Nokia 1661, 1662 user Manual [tr]

Nokia 1661/1662 Gollanma
9213573
2. Neşir
2Mazmuny

Mazmuny

Howpsuzlyk 3
Işletmek üçin taýýarlamak 4
SIM kartany we batareýany oturtmak 4 SIM kartany aýyrmak 4 Batareýa güýçlendirmek 4 Işletmek we öçürmek 5
Siziň telefonyňyz 5
Düwmeler we bölekler 5 Esasy wezipeler 6 Çagyryş ibermek we çagyryşa jogap bermek 6 Tekst ýazmak 7 Habar 8 Aragatnaşyklar 8 Kiçi-telefon kitaby 8 Radio 9 Çyrany öçürmek we ýakmak 9
Umumy maglumat 10
Garnituralar 10
Batareýa 10
Batareýa we güýçlendirmek enjamy hakynda maglumat 10 Nokia batareýasynyň hakyklygyny barlamak boýunça görkezmeler 11
Gyssagly kömek çagyryş 13 Şahadatnama hakynda maglumat (SAR) 13
Enjamy goldamak 12
Gaýtadan ulanma 12
Goşmaça howpsuzlyk maglumaty 12
Kiçi çagalar 12 Ulanmaklyk şertleri 12 Lukmançylyk abzallary 12 Ulaglar 13 Partlama howplulygy bolup biljek ýagdaýlar 13
Howpsuzlyk 3

Howpsuzlyk

Şu ýönekeý görkezmeleri okaň. Olara eýermezlik eýermezlik howply ýa-da kanuna garşy bolup biler. Goşmaça maglumatlar üçin gollanmany doly okaň.

HOWPSUZ IŞLETMEK

Simsiz telefony ulanmak gadagan edilen ýerlerde ýa-da onuň ulanylmagy päsgelçiligiň ýa-da howpuň sebäbi bolup bilýän ýagdaýlarda, enjamy işletmäň.

ÝOL HOWPSUZLYGY ILKINJIDIR

Ähli ýerli kanunlary berjaý ediň. Maşyn süreniňizde dolandyrmak üçin öz elleriňizi elmydama boş saklaň. Sürüp barýarkaňyz Siz ilki bilen ýol howpsuzlygyna üns bermelisiňiz.

PÄSGELÇILIKLER

Ähli simsiz enjamlara päsgelçilikler täsir edip biler we şol sebäpli aragatnaşygyň hiliniň peselmägi mümkin.

ÇÄKLENDIRILEN ÝERLERDE TELEFONY ÖÇÜRIŇ

Hemme çäklendirmeleri saklaň. Uçarda, lukmançylyk abzallaryň, ýangyç, himiki maddalaryň ýakynynda ýa-da partlatma işleri geçirilýän ýerlerde enjamy öçüriň.

ÝOKARY HILLI HYZMAT

Bu önüm boýunça sazlamak we düzmek işlerini diňe tejribeli işgärler geçirip bilerler.

GARNITURALAR WE BATAREÝALAR

Diňe makullanan garnituralary we batareýalary ulanyň. Özara utgaşdyrylmaýan enjamlary birikdirmäň.

SUW SYZDYRMAZLYK

Bu enjam suwa durnukly däldir. Enjamy gury görnüşde saklaň.
4Işletmek üçin taýýarlamak

Işletmek üçin taýýarlamak

SIM kartany we batareýany oturtmak

Bu telefon BL-4C batareýasy bilen ulanmak üçin niýetlenen.
Howpsuz aýyrmak. Mydama batareýany aýyrmazdan öň enjamy öçüriň hem-de güýçlendirmek enjamyny aýyryň.
1Yzky paneli aşaga süýşüriň (1) we ony aýyryň. 2 Batareýany galdyryň we ony aýyryň (2). 3 SIM kartany oturdyň (3). SIM kartanyň altyn-reňkli baglanyşyk tarapy aşaga
seredilendigine göz ýetiriň we soňra SIM kartanyň kesilen burçuny süýşürip oturdyň.
4 Batareýany oturdyň we yzky paneli ýapyň (4, 5).

SIM kartany aýyrmak

Dartýan ýaýjygy basyň (1) we SIM kartany süýşürip aýyryň (2).

Batareýa güýçlendirmek

Siziñ batareýañyz fabrikada ýarym çeñli güýçledirilendir. Eger enjam pes güýjini görkezýär aşakdaky ediñ:
1 Zarýad berijini rozetkasyna birleşdiriñ. 2 Zarýad berijini enjama birleşdiriň.
Siziň telefonyňyz 5
3 Enjamyñ doly zarýady görkezýände zarýad berijini enjamdan aýyryñ, ondan soñra
rozetkadan aýyryñ.
Maslahat: Energiýany saklamak üçin, batareýanyñ doly bolanda zarýad berijini öçüriñ.
Siziñ batareýany ýörite wagt uzynlygynyñ dowamynda güýçlendirmegiñiz gerek däl we de enjamy onuñ zarýadda bolanda ulanyp bilersiñiz. Eger-de, batareýa güýji doly ýitiren bolsa, onda, zarýad görkezijisiniň ekranda görkezilmegi ýa-da islendik jaňy ýerine ýetirmek üçin birnäçe minudyň gerek bolmagy mümkin.

Işletmek we öçürmek

Tamamlamak düwmesini basyp saklaň.
Telefony diňe kadaly işleýän ýagdaýynda ulanyň.
Bu enjamyň iç e rk i w e d a şarky antennalary bolup biler. Kabul edýän we geçirýän antenna zerur bolmadyk ýagdaýlarda galtaşmaň. Antenna galtaşmak, aragatnaşygyň hiline täsir edýär, enjamy zerur bolmadyk has ýokary tok derejesinde işleýişiniň sebäbi bolar we batareýanyň möhletini azaldyp biler.

Siziň telefonyňyz

Düwmeler we bölekler

1 2 Bag bilen berkitme ýeri 3 Dinamaik 4 Ekran 5 Saýlama düwmeleri 6 Navi™ düwmesi; aýlamak
7 Çagyryş düwmesi 8 Tamamlamak/Işletmek düwmesi 9 Düwmeler
Telefon çyrasy
düwmesini aňladýar
Loading...
+ 10 hidden pages