
duýgur enjamlar ulanylmagy mümkin.
.
, sebäbi
Page 13
Goşmaça howpsuzlyk maglumaty13
Içe goýlan lukmançylyk abzallary
Lukmançylyk enjamlaryň öndürijileri kabelsiz e njam we içe
goýlan lukmançylyk enjamy arasynda, mysal üçin
kardiostimulýator ýa-da içe goýlan defibrilýator arasynda
bolup biljek päsgelçilikden gaça durmak üçin iň azyndan 15.3
santimetr (6 dýum) aralyk saklamagy maslahat berýärler. Şu
abzallary ulanýan adamlar aşakdaky düzgünleri berjaý
etmeli:
•Mydama kabelsiz enjamy lukmançylyk enjamyndan
15.3 santimeterden (6dýum) köp aralykda saklaň.
•Öýjükli enjamy gursak jübüsinde götermäň.
•Kabelsiz enjamy lukmançylyk enjamyna garşylyk
tarapda bolan gulagyňyzda saklaň.
•Eger päsgelçiligi duýan bolsaňyz, onda kabelsiz enjamy
derrew öçüriň.
•Içe goýlan lukmançylyk enjamy ulanylýan wagtynda
öndüriji görkezmelerin i berjaý ediň.
Eger Sizde simsiz enjam bilen içe goýlan lukmançylyk
abzalyny ulanmaklyk hakda soragyňyz bolsa, sagly gy
saklamak edaralaryna ýüz tutuň.
Eşidiş abzaly
Simsiz enjamlaryň köpüsi käbir eşidiş enjamlara päsgel berip
bilerler.
Ulaglar
Radiýaýlym duýduryşlary awtoulaglara nädogry
ornaşdyrylan ýa-da daşky täsirlerden kadaly goralmadyk
elektron ulgamlara, şeýle ýangyç sepilmäniň elektron
ulgamlaryna, togtatmanyň gabamagyna garşy elektron
ulgamlaryna, tizligi gözegçilik etmägiň elektron ulgamlaryna
we howa howpsuzlyk ýassygynyň ulgamlaryna täsir edip
biler. Goşmaça maglumat üçin awtoulag ýa-da onuň
enjamynyň öndürijisi bilen habarlaşyň
Diňe ýokary tejribeli işkärler enjama hyzmat edip ýa-da ony
awtoulagda ornaşdyryp bilerler. Ýalňyş ornaşdyrma ýa-da
nädogry hyzmat howply bolup biler we kepilnamanyň güýjini
ýatyryp biler. Öz awto ulagyňyza ähli simsiz enjamlaryň
kadaly birikdirilendigini we işleýändigini öz wagtynda barlap
duruň. Ýanyjy suwuklyklary, gazlary ýa-da partlaýjy
maddalary enjam bilen we onuň bölekleri ýa-da oňa
birikdirilýän goşundylary bilen bir ýerde saklamaň. Ýatda
saklaň, howpsuzlyk howa ýassygy uly güýç bilen çişirilýär.
Enjamyňyzy ýa-da garnituralary howpsuzlyk howa
ýassygynyň açylýan ýerinde goýmaň.
Uçara münmezden öň enjamy öçüriň. Kabelsiz enjamlaryň
uçarda ulanylmagy, uçaryň amallary üçin howply we kanuna
garşy bolup biler.
Partlama howplulygy bolup biljek ýagdaýlar
Partlama bolup biljek daş-töwerekde enjamy öçüriň. Bil diriş
görkezmelerini berjaý ediň. Şeýle ýerlerde uçgun
partlamanyň ýa-da ot almagyň sebäbi bolup biler, olaryň
netijesinde beden şikesleri, hat-da ölüm ýagdaýlary hem
.
bolup biler. Ýangyç guýulýan merkezlerde, şeýle hyzmat
merkezleriň gaz kranlary ýanynda enjamy öçüriň. Ýangyç
saklanýan ýerlerde we ýangyç guýulýan ýerlerde; himiki
serişdeler saklanýan kärhanalaryň ýanynda; ýa-da partlama
işleri geçirlýän ýerlerde radio enjamlaryny ulanmak boýunça
çäklendirmelere serediň. Partlama bolup biljek daş-
töwerekler köp halatlarda (ýone hemişe däl) anyk bellenýär.
Şu ýerlere awtoulagy öçürmek maslahat berilýän ýerler,
gämileriň aşaky otaglary, himiki serişdeler geçirilýän ýa-da
saklanýan ýerler we howada himiki serişdeleri bar bolan ,
himiki çäge dänesi ýa-da demir tozanlary ýaly kiçijik bölekler
bar ýerler degişlidir. Awtoulag öndürijileri nden şu enjamy
suwuklandyrylan gazlaryny (propan we butan) ulanýan
awtoluglaryň ýanynda howpsuz ulanyp boljakdygyny
anyklaň.
Gyssagly kömek çagyryş
Üns beriň: Bu enjam radioduýduryşlaryny, simsiz ulgamlary,
ýerde ýerleşýän ulgamlary we ulanyjy tarapyndan bellenilýän
wezipeleri ulanyp işleýär. Eger enjam internet üsti bilen ses
çagyryşyny goldaýan bolsa (internet çagyryşy) onda öýjükli
telefony we internet çagyryşyny işjeňleşdiriň. Eger öýjükli
ulgam we internet çagyryşy işjeňleşdirilen bolsa, enjam
gyssagly kömek çagyryşyny öýjükli ulgamlar üsti bilen we
internet çagyryşy arkaly ibermäge synanyşar. Aragatnaşyk
birikdirmelerini ähli ýagdaýlarda kepillendirip bolmaz.
Gyssagly lukmançylyk kömegi gerek bolan ýagdaýlarda esasy
aragatnaşyk üçin Siz diňe simsiz enjamlara daýanmaly däldir.
Gyssagly kömek jaňyny etmek üçin:
1Eger-de enjam işledilmedik bolsa, onda ony işlediň.
Radioduýduryşyň
Enjamyň görnüşine baglylykda şu aşakdaky
görkezmeleri ýerin i ýetirmeli bolarsyňyz:
•Enjama SIM kartany oturtyň.
•Enjamda işjeňleşdirilen çagyryş
•Awtonom ýa-da Uçuş tertibini işjeň tertibe
2Tamamlamak düwmesini ekrany arassalamak we
çagyryş üçin näçe gezek gerek bolsa, şonça basyň.
3Siziň ýerleşýän ýeriňizde bellenen gyssagly kömek
resmi belgisini giriziň. Gyssagly kömek belgileri sebitler
boýunça dürli bolup biler.
4Jaň etmek düwmesini basyň.
Gyssagly kömek çagyryşy iberilende zerur maglumaty
mümkin boldugyça takyk beriň. Siziň simsiz enjamyňyz waka
bolan ýerde aragatnaşygyň ýeke serişdesi bolmagy mümkin.
Rugsat berilýänçä çagyryşy tamamlamaň.
Şahadatnama hakynda maglumat (SAR)
Bu öýjükli enjam radioýaýlym çäklerinde şöhlelendirme
derejesiniň talaplaryna laýyk gelýär.
ýeterlilik güýji barlygyny barlaň.
çäklendirmelerini aýyryň.
üýtgediň.
Page 14
14 Goşmaça howpsuzlyk maglumaty
Bu öýjükli enjam radioduýduryşlaryny geçirip we kabul edip
biler. Bu enjam halkara direktiwasy tarapyndan kesgitlenen
radioýaýlym çäklerinde şöhlelendirme derejeleriniň talaplary
nazara alynyp düzülendir. Bu direktiwalar garaşsyz ylmy
gurama (ICNIRP) tarapyndan işlenilip düzülendir hem-de
adamyň ýaşyna we saglygyna garamazdan mümkin bolan
şöhlelendirme çägini öz içine alýar.
Öýjükli enjamlar işledilende şöhlendirme derejesini
anyklamak üçin çekilme görkeziji derejesiniň (SAR) ölçeg
birlikleri ulanylýar. ICNIRP direktiwasynda kesgitlenen
çekilme görkeziji derejesiniň çäklenen ähmiýeti dokumanyň
10 gramy boýunça takmynan çykarylanda 2.0 watt/kilograma
(W/kg) deňdir. Çekilme görkeziji dereje si enjam adaty
tertipde işleýän we enjamyň tehniki häsiýetnamalarynda
görkezilen geçiriş enjamy ulanylýan ýaýlymlaryň hemme
meýdanlarynda bar güýji bilen işleýän wagtynda ölçenilýär.
Işleýän enjamyň hakyky çekilme görkeziji derejesiniň
ähmiýeti iň ýokary dereje ähmiýetinden pes bolup biler,
sebäbi enjam ulgam ara gatnaşygyny üpjün etmek üçin talap
edilýän iň az güýji ulanýar. Bu ähmiýet köp sebäblere görä
kesgitlenýär, mysal üçin esasy ulgam stansiýasynyň ýerleşýän
aralygyna bagly bolmagy mümkin.
Şu enjam gulagyň ýanynda ulanylanda ICNIRP direktiwasyna
laýyklykda çekilme görk eziji derejesiniň iň ýokary ähmiýeti
1.38 W/kg.
Enjam bilen garnituralar ulanylanda, SAR görkezijisiniň
ähmiýeti üýtgäp biler. SAR ähmiýetleri döwlet ülňilerine,
barlag talaplaryna we ýaýlym çäklerine görä tapawutlanyp
biler. Goşmaça SAR maglumaty www.nokia.com salgysynyň
önüm hakynda maglumat bölüminde tapylyp bilner.
Page 15
15
LAYÝKLYK BEÝANNAMASY
NOKIA CORPORATION korporasiýasy şu RH-122 önümi 1999/5/
EC Direktiwasynyň düýp talaplaryna we beýleki degişli
düzgünlerine laýyk gelýändigini yglan edýär. Layýklyk
beýannamasynyň nusgasy http://www.nokia.com/phones/
declaration_of_conformity/ salgysyndan tapylyp bilner.
Nokia, Nokia Connecting People we Navi nyşany Nokia
Corporation korporasiýasynyň söwda bellikleri ýa-da hasaba
alnan söwda belli kleridir. Nokia tune sazy Nokia Cor poration
korporasiýasynyň ses belligidir. Bu ýerde agzalan beýleki
önümleriň ýa-da kompaniýalaryň atlary olaryň degişli
eýeleriniň söwda belligi ýa-da söwda atlary bolup biler.
Nokia korporasiýasynyň öňünden berlen ýazmaça razyçylygy
bolmasa, bu resminamanyň bölegini ýa-da ähli mazmunyny
islendik görnüşde köpeltmek, bermek, paýlamak ýa-da
saklamak gadagandyr. Nokia korporasiýasy hemişelik ösüş
syýasaty boýunça işleýär. Nokia bu resminamada
häsiýetlendirilen önümleriň islendigine öňünden
duýdurmazdan üýtgetmeleri we gowulandyrmalary girizmek
hukugyny saklaýar.
NOKIA KORPORASIÝASY ÝA-DA ONUŇ YGTYÝARNAMASY
ESASYNDA IŞLEÝÄNLERIŇ ÄHLISI HEREKET EDÝÄN WE IŇ KÖP
DEREJEDE RUGSAT BERÝÄN KANUNA LAÝYKLYKDA ÄHLI
ÝAGDAÝLARDA BOLAN MAGLUMATLARYŇ ÝA-DA GIRDEJINIŇ ÄHLI
ÝITGISI ÜÇIN ÝA-DA ÝÖRITE, TÖTÄNLEÝIN, NETIJELIK HEM-DE
GYTAKLAÝYN SEBÄPLER BILEN BOLAN NÄSAZLYKLAR ÜÇIN HIÇ
HILI JOGAPKÄRÇILIGI ÖZ ÜSTINE ALMAÝAR.
BU RESMINAMANYŇ MAZMUNY "BOLŞY ÝALY" ŞERTDE
GÖRKEZILEN. HEREKET EDÝÄN KANUNYŇ TALAPLARYNDAN
BAŞGA HIÇ HILI MESE-MÄLIM, GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAN
KEPILNAMALAR ÝA-DA, EMMA DIŇE BULAR BILEN ÇÄKLENMEÝÄN,
MESE-MÄLIM BOLMADYK ÝÖRITE MAKSADA GABAT GELÝÄN WE
TÄJIRÇILIK ÄHMIÝETLI BOLAN KEPILNAMALAR BU
RESMINAMANYŇ
MAZMUNYNA DEGIŞLI DÄLDIR. NOKIA KORPORASIÝASY BU
RESMINAMANYŇ ÖŇÜNDEN DUÝDURMAZDAN ISLENDIK WAGTA
GAÝTADAN SERETMEK ÝA-DA YZYNA ALMAK HUKUGYNY
SAKLAÝAR.
Aýratyn önümleriň we goýmalaryň elýeterligi hem-de olara
berilýän hyzmatlar sebitler boýunça tapawutlanyp biliner.
Goşmaça maglumat we görnüşiniň başga diller üçin
elýeterligi hakynda maglumat üçin Nokia söwda üpjünçisi
bilen habarlaşyň. Bu enjam ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň
daşary ýurda ýerlemek kanunlarynyň hem-de
düzgünnamalarynyň astyna düşýän sarp ediliş harytlaryny,
tilsimatlaryny ýa-da maksatnama üpjünçiliklerini özünde
saklap biler. Kanunyň garşysyna bolan islendik ulanyş
gadagandyr.
TAKYKLYGYNA, YNAMDARLYGYNA WE
9213573/2. Neşir TK
Loading...
+ hidden pages
You need points to download manuals.
1 point = 1 manual.
You can buy points or you can get point for every manual you upload.