LAÝYKLYK BEÝANNAMASY
Biz, NOKIA KORPORASIYASY, diňe öz jogapkärçiligimiz hökmünde
RH-64 önüminiň aşakdaky Ýewropa Geňeşi Direktiwasynyň şertlerine
laýykdygyny beýan edyäris: 1999/5/EC.
Çyzylan tigirli bedre Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde önümiň ulanylyş
möhleti tamamlanandan soňra aýratyn topara ýygnanylmagynyň
hökmandygyny aňladýar. Bu Siziň enjamyňyza, şeýle hem şu belgi
bilen bellenen goşmaça goldaýjy gurluşlara degişlidir. Bu önümleri
aýratynlanmadyk ýerli (munisipal) taşlandy hökmünde ýerleşdirmäň.
Bu resminamanyň bölegini ýa-da ähli mazmunyny islendik görnüşde
köpeldilmegi, berilmegi, paýlanylmagy ýa-da saklanylmagy Nokianyň
öňünden berlen ýazmaça razyçylygy bolmasa gadagandyr.
Nokia, Nokia Connecting People, Xpress-on Nokia Korporasiýasynyň
söwda bellikleri ýa-da hasaba alnan söwda bellikleridir. Bu ýerde
agzalýan beýleki önümleriň ýa-da kompaniýalaryň atlary olaryň degişli
eýeleriniň söwda belligi ýa-da söwda atlary bolup bilerler.
Nokianyň sazy Nokia Korporasiýasynyň ses belligidir.
Page 3
Nokia hemişelik ösüş syýasaty boýunça işleýär. Nokia bu resminamada
häsiýetlendirilen önümleriň islendigine üýtgetmeleri we gowulandyrmalary
öňünden duýdurmazdan girizmek hukugyny saklaýar.
Nokia, hiç bir ýagdayda, maglumatlaryň ýa-da girdejiniň nähili hem bolsa
bir ýitgisi üçin ýa-da ýörite, islendik, tötänleýin, gös-göni we gytaklaýyn
sebapler bilen bolan näsazlyklar üçin jogapkär däldir.
Bu resminamanyň mazmuny “bolşy ýaly” şertde görkezilen. Hereket
edýän kanundan başga ähli mese-mälim, göz öňünde tutulýan ýa-da,
emma diňe bular bilen çäklenilmeýän, mese-mälim bolmadyk ýörite
maksada gabat gelýän we täjirçilik ähmiyetli bolan kepil geçmeler,
resminamanyň takyklygyna, ynamdarlygyna we mazmunyna degişli
däldir. Nokia bu resminamany öňünden duýdurmazdan islendik wagtda
gaýtadan seretmek ýa-da ony yzyna almak hukugyny goraýar.
Belli önümleriň elýeterliligi sebitler boýunça tapawutlanyp biler. Ýerli Nokia
wekilligine ýüz tutuň.
Bu enjam ABŞ we beýleki ýurtlaryň daşary ýurda ýerlemek kanunlarynyň
hem-de düzgünleşdirmeleriniň astyna düşýän sarp ediliş harytlaryny,
tilsimatlaryny (tehnologiýalaryny) ýa-da maksatnama üpjünçiliklerini
özünde saklap biler. Kanunyň garşysyna bolan ähli ulanyş gadagandyr.
9255475 / Neşir 2 TK
Page 4
4
Mazmuny
Mazmuny
Howpsuzlygyňyz üçin ............................................................ 6
Umumy maglumat ...............................................................12
Işletmek üçin kodlar ..............................................................................12
Umumy ýat ...........................................................................................13
Goşmaça funksiýalar ...........................................................................36
SIM hyzmatlary ....................................................................................38
5. Batareýa barada maglumat ............................................. 39
Zarýad bermek we zarýady aýyrmak....................................................39
Nokia batareýasynyň hakykylygyny bilmek boýunça görkezmeler .......41
6. Goşmaça goldaýjy gurluşlar ............................................ 45
Aladalamak we goldamak.................................................... 46
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar ............................. 48
Page 6
6
Howpsuzlygyňyz üçin
Howpsuzlygyňyz üçin
Şu ýönekeý gollanmalary okaň. Olar boýunça eýermezlik
howply ýa-da kanuna garşy bolup biler. Goşmaça
maglumatlar üçin peýdalanyjynyň doly gollanmasyny okaň.
HOWPSUZ IŞLETMEK
Enjamy ulanmak gadagan ýa-da onuň ulanylmagy
päsgelçiligiň we howpuň sebäbi bolmagy mümkin
bolsa, ony işletmäň.
ÝOL HOWPSUZLYGY ILKINJIDIR
Ähli ýerli kanunlary berjaý ediň. Maşyn süreniňizde
dolandyrmak üçin öz elleriňizi elmydama boş
saklaň. Sürüp barýarkaňyz Siz ilki bilen ýol
howpsuzlygyna üns bermelisiňiz.
PÄSGELÇILIKLER
Ähli öýjükli enjamlara päsgelçilikler täsir edip biler
we şol sebäbli aragatnaşygyň hiliniň peselmegi
mümkin.
HASSAHANALARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Enjamy lukmançylyk
abzallary ýanynda öçüriň.
Page 7
7
Howpsuzlygyňyz üçin
ÜÇARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Öyjükli enjamlar uçarda
päsgelçilik döredip bilerler.
ÝANGYÇ GUÝULAN WAGTYNDA ÖÇÜRIŇ
Enjamy ýangyç guýulýan merkezde ulanmaň.
Ýangyjýn ýa-da himiki serişdeleriň ýanynda
ulanmaň.
PARTLAMA IŞLER ÝAKYNYNDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Partlama işleri
geçirilýän ýerlerde enjamy ulanmaň.
DOGRY ULANYŇ
Enjamy resminamalarda görkezilişi ýaly diňe kadaly
gornüşde ulanyň. Zerur Bolmasa, antenna ellemäň.
ÝOKARY HILLI HYZMAT
Bu önüm boyunça sazlamak we düzmek işlerini diňe
ökde hünärli işgärler geçirip bilerler.
GOŞMAÇA GOLDAÝJY GURLUŞLAR WE BATAREÝALAR
Diňe makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlary
we batareýalary ulanyň. Özara utgaşdyrylmaýan
gurluşlary birikdirmäň.
Page 8
8
Howpsuzlygyňyz üçin
SUWA DURNUKLYLYK
Siziň enjamyňyz suwa durnukly däldir. Ony gury
görnüşde saklaň.
ÄTIÝAÇLYK NUSGALARY
Enjamyň saklanylan ähli möhüm maglumatlaryň
ätiýaçlyk nusgalaryny saklamak ýa-da olaryň
ýazmaça görnüşlerini saklamagy ýatdan çykarmaň.
BAŞGA GURLUŞLARA BIRIKDIRMEK
Haçan-da başga gurluşlara birikdireniňizde, onyň
gollanmasynda görkezilen howpsuzlyk düzgünlerini
doly okaň. Özara utgaşdyrylmaýan gurluşlary
birikdirmäň.
GYSSAGLY KÖMEK ÇAGYRYŞ
Telefonyň ýakylandygyna we aragatnaşyk
hyzmatynyň elýeterligine göz ýetiriň. Displeýi
arassalamak we garaşmak tertibe gaýdyp gelmek
üçin gutarmak düwmesini näçe gezek gerek bolsa
şonça-da basyň. Gyssagly kömek hyzmatyň telefon
belgisini giriziň we çagyryş düwmesini basyň.
Soňra özüňiziň durýan ýeriňiz hakda habar beriň.
Tamamlamak barada rugsat berilýänçä gatnaşyk
jaňyny gutarmaň.
Page 9
9
Howpsuzlygyňyz üçin
Siziň enjamyňyz barada
■
Bu gollanmada häsiýetlendirilen öýjükli enjam, EGSM 900
ve GSM 1800 aragatnaşyk hyzmatlarynda ulanmak üçin
niýetlenilendir. Aragatnaşyk hyzmatlary barada goşmaça
maglumat üçin ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Bu enjamy ulananyňyzda ähli kanunlary we ýerli däp-dessurlary
berjaý ediň, başgalaryň özbaşdaklygyny we kanuny hukuklaryny,
şol sanda awtorlyk hukuklaryny hormatlaň.
Duýduryş: Şu enjamdaky jaňly sagatdan başga ähli
hyzmatlary ulanmak üçin, enjam ýakylan bolmaly.
Öýjükli enjamlary ulanmaklyk päsgelçilik ýa-da
howpuň sebäbi bolup bilýän bolsa enjamy ýakmaň.
Aragatnaşyk hyzmatlary
■
Telefony ulanmak üçin Sizde aragatnaşyk hyzmatlary tarapyndan
üpjünçi bolmaly. Enjamlaryň köpüsi ýörite ulgam serişdelerini talap
edýär. Bu ayratyn enjamlaryň hemme aragatnaşyk hyzmatlarda
elyeterli bolmazlygy mümkin; käbir aragatnaşyk hyzmatlary bu
hyzmatlary ulanmagyňyzdan ozal, yerli hyzmat üpjünçi bilen
yörite şertnama baglaşmagyňyzy Sizden talap edip bilerler. Ýerli
hyzmat üpjünçi Size gollanmalar we tölegler barada maglumat
Page 10
10
Howpsuzlygyňyz üçin
berip bilerler. Käbir aragatnaşyk hyzmatlarynda Siziň aragatnaşyk
hyzmatlaryny ulanmagyňyza täsir edip biljek çäklendirmeler
bardyr. Mysal üçin, käbir aragatnaşyk hyzmatlary dillere bagly
nyşanlaryň we hyzmatlaryň ählisini goldap bilmezler.
Ýerli hyzmat üpjünçi bu enjamdaky käbir aýratyn hyzmatlaryň
ýatyrylmagyny ýa-da işletilmezligini talap edip biler. Eger-de
şeýle ýagdaý bar bolsa, onda bu aýratyn hyzmatlar bu enjamyň
menýusynda görkezilmez. Enjamyňyz ýörite kongurasiýa
edilen bolup biler. Bu kongurasiýa menýu atlaryndaky, menýu
tertibindäki we nyşanlaryndaky üýtgeşmelerden ybarat bolup
biler. Doly maglumat üçin ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz
tutuň.
Zarýad gurluşlary we goldaýjy gurluşlar
■
Elmydama batareýany aýyrmazdan ozal enjamy öçüriň, hemde zarýad gurluşyny aýyryň.
Şu enjamy ulanmazdan ozal, ähli zarýad gurluşlarynyň nusga
belgisini barlaň. Bu enjam, AC-2, ACP-7 ýa-da ACP-12 zarýad
gurluşlary bilen üpjün edilýän togy ulanmak üçin niýetlenilendir.
Page 11
11
Howpsuzlygyňyz üçin
Duýduryş: Bu aýratyn görnüşli enjam bilen ulanmak üçin
diňe Nokia tarapyndan makullanan batareýalary, zarýad
gurluşlary we goşmaça goldaýjy gurluşlary ulanyň.
Başga görnüşli gurluşlary ulanmaklyk kepil geçmeleriň
kanuny güýjüni ýitirip biler we howply bolup biler.
Makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlaryň elýeterligi barada
ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Page 12
12
Umumy maglumat
Umumy maglumat
Işletmek üçin kodlar
■
Telefon bilen üpjün edilýän howpsuzlyk kody, telefony
•
rugsatsyz ulanmakdan goramak üçin niýetlenendir.
Ornatylan kod 12345.
SIM kart bilen üpjün edilýän PIN kody (şahsy kesgitlemek
•
kody), SIM kardy rugsatsyz ulanmakdan goramak üçin
niýetlenendir.
Käbir SIM kartlar bilen üpjün edilýän PIN2 kody, belli
•
hyzmatlary ulanmak üçin gerekdir.
SIM kart bilen PUK we PUK2 kodlary hem üpjün edilip
•
biler. Eger-de PIN ýa-da PIN2 kody üç gezek nädogry
girizseňiz, sizden PUK ýa-da PUK2 kody talap ediler.
Eger-de bu kodlar sizde ýok bolsa, hyzmat üpjünçiňize
ýüz tutuň.
Telefonyňyzy ulanma kodlaryny we howpsuzlygy düzmek üçin
Menýu > Düzmek > Howpsuzlygy düzmek saýlaň.
Page 13
13
Umumy maglumat
Umumy ýat
■
Şu enjamyň umumy ýady şu aşakdaky hyzmatlar bilen ulanylýar:
Habarlar, Gatnaşyklar we Sintezator. Bu hyzmatlaryň biriniň
ýa-da köpüsini ulanylmagy ýadyň başga hyzmatlar üçin elýeterli
bolmagyny çäklendirip ýady azaldyp biler. Mysal üçin, tekst
habarlaryň hemmesini saklamak elýeterli ýadyň hemmesini
dolduryp biler. Onda umumy ýatda maglumat saklanylyşy üçin
synanyşanyňyzda enjamyň ýady doludygy barada habary
görkezýär. Bu ýagdaýda, dowam etmezden ozal, umumy ýatdan
gerek bolmadyk maglumatlary ýa-da ýazgylary aýyryň. Käbir
hyzmatlaryň, şol sanda Gatnaşyklaryň, başga hyzmatlar bilen
bilelikde ulanylýan ýatdan başga yörite şolar üçin niyetlenen
goşmaça yatlary bolup biler.
Page 14
14
Başlamak
1. Başlamak
Klawişalar we bölekler
■
Telefon ulanylmaga taýýar we hiç
bir nyşan basylmadyk bolsa, onda
telefonyň garaşmak tertibi işjeňdir.
Ulgam hyzmat signaly (1)
•
Batareýa zarýad derejesi (2)
•
Saýlamak klawişasy funksiýalary (3)
•
Saýlamak klawişalary (4)
•
Aýlamak klawişalary (5)
•
Jaň etmek klawişasy (6)
•
Gutarmak klawişasy we işletmek
•
klawişasy (7)
Klawiatura (8)
•
Page 15
15
Başlamak
SIM kart we batareýany dakyň.
■
Ähli SIM kartlary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
SIM kart hyzmatyny ulanmaklyk we elyeterlik barada maglumaty
SIM kart hyzmat merkezine yüz tutuň. Bu, hyzmat üpjünçisi,
aragatnaşyk operatory ýa-da başga bir satyjy bolup biler.
Arka gapagy açmak knopkasyna basyň (1), arka gapagy
1.
açyň we ony galdyryň (2,3). Batareýany barmak bilen
tutulýan ýerinden galdyryp çykaryň (4).
SIM kart saklaýjysyny barmak bilen tutulýan ýerinden tutup
2.
seresaplyk bilen galdyryň (5). SIM kardy dakyň, kesilen
burçyň ýokarky sag tarapa we gyzyl çaýylan tarapyň aşak
seredýändigine göz ýetiriň (6). SIM kart saklaýjysyny ýapyň
(7), we soňra ony ýerine oturtmak üçin basyň. Batareýany
dakyň (8, 9).
Page 16
16
Başlamak
Batareýany zarýadlamak
■
Zarýad gurluşyny tok rozetkasyna dakyň.
1.
Zarýad gurluşynyň simini telefonyň
2.
aşagyndaky ýerine dakyň. Soňra
batareýa görkezijisi ýokaryk aşak
hereket edip başlar.
Eger-de ekrana Zarýadlan-maýar ýazgysy çykýan bolsa,
biraz garaşyň, soňra zarýad gurluşyny aýyryp täzeden
dakyň. Eger-de zarýad heniz hem berilmeýän bolsa,
üpjünçiňize ýüz tutuň.
Batareýa zaraýady dolan wagtynda zarýad dereje
3.
görkezmesi togtar. Zarýad gurluşyny telefondan we
rozetkadan çykaryň.
Page 17
17
Başlamak
Işletmek we öçürmek
■
Gutarmak klawişasyny basyň we
birnäçe sekund saklaň.
Telefony diňe kadaly işleýän
ýagdaýda ulanyň.
Bu enjamyň içerki antennasy bardyr.
Bellik: Ähli radio gurluşy yaly, enjam işleyän wagtynda
zerur bolmasa antennany ellemäň. Antenna bilen
galtaşmak aragatnaşyk hiline täsir edyär, enjamy zerur
bolmadyk has yokary tok derejesinde işlemeklige
mejbur edip biler. Enjamy işledeniňizde antennany
artykmaç ellemezlik hem antennanyň gowy işlemegine
hem de batareýanyň köpe çekmesine kömek eder.
Bellik: Şu birikdirmäni ellemekden
gaça duruň, sebäbi ol elektrostatiki ýitgä duýgurdyr.
Page 18
18
Başlamak
Ekranda görkezme tertibi
■
Telefonyňyzda belli hyzmatlaryň ulanylyşyny görüp bilersiňiz.
SIM kart dakylmadyk bolsa Görkez. > Esasy, Yzy ýa-da
Oýunlar saylaň.
SIM kart dakylan bolsa Menýu > Goşmaça funksiýalar >
Gökezme > Esasy ýa-da Yzy saylaň.
Çalt çagyryş funksiýalary garaşmak
■
tertibinde
Çagyryş jaňlar tertibine geçmek üçin ýokary aýlaň.
Gatnaşyklarda saklanylan atlary we nomerlary görmek üçin
aşak aýlaň.
Habar ýazmak üçin çepe aýlaň.
Görkezmek tertibine geçmek üçin saga aýlaň.
Gepleýän sagaty işletmek üçin * nyşanyna basyp saklaň.
Çagyrylan nomerlaryň sanawyny görmek üçin jaň etmek
klawişasyna bir gezek basyň. Isleýän adyňyzy ýa-da nomeriňizi
saýlaň, jaň etmek üçin jaň etmek klawişasyny basyň.
Page 19
19
Başlamak
Klawiaturany gulplamak
■
Telefon garaşmak tertibindekä klawişalary
tötänleÿin basmagyň öňüne geçmek maksady
bilen klawiaturany gulplamak üçin Menýu saýlaň,
we çaltjak * nyşanyna basyň; gulpy açmak üçin
Gab.aý-k saýlaň we çaltjak * nyşanyna basyň.
Egerde klawiatura gulplanan bolsa, bu enjamda düzülen
maksatnama arkaly gyssagly kömek belgisine jaň etmek
mümkin bolup biler.
Gyssagly kömek telefon nomerini giriziň we çagyryş
klawişasyny basyň. Girizilen gyssagly kömek nomeri ekranda
görünmän biler.
Bilek kemeri
■
Telefonyň arka gapagyny açyň, kemeri
suratda görkezilişi ýaly yerleşdiriň. Arka
gapagy öňkisi ýaly edip dakyň.
Page 20
20
Çagyryş jaň funksiýalary
2. Çagyryş jaň funksiýalary
Jaň etmek we jaňa jogap bermek
■
Jaň etmek üçin şu görkezmeleri berjaý ediň:
Telefon nomeri (gerek bolsa sebit kody) giriziň. Gerek
1.
bolsa, ýurt kodyny hem girizmeli.
Nomera jaň etmek üçin jaň etmek klawişasyny basyň.
2.
Jaňyň dowamynda diňlenýän gurluşyň ýa-da telefonyň sesini
beýgeltmek üçin saga, peseltmek üçin bolsa çepe aýlaň.
Jaňa jogap bermek üçin jaň etmek klawişasyny basyň.
Jaňy ret etmek üçin jaňy gutarmak klawişasyny basyň.
Sesli gepleşme gurluşy
■
Eger mümkin bolsa, gepleşýän wagtyňyz sesli gepleşme
gurluşyny ýa-da telefonyň sesini ulanmak üçin Ses.gep.
Telefon saýlaň.
ýa–da
Duýduryş: Gaty gepleşmek gurluşy ulanylanda,
enjamy gulagyňyzyň yakynynda saklamaň, sebäbi
ses örän gaty bolmagy mümkin.
Page 21
21
Tekst ýazmak
3. Tekst ýazmak
Teksty iki üýtgeşik görnüşde girizip bilersiňiz: arkaly
görkezilýän adaty tekst girizme görnüşinde ýa-da arkaly
görkezilýän zehinli tekst girizme (ornatylan sözlük hökmünde)
görnüşinde.
Adaty tekst girizme görnüşini ulanmak üçin, isleýän harpyňyzyň
klawişasyny şol harp çykýança basyň.
Tekst ýazylanda zehinli tekst girizme görnüşine geçmek
üçin,Görüniş. > Sözlük we islenen dili saýlaň; öçürmek üçin,
Görüniş. > Sözlük öçürilen saýlaň.
Zehinli tekst girizme görnüşini ulanmak üçin şu görkezmeleri
berjaý ediň:
Islenen sözi girizmek üçin, bir harp üçin her klawişany bir
1.
gezek basyň.
Eger-de çykan söz siziň isleýän sözüňüz bolsa 0-a basyň
2.
we indiki sözi ýazyp başlaň.
Sözi üýtgetmek üçin, islenen söz çykýança * nyşanyna
yzygider basyň.
Eger-de sözden soň ? belgisi çykýan bolsa, isleýän
sözüňiz sözlükde ýok diýmekdir. Sözi sözlüge goşmak
üçin Söz saýlaň, sözi giriziň (adaty tekst girizme ýoly
arkaly), we OK saýlaň.
Page 22
22
Tekst ýazmak
Adaty we zehinli tekst girizme ýollary bilen baglanyşykly
görkezmeler:
Sözleriň arasynda ýer goýmak üçin 0-a basyň.
•
Tekst ýazylanda, tekst girizme görnüşini çaltjak üytgetmek
•
üçin, # nyşanyna yzygiderli basyň we ekranyň ýokarsyndaky
görkezijini barlaň.
Nomer goşmak üçin, islenen nomer klawişasyny basyp
•
saklaň.
Adaty tekst girizme görnüşi ulanylanda, ýörite nyşanlaryň
•
sanawyny açmak üçin * nyşanyna basyň; zehinli tekst
girizme görnüşi ulanylanda * nyşanyna basyp saklaň.
Page 23
23
Menýu funksiýalary
4. Menýu funksiýalary
Telefon garaşma tertibindekä Menýu we islenen menýu we
onuň içindäki menýuny saýlaň. Häzirki menýudan çykmak
üçin Çykmak ýa-da Yzyna saýlaň. Garaşma tertibine göni
gaýdyp gelmek üçin gutarmak klawişasyny basyň.
Bu gollanmada menýu funksiýalarynyň we görnüşleriniň
hemmesi görkezilen däldir.
Habarlar
■
Habarlary düzmek
Habar düzleşlerini özgertmek üçin Menýu > Habarlar >
Habarlary düzmek saýlaň.
Tekst we suratly habarlary ibermek üçin gerek telefon nomeri
saklamak üçin Iberilen tertip > Habar merkez nomeri saýlaň.
Bu nomeri hyzmat üpjünçiňizden alyp bilersiňiz.
Tekst habary iberilende, Doly girizmek ýa-da Gysgaldylan
kodirowka görnüşlerinden haýsysynyň ulanyljagyny düzmek
üçin Kodirowkalar (aragatnaşyk hyzmaty) saýlaň.
Saýlanan nomerlaryň sanawyny görmek ýa-da özgertmek
üçin Nom. saýlamak saýlaň.
Page 24
24
Menýu funksiýalary
Täze habar ýazmak
Enjam yeke habar üçin belgileriň sany çäkden daşary bolan tekst
habarlaryny ibermegi goldayar. Uzyn habarlar iki ýa-da ondan
köp yzygiderli habarlar hökmünde iberiler. Yerli üpjünçi hyzmat
merkezi şoňa görä tölegi talap edip biler. Basym belgilerini ýa-da
beýleki belgileri ulanýan nyşanlar, we Hytaý dili ýaly käbir dilleriň
nyşanlary köp ýer tutýar, netijede ýeke habarda iberilip bilinjek
nyşanlaryň sany çäklenýär.
Elýeterli nyşanlaryň sany we kiçibölekli habaryň häzirki
böleginiň sany ekranyň ýokarky sag tarapynda görkezilýär,
mysal üçin, 917/1.
Telefon garaşma tertibindekä Menýu > Habarlar > Täze
1.
habar ýazmak saýlaň.
Habary ýazyň.
2.
Habary ibermek üçin Görüniş. > Ibermek saýlaň, kabul
3.
edýäniň telefon nomerini giriziň we OK saýlaň.
Bellik: Habar ibereniňizde, enjamyňyzyň ekranynda
Iberilen habar ýazgysy görünip biler. Bu ýazgy, goýberilen
habaryň enjamyňyz tarapyndan enjamyňyza düzülen
habar merkezi nomerine iberilendiginiň alamatydyr.
Bu ýazgy, habaryň niýetlenen nomer tarapyndan kabul
edilendigi manysyna gelmeýär. Habar hyzmatlary barada
doly maglumat üçin hyzmat üpjünçiňize ýüz tutuň.
Page 25
25
Menýu funksiýalary
Tekst habaryny okamak
Haçan-da täze habar kabul edilende, ekranda garaşma
tertibinde hem täze habarlaryň sany hem de nyşan
sypaty görkeziler.
Habarlary edil şol wagt görmek üçin Görge-k saýlaň, ýa-da
soňra Menýu > Habarlar > Kabul edilende görmek üçin
Çykmak saýlaň.
Garalamalar we Goýberilen habarlar
Garalamalar menýusynda, Habary sak-k menýusy arkaly
saklanylan habarlary görüp bilersiňiz. Goýberilen habarlar
menýusynda, iberilen habarlaryň nusgasyny görüp bilersiňiz.
Suratly habarlar (aragatnaşyk hyzmaty)
Içinde surat bolan habarlary iberip we kabul edip bilersiňiz.
Kabul edilen suratly habarlar, Kabul edilen papkasynda
saklanar. Her bir suratly habar birnäçe tekst habaryna
barabardyr. Şonuň üçin, bir suratly habar ibermegiň bahasy
bir tekst habary ibermekden ýokary bolup biler.
Page 26
26
Menýu funksiýalary
Bellik: Suratly habar funksiýasyny, diňe aragatnaşyk
operatoryňyz ýa-da hyzmat üpjünçiňiz goldaýan
bolsa ulanyp bolýar. Suratly habary kabul etmek we
görkezmek hyzmatyny diňe özara utgaşdyrylyan
gurluşlar yerine yetirip bilerler. Habaryň görkezilmegi
kabul edyän gurluşdan baglydyr.
Habarlary ýok etmek
Hemme okalan habarlary ýa-da papkadaky habarlary
öçürmek üçin Menýu > Habarlar > Habarlary ýok etmek >
Hem. okamak ýa-da islenen papkany saýlaň.
Gatnaşyklar
■
Atlary we telefon nomerlary telefonyň ýa-da SIM kardyň
ýadynda saklap bilersiňiz. Içerki telefon kitaby 200 ada
çenli saklap bilýär.
At ýa-da telefon nomeri gözlemek
Garaşmak tertibinde aşak aýlaň we adyň birinji harpyny
giriziň. Isleýän adyňyzy saýlaň.
Page 27
27
Menýu funksiýalary
Gatnaşyklar menýusynda şu funksiýalary hem ulanyp bilersiňiz:
Gatnaşygy goşmak – Atlary we telefon nomerlary telefon
kitabynda saklamak üçin
Öçürmek – Telefon kitabyndan atlary we telefon nomerlary
aýratyn ýa-da hemmesini birden öçürmek üçin.
Nusga – Atlary we telefon nomerlary telefon kitabyndan SIM
kardyň ýadyna bir-birden ýa-da hemmesini birden göçürmek
üçin, ýa-da şu amalyň tersini etmek üçin.
Gatnaşyklar üçin düzleşler
Menýu > Gatnaşyklar > Sazlamak saýlaň we mümkin bolan
funksiýalardan:
Ýady saýlamak – Atlaryň we telefon nomerleriň Telefon
ýa-da SIM-kart ýadynda saklamagy saýlamak üçin. SIM kart
täzelenende, SIM-kart ýady awtomatik ýagdaýda saýlanar.
Gatnaşyk görnüşleri – Atlaryň we telefon nomerleriň görkezilişini
saýlamak üçin. Bir gatnaşygyň Magl.-yny Gatnaşyk görnüşleri,
Atlar sanawy-a ýa-da Diňe ady düzlenen görnüşde göreniňizde,
SIM kardyň ýadynda saklanylan at ýa-da telefon nomeri
arkaly we telefonyň ýadynda saklanan at ýa-da telefon
nomeri
arkaly görkeziler.
Page 28
28
Menýu funksiýalary
Yadyň görnüşi – Her bir telefon kitabynda näçe adyň ýa-da
telefon nomeriniň saklanylandygyny we ýene näçesiniň
saklanyp boljakdygyny görmek üçin
Çagyryş jaňlar
■
Telefon görkezijisi kabul edilmedik, kabul edilen, we
çagyrylan telefon nomerlary belleýär: we jaňlaryň
takmynan dowamlylygyny: iberilen we kabul edilen
habarlaryň sanyny belleýär.
Telefon görkezijisi kabul edilen we kabul edilmedik jaňlary,
enjam ýakylan bolsa, ulgam hyzmaty elýeterlik çäginde we şol
funksiýalary goldaýan bolsa belleýär.
Jaň taýmery
Soňky jaňyň, hemme kabul edilen jaňlaryň, hemme çagyrylan
jaňlaryň we ähli jaňlaryň takmynan dowamlylygyny görmek
üçin Menýu > Çagyryş jaňlar > Jaňlar dowamlylygy saýlaň.
Taýmerlary täzeden düzmek üçin Wagty nula öwürmek
saýlaň, howupsuzlyk kodyny giriziň, we OK saýlaň.
Page 29
29
Menýu funksiýalary
Bellik: Jaň wagty üçin we hyzmat üpjünçiňiziň
hyzmatlary üçin bolan tölegler aragatnaşyk
hyzmatlaryna, tölegiň tegelenmegine, salgytlara ş.m
görä üýtgäp biler.
Düzmek
■
Bu menýuda her hili telefon düzleşlerini düzüp
bilersiňiz. Käbir menýu düzleşleriniň başda düzülen
görnüşlerini täzeden ornatmak üçin Standart
düzmegi dikel-ş saýlaň.
Sazy düzmek
Menýu > Düzmek > Sazy düzmek saýlaň we mümkin bolan
funksiýalardan:
Saz – Giriş jaň sazyny ornatmak üçin
Saz belentligi – Jaň sesiniň we habar jaňlarynyň belentlik
derejesini ornatmak üçin. Saz belentligi 2 ýa-da ondan ýokary
dereje görnüşinde ornatylsa, giriş jaňy gelende jaň sesi 1-nji
derejeden başlap ornatylan derejä ýetýänçe güýçlener.
Wibrasiýa – Giriş jaňy ýa-da tekst habary kabul edilende
telefony wibrasiýa goýmak üçin.
Page 30
30
Menýu funksiýalary
Habar sazy – Tekst habary kabul edilende çaljak sazy
ornatmak üçin.
Duýdurmak sazy – Mysal üçin, batareýa zarýadynyň gutarmagy
ýaly ýagdaýlar üçin telefon sazy ornatmak üçin
Displeý düzmek
Menýu > Düzmek > Displeý düzmek saýlaň.
Mowzuklar saýlaň, soňra islenen mowzugy we mowzugy
işletmek ýa-da özgertmek üçin Görüniş. > Işletmek ýa-da
Özgertmek saýlaň.
Telefonda sanly ýa-da nusgawy sagat we ekran saklaýjysy
ýaly hemme esasy ekran nyşanlaryny ornatmak üçin Energiýa
sakla-n sagat saýlaň.
Tertibler
Jaň sazy ýa-da ekran saklaýjysy ýaly belli funksiýalary
ulanmak üçin standart tertipleri özgerdip bilersiňiz.
Menýu > Düzmek > Tertibler, soňra özgertmek isleýän
tertibiňizi we Düzmek saýlaň.
Page 31
31
Menýu funksiýalary
Sagady düzmek
Menýu > Düzmek > Sagady düzmek saýlaň.
Sagady gizlemek ýa-da görkezmek üçin, sagady düzmek, ýa-da
sagadyň görkezilişini özgertmek üçin Sagat saýlaň.
Eger-de batareýa telefondan çykarylan bolsa, sagady we
senäni täzeden düzmeli bolarsyňyz.
Jaňlary düzmek
Menýu > Düzmek > Jaňlary düzmek saýlaň we mümkin bolan
funksiýalardan:
Giriş jaňlaryň salgysyny sesli poçtaňyza ýa-da başga telefon
nomera üýtgetmek üçin Salgysyny üýtgetmek (aragatnaşyk
hyzmaty) saýlaň. Isleýän salgy üýtgetme funksiýasyňyzy
saýlaň we saýlanan salgy üýtgetme funksiýasyny ornatmak
üçin Işletmek saýlaň we öçürmek üçin Ret etmek saýlaň;
saýlanan funksiýanyň işleýändigini barlamak üçin Ýagdaý.
barlaň saýlaň; belli salgylaryň saklanmagyny kesgitlemek üçin
Sakl.wagty düz. saýlaň (hemme salgy üýtgetme funksiýalary
üçin elýeterli däl). Şol bir wagtda birnäçe salgy üýtgetme
funksiýasy işledilip biliner. Haçan-da Hemme sesli jaňlar
salgysy-ny üýtgetmek işjeň bolanda, garaşmak tertibinde
Page 32
32
Menýu funksiýalary
ekranda görüner. Hemme salgy üýtgetme jaňlaryny
öçürmek için Salgysyny üýtgetmegi ret etmek saýlaň.
Telefon nomeriňiziň jaň edilýän kişä görkezilmegini ýa-da
ýaşyrylmagyny düzmek üçin Öz belgiňi ibermek (aragatnaşyk
hyzmaty) saýlaň.
Şowsuz çagyryş jaňyndan soň 10 gezek gaýtadan jaň etmek
üçin Awtomatik gaýtalama saýlaň.
Çagyryş jaňynyň dowamynda, aragatnaşyk hyzmatynyň täze
giriş jaňy gelendigini habar bermesi üçin Garaşylýan jaňlar
hyzmaty saýlaň.
Telefony düzmek
Menýu > Düzmek > Telefony düzmek saýlaň.
Ekran tekstlarynyň dilini ornatmak üçin Dil saýlaň.
Hümmeti düzmek
Bellik:Hakyky jaň wagty üçin bolan tölegler
aragatnaşyk hyzmatlaryna, we tölegiň hasabyny
öwürmelere görä yerli üpjünçi hyzmat merkezi
tarapyndan üytgäp biler.
Page 33
33
Menýu funksiýalary
Öňünden tölenen kredit baradaky maglumaty görmek üçin
Menýu > Düzmek > Hümmeti düzmek we Önünden tölenen
kredit (aragatnaşyk hyzmaty) saýlaň; jaňyň dowamlylygyny
görkezmek ýa-da öçürmek üçin Giriş jaňlar taýmeri; jaňyň
takmynan dowamlylygy baradaky maglumaty görkezmek
ýa-da öçürmek üçin
Bellik:Haçan-da, töleg birlikleri ya-da walyuta birlikleri
gutaran bolsa, onda enjamda düzülen maksatnama
arkaly diňe gyssagly kömek belgisine jaň etmek
mümkindir.
ýa-da Eşidiş enjamy saýlaň.
Giriş jaňyna 5 sekunddan soň awtomatiki jogap berilmesi üçin
Awtomatik jogap saýlaň.
Aksessuarlary düzlemek menýu nyşany diňe aksessuarlar
telefona birikdirilenden soň görkeziler.
Page 34
34
Menýu funksiýalary
Sag klawişa saýlama düzleşleri
Çalt çagyryş sanawyna geçmek üçin, garaşmak tertibinde
Geçmek saýlap bilersiňiz. Çalt çagyryşlary kesgitlemek ýa-da
tertibe salmak üçin Menýu > Düzmek > Sag işletmek klaw-y
düz-k saýlaň. Çalt çagyryş sypatynda saýlamak isleýän
funksiýalaryňyz üçin Görnüş-i saýla-k aýlaň, soňra çalt
çagyryş funksiýalaryň sanawyny tertibe salmak üçin Tertibe
salmak aýlaň.
Sagat
■
Garaşmak tertibinde, jaňly sagady ornatmak üçin
Menýu > Sagat > Jaň wagty saýlaň. Jaňly sagadyň
sazyny düzmek üçin Jaň sazy saýlaň, sagadyň
sazyny bir gezek ýa-da hepdäniň belli günlerinde gaýtalanar
ýaly düzmek üçin Gaýtalanýan jaň-y we wagty gelende
telefony sagady aýdar ýaly düzmek üçin Gepleýän sagat
saýlaň. Jaňly sagat ses edende, sesi togtatmak üçin Sakla-k
saýlaň, ýa-da sesi togtatmak we 10 minutdan soň gaýtalatmak
üçin Gaýta-k saýlaň.
Eger-de enjam öçürilen wagtynda oyarmaklyk wagty bolan
bolsa, onda enjam özi yakylar we oyarmaklyk sazyny çalyp
başlar. Sakla-k saýlasaňyz, enjam işlemäge açylsynmy diýen
Page 35
35
Menýu funksiýalary
soragy sorar. Enjamy öçürmek üçin Ýok saýlaň ýa-da jaň
etmek we jaň kabul etmek üçin Hawa saýlaň. Öýjükli telefony
ulanmaklyk päsgelçilik ýa-da howp döredýän ýagdaýynda
Hawa saýlamaň.
Ýatlatmalar
■
Jaňly gysga tekst belligini saklamak üçin Menýu >
Ýatlatmalar > Täzesini goşmak saýlaň. Ýatlatma
wagty gelende, jaňy togtatmak üçin Çykmak saýlaň,
ýa-da jaňy 10 minutdan gaýtalamak üçin Giçräk saýlaň.
Page 36
36
Menýu funksiýalary
Goşmaça funksiýalar
■
Kalkulýator
Bellik: Bu hasaplayyş serişdesi (kalkulyatory)
çäklendirililen takyklygy bardyr we ol yönekey
hasaplamalar üçin niyetlenilendir
Menýu > Goşmaça funksiýalar > Kalkulýator saýlaň.
Sanlary girizmek üçin 0-9 aralygyndaky klawişalary we
1.
onluk nyşanyny (.) girizmek üçin # klawişasyny basyň.
Girizilen sanyň nyşanyny üýtgetmek üçin * nyşanyna basyň.
+, - , x, ýa-da / belgilerini saýlamak üçin aşak we ýokaryk
2.
aýlaň.
Gerek bolsa, 1-nji we 2-nji ädimleri gaýtalaň.
3.
Jogabyny bilmek üçin Deňdir saýlaň.
4.
Konwerter
Her hili ölçeg birliklerini hasaplap bilersiňiz.
Telefon garaşma tertibindekä Menýu > Goşmaça funksiýalar
> Konwerter saýlaň. Soňky bäş özgertmäni görmek üçin
Page 37
37
Menýu funksiýalary
Ahyrky 5-si saýlaň. Başdan düzülen alty birlik toparyny hem
saýlap bilersiňiz: Temperatura, Agram, Uzynlyk, Meýdan,
Möçber we Walýuta.
Öz özgertmeleriňizi Meniň özgertm. arkaly goşup bilersiňiz.
Özgertme edeniňizde, özgertmedäki birlik ýerlerini çalyşmak
üçin aşak we ýokaryk aýlap bilersiňiz.
Sintezator
Menýu > Goşmaça funksiýalar > Sintezator
we bir saz saýlaň. Notalary girizip öz sazyňyzy
döredip bilersiňiz. Mysal üçin, f notasy
üçin 4-e basyň. Notanyň ýa-da dyngynyň
dowamlylygyny gysgaltmak (-) üçin 8-e,
uzaltmak (+) üçin 9-a basyň. Dyngy girizmek
üçin 0-a, oktawa ornatmak üçin * nyşanyna we notany ýiteltmek
üçin (e we b notalary üçin mümkin däl) # nyşanyna basyň.
Temp, Goýbermek, Ekrany boşat-k ýa-da Çykmak saýlaň.
Amaly maksatnama ulanylýan wagtynda, olary ekranda
görkezmek batareýanyň güýjüniň talabyny ulaldýar we
batareýanyň möhletini azaldýar.
Page 38
38
Menýu funksiýalary
SIM hyzmatlary
■
SIM kardyňyzyň goşmaça hyzmatlar üpjün edýän
bolmagy mümkin. Şu menýu diňe SIM kardyňyz
goldaýan bolsa görkeziler. Menýunyň ady we düzümi SIM
karda baglydyr.
Doly maglumat üçin hyzmat üpjünçiňize ýüz tutuň.
Page 39
39
Batareýa barada maglumat
5. Batareýa barada maglumat
Zarýad bermek we zarýady aýyrmak
■
Bu enjam täzeden zarýad berilýän batareýa bilen üpjün edilen.
Täze batareýanyň doly güýjüne işlemegi diňe iki ýa-da üç doly
zarýad bermek we zarýady aýrylmak aýlawlaryndan soň ýetilýär.
Batareýa köp gezek zarýada goýlup we zarýady aýyrylyp bilner,
emma, soňlyk bilen ol ýaramlylygyny ýitirer. Eger-de gepleşik
we garaşmak tertipde işlemek wagty adaty ýagdaýdan az
bolsa, batareýany çalyşyň. Diňe Nokia tarapyndan makullanan
batareýalary ulanyň, hem-de batareýa diňe Nokia tarapyndan
makullanan we bu enjam üçin niýetlenilip öndürilen zarýad
gurluşlary bilen zarýad beriň.
Eger-de çalşylýan batareýa birinji gezek ulanylýan bolsa,
ýa-da batareýa uzak wagtyň dowamynda ulanylmadyk
bolsa, onda batareýany zarýadlamak üçin, zarýad gurluşyny
birikdirmeli, ondan soň ony birikdirmeden aýrmaly, we
täzeden birikdirmeli bolar.
Enjam we zarýad gurluşy ulanylmaýan wagta elektrik
tokdan aýyryň. Doly zarýadlanan batareýany zarýad gurluşa
birikdirip goýmaň, sebäbi gereginden köp zarýad almaklyk
Page 40
40
Batareýa barada maglumat
batareýanyň möhletini azaldýar. Eger-de doly zarýad alan
batareýa ulanylmasa, wagtyň geçmegi bilen ol öz zarýadyny
ýitirýär.
Eger-de batareýa zarýadyny doly ýitiren bolsa, onda zarýad
görkezijisi ekranda görkezilmegi üçin, ýa-da jaň edilmegi üçin,
birnäçe minut wagt gerek bolmagy mümkin.
Batareýany diňe oňa niýetlenilen maksat üçin ulanyň. Hiç haçan
zaýalanan batareýany ýa-da zarýad gurluşyny ulanmaň.
Batareýany gysga utgaşdyrmaň. Tötänleyin gysga utgaşma
demir zatlar, mysal üçin teňňe, gayçy ya-da ruçka yaly zatrary
batareyanyň goşmak (+) we ayyrmak (-) taraplaryna gös-göni
birikdirilende bolup biler. (Olar batareýanyň metal zolaklaryna
meňzeşdirler) Şeyle yagday, mysal üçin, Siz ätiyaç batareyany
bukjaňyzda ya-da gapjygyňyzda götereniňizde bolup biler.
Gysga utgaşma batareyany ya-da birikdirmek serişdesini
zayalap biler.
Batareýany sowuk ýa-da gyzgyn ýerlerde, mysal üçin
tomus ýa-da gyş wagtlarynda ýapyk awtoulagda goýup
gitmek, batareýanyň ýaramlylygyny we möhletini azaldýar.
Elmydama batareýany 15°C we 25°C (59°F we 77°F)
aralygynda saklamaga çalyşyň. Enjamyň batareýasy gyzgyn
ýa-da sowuk, hatda batareýa doly zarýad alan hem bolsa,
ol wagtlaýyn işlemezligi mümkin. Doňdurma nokadyndan
Page 41
41
Batareýa barada maglumat
has aşaky temperaturalarda batareýanyň işleýişi örän
çäklendiriliner.
Batareýalary oda taşlamaň, sebäbi olar partlap bilerler.
Batareýalar zaýalanan bolsalar hem partlap bilerler. Batareýalary
ýerli düzgünleşdirmelere laýyklykda taşlaň. Ony mümkin bolsa
gaýtadan işlemäge beriň. Ony hojalyk taşlandy hökmünde
taşlamaň.
Nokia batareýasynyň hakykylygyny
■
bilmek boýunça görkezmeler
Öz howpsuzlygyňyz üçin elmydama hakyky Nokia batareýalaryny
ulanyň. Hakyky Nokia batareýasyny alandygyňyzy bilmek üçin,
ony ýerli Nokia wekilliginden alyň, onuň daşynda görkezilen
Nokianyň Hakyky Goldaýjy belligini tapyň, hem-de gologramma
belgilerini aşakdaky usullary ulanyp barlap görüň.
Görkezilen dört usulyndan peýdalanmak, batareýanyň
hakykylygyny umumy kepillendirmeýär. Eger-de batareýa
hakyky Nokia batareýasy däldigine Siziň ynanjyňyz bolmasa,
onda ony ulanmazdan ozal, ýerli Nokia hyzmat mekezine
ýa-da wekilligine kömek üçin ýüz tutuň. Nokia hyzmat ediş
merkezi ýa-da wekilligi batareýany hakykylygyny barlar.
Page 42
42
Batareýa barada maglumat
Eger-de hakykylygy tassyklanmasa, onda batareýany satyn
alan ýeriňize gaýdyp beriň.
Gologrammanyň hakykylygyny bilmek
Bellikdäki gologramma sereden
1.
wagtyňyzda, Siz bir burçdan
Nokianyň birleşdirilen eller
nyşanyny we beyleki burçdan
seredeniňizde, Nokianyň Hakyky
Goşmaça Goldayjylar nyşanyny
görmelisiňiz.
Haçan-da Siz gologrammany çep,
2.
sag, aşak we yokary burçlardan
göreniňizde Siz her tarapa
degişlilikde 1, 2, 3 we 4 köp
nokatlary görmelisiňiz.
Page 43
43
Batareýa barada maglumat
Belligiň bir tarapyny 20
3.
sanly belgini görmek üçin
çyzyp öçüriň, mysal üçin,
12345678919876543210.
Sanlar yokarda durar yaly edip
batareyany öwüriň. 20 sanly
belgi aşakdaky hataryň yzynda
jaýlaşan ýokarky hatardaky
sandan başlap okalýar.
20 sanly belginiň takyklygyny
4.
www.nokia.com/ batterycheck
salgyda ýerleşdirilen
görkezmelere laýyklykda barlap
görüň.
Tekst habaryny ýazmak üçin, 20 sanly belgini giriziň, mysal üçin,
12345678919876543210, hem-de ony +44 7786 200276 iberiň.
Tekst habaryny ýazmak üçin:
Page 44
44
Batareýa barada maglumat
Aziýa Ýuwaş umman ýurtlary üçin: (Hindistandan başga)
•
Giriziň 20 sanly belgi, mysal üçin, 12345678919876543210,
hem-de ony +61 427151515 iberiň.
Hindistan üçin: GiriziňBattery 20 yzygiderligine sanly batareýa
•
belgisi, mysal üçin, Battery 12345678919876543210, hem-de
ony 5555 iberiň.
Milli we halkara amallar tölegleri tölenilmelidir.
Siz belginiň hakykylygy barada habary alarsyňyz.
Eger-de batareýa hakyky bolmasa?
Eger-de Siz Nokia batareýasyny we belligindeki gologrammany
hakykylygyny tassyklap bilmeseňiz onda, batareýany ulanmaň.
Ony ýerli Nokia hyzmat merkezine ýa-da wekilligine eltiň.
Öndüriji tarapyndan makullanmadyk batareyany ulanmak howply
bolup biler, enjamy erbet işleyişe getirip biler hem-de enjamy we
goşmaça goldayjy gurluşlary zayalap biler. Bu enjama degişli
hemme kepilleriň kanuny güyjüni yitirip biler.
Hakyky Nokia batareýalary barada goşmaça maglumatlar üçin
www.nokia.com/battery salgyny görüň.
Page 45
45
Goşmaça goldaýjy gurluşlar
6. Goşmaça goldaýjy gurluşlar
Goşundylar we goldaýjy gurluşlar barada ýönekeý düzgünler:
Goşundylary we goldaýjy gurluşlary kiçi çagalardan
•
daşrak saklaň.
Ähli goşundylary ýa-da goldaýjy gurluşlary elektrik tokdan
ly ornaşdyrylandygyna we işleýändigine göz ýetiriň.
Awtoulaglar üçin niýetlenilen goldaýjy gurluşlaryny ornaşdyr-
•
mak işlerini diňe ökde hünärli işgärler geçirip bilerler.
Page 46
46
Aladalamak we goldamak
Aladalamak we goldamak
Bu enjam ýokary bezeg we ussatlygyň önümidir we ony
ätiýaçly ulanmaly. Aşakdaky teklipler Size kepili saklamak
üçin kömek ederler.
Enjamy gurak gornüşde saklaň. Suwly,yzgarly ýa-da
•
öz içinde minirallary saklap biljek ähli suwly serişdeler,
elektron düzümlere täsir edip bilerler. Eger enjama suw
degen bolsa, onda batareýany aýyryň we enjamy guradyň.
Enjamy tozaňly we hapa ýerlerde ulanmaň we saklamaň.
•
Onuň aýyrylýan bölekleri we elektron bölekleri zaýalanyp
bilner.
Enjamy gyzgyn ýerlerde saklamaň. Gyzgyn temperatura
•
elektron gurluşlaryň işleyiş möhletini azaldyar, batareyalary
zayalap biler, hem-de käbir plastik serişdeleri eredip biler.
Enjamy sowuk ýerlerde saklamaň. Haçan-da enjam
•
kadaly temperatura şertine gaýdyp gelende, enjam içinde
çyglylyk emele gelmegi mümkin we elektron düzümleri
zaýalanyp bilner.
Şu gollanmada görkezilen usullardan başga usullar bilen
•
enjamy açmaga synanyşmaň.
Page 47
47
Aladalamak we goldamak
Enjamy gaçyrmaň, çakyşdyrmaň we silkelemeň. Gödek
•
ulanmaklyk içerki düzüm böleklerini we mehanikany
döwüp biler.
Himiki serişdeleri, erediş arassalaýjylary ýa-da güýçli
•
ýuwujy serişdeleri enjamy arassalamak üçin ulanmaň.
Enjama boýag çalmaň. Boyag ayyrylyan bölekleri we
•
amallary kadaly işlemegligine täsir edib biler.
Antenna çalşanyňyzda diňe özinde berilen we makullanan
•
antenna ulanyň. Makullanmadyk antennalar, üýtgetmeler
ýa-da goşundylar enjamy zaýalap bilerler, we radio
gurluşlary dolandyrýan düzgünlerini bozylmaklygyna
getirip bilerler.
Zarýad gurluşlary öýüň içinde ulanyň.
•
Enjamyňyzy hyzmat merkezine ibermezden öň elmydama
•
maglumatlaryň, mysal üçin gatnaşyklaryň we senenama
bellikleriniň ätiýaçlyk nusgalaryny saklaň.
Bu teklipler enjama, batareýa, zarýad gurluşa we ähli
goşmaça goldaýjy gurluşlara degişlidirler. Eger-de gurluşlaryň
biri kadaly işlemeýän bolsa, ony sazlamak üçin hyzmat
merkezine eltiň.
Page 48
48
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
Goşmaça howpsuzlyk üçin
maglumatlar
Bu enjamyň we oňa degişli goldayjy gurluşlaryň kiçi bölekleri
bolup biler. Olary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
Işletmek ahwalaty
■
Enjamyň işledilýän ýerinde hereket edýän ýörite düzgünnamalaryň hemmesini berjaý etmegi unutmaň we enjamyň
ulanylmagy gadagan bolan ýa-da päsgelçilik we howp döredip
biljek ýagdaýlarda ony elmydama öçüriň. Telefony diňe kadaly
işleýän ýagdaýda ulanyň. Bu enjam dogry ulanylanda, we
gulagyň garşysynda ulanylanda hem, ýa-da göwreden iň
azyndan 2.2 santimetr (7/8 dýuým) daşlykda ýerleşdirilende
hem RF täsir etmek görkezmelerine gabat gelýändir. Haçan-da
göwrede götermek üçin kemeriň ildirgiji ýa-da saklaýjy gapjyk
ulanylanda, olar öz içinde demir saklamaly däldirler, we enjamy
görkezilen ýaly göwreňizden kadaly aralykda ýerleşdirilmeli.
Bu enjamyň bölekleri magnitlidir. Enjama demir zatlary
çekilip bilinerler. Kredit kartlary ýa-da beýleki magnitli mediýa
maglumatlaryny saklaýjylary enjamyň golaýynda goýmaň,
sebäbi olarda saklanylýan maglumat öçürilip bilner.
Page 49
49
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
Lukmançylyk abzallary
■
Ähli radio-ýaýlym geçirýän enjamlar işleýşi ýaly, şol sanda öýjükli
telefonlar, ýeterlik derejede goralmadyk lukmançylyk abzallaryň
işlemek ukybyna päsgel berip bilerler. Lukmançylyk abzallaryň
daşky (RF) energiýasyndan ýeterlik derejede goralandygyny
anyklamak üçin, ýa-da Sizde goşmaça soraglar bar bolsa, lukman
bilen ýa-da lukmançylyk abzalynyň öndürijisi bilen maslahatlaşyň.
Saglygy goraýyş edaralarynda we düzgünamalar bilen görkezilen
ýerlerde enjamy öçüriň. Hassahanalarda ýa-da saglygy goraýyş
edaralarynda daşky (RF) energiýa duýgur abzallary ulanylylmagy
mümkin.
Elektrokardiostimulýator
Elektrokardiostimulýatory öndürijiler öýjükli telefon bilen ele
ktrokardiostimulýatoryň arasynda bolup biljek päsgelçilikden
gaça durmak üçin iň azyndan 15.3 santimetr (6 dýum)
aralygyň bolmagyny maslahat berýärler. Bu maslahatnama
Wireless Technology Research tarapyndan geçirilen garaşsyz
ylmy barlaglar bilen we olaryň maslahatnamasy bilen gabat
gelýär. Elektrokardiostimulýatory bar adamlar şu aşakdaky
görkezmelere eýermeli:
Enjamy elmydama elektrokardiostimulýatordan 15.3
•
santimetr (6 dýum) aralykda saklaň.
Page 50
50
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
Enjamy gursak jübüsinde götermäň.
•
Päsgelçiligi azaltmak üçin enjamy gulagyňyza tutanyňyzda
•
elektrokardiostimulý atora garşylyk tarapa saklaň.
Eger-de Siz päsgelçilik bolandygyny duýsaňyz, onda enjamy
öçüriň we ony daşrak goýuň.
Eşidiş gurluşy
Sanly öýjükli gurluşlaryň köpsi käbir eşidiş gurluşlara päsgel
berip bilerler. Eger-de päsgelçilik bar bolsa, onda ýerli üpjünçi
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Awtoulaglar
■
RF signallar motorly awtoulagda nädogry dikeldilen elektronik
ulgamlar, mysal üçin, ýangyç elektronik inžektor ulgamy,
gabamaga garşy togtamak ulgamlary, tizligi elektronik usulda
gözegçilik ulgamlary we howa howpsuzlyk ýassygy ulgamlary
ýaly ulgamlaryna täsir edip bilerler. Awtoulagda goşmaça
üpjün edilen enjamlar barada doly maglumat üçin, awtoulagyň
öndürijisi ýa-da onuň wekiligine ýüz tutuň.
Diňe ökde hünerli işkärler enjamy hyzmat edip ýa-da ony
awtoulagda ornaşdyryp bilerler. Yalňyş ornaşdyrmak ya-da
hyzmat etmek howply bolup biler we enjama degişli kepiliň
Page 51
51
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
kanuny güyjüni yatyryp biler. Öz awtoulagyňyza ähli öýjükli
gurluş enjamlaryň kadaly birikdirilendigini we işleýändigini öz
wagtynda barlap duruň. Ýanyjy suwuklyklary, gazlary ýa-da
partlaýjy maddalary we onuň böleklerini ýa-da oňa birikdirilýän
goşundylary enjam bilen bir ýerde saklamaň. Ýatda Saklaň,
awtoulaglarda üpjün edilen howpsuzlyk howa ýassygy uly
güýç bilen çişirilýär. Göterme öýjükli gurluşlary we beýleki
serişdeleri howpsuzlyk howa ýassygy ýanynda ýa-da onuň
açylýan ýerinde goýmaň. Eger-de, awtoulagdaky öýjükli
enjam kadaly ornaşdyrylmadyk bolsa, onda howpsuzlyk howa
ýassygy çişirilende uly şikesiň ýetirilmegi mümkin.
Uçarda uçulýan wagtynda enjamy ulanmak gadagan edilendir.
Uçara münmeziňizden öň enjamy öçüriň. Öyjükli telegurluşlary
uçarda ulanylmagy, uçaryň amallaryny yerine yetirilmegine
howply bolup biler, öyjükli telefon aragatnaşygynyň işleyişini
bozup biler we kanuna garşy bolup biler.
Partlamaga mümkin bolup biljek ahwalat
■
Partlamaga mümkin bolup biljek daş-töwereklerde enjamy
öçüriň, ähli belgilere we görkezmelere eýeriň. Partlamaga
mümkin bolup biljek daş-töwerekler, şeýle hem Siziň
awtoulagyňyzyň motoryny öçürmek gerekdigi barada
maslahat berilýän ýerleri öz içine alýar. Bu yerlerde uçgun
Page 52
52
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
partlamanyň ya-da ot almagyň sebäbi bolup biler, olaryň
netijesinde beden şikesleri, hat-da ölüm yagdaylary hem
bolup biler. Ýangyç guýulýan merkezlerinde, şeýle hyzmat
merkezleriň gaz kranlary ýanynda enjamy öçüriň. Ýangyç
saklanýan ýerlerde we ýangyç guýulýan ýerlerde; himiki
serişdeler saklanýan kärhanalar ýanynda; ýa-da partlama
işler geçirilip duran ýerlerde radio enjamlaryny ulanmak
boýunça çäklendirmelere serediň. Partlamaga mümkin bolup
biljek daş-töwerekler köp halatlarda anyk belgilenendirler.
Bu ýerlere gämilerdäki palubanyň aşagy, himiki serişdeler
geçirilýän ýa-da saklanýan ýerler, suwuklandyrylan gazlary
(propan we butan) ulanýan awtoulaglar, hem-de howada
himiki serişdeleriň bar ýerleri we zerreler, çäge dänesi ýa-da
metal tozanlary ýaly kiçijik bölekler saklanýan ýerler girýärler.
Gyssagly kömek çagyryş
■
Möhüm: Öyjükli telefonlar, şol sanda şu enjam radio
signallaryny, öyjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny, yerdäki
aragatnaşyk hyzmatlaryny we ulanyjy maksatnama
üpjünçilik hyzmatlaryny ulanyp işleyär. Şular sebäpli
hemme ýägdaýlarda baglanyşyklar ýerine ýetirilip
bilinmez. Lukmançylyk taýdan gyssagly kömek
ýagdaýlarda esasy aragatnaşyk üçin, Siz diňe öýjükli
gurluşlara ynanmaly dälsiňiz.
Page 53
53
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
Gyssagly kömek jaňyny etmek üçin:
Eger-de enjam ýakylmadyk bolsa, onda ony ýakyň.
1.
Signalyň ýeterlik güýji barlygyny barlaň.
Käbir aragatnaşyk hyzmatlary takyk SIM kardyň enjama
kadaly goýylmagyny talap etmekleri mümkin.
Gutarmak düwmesini ekrany arassalamak we enjamy jaň
2.
etmek üçin näçe gezek gerek bolsa, şonça basyň.
Siziň ýerleşýän ýeriňizde bellenen gyssagly kömek resmi
3.
belgisini giriziň. Gyssagly kömek belgileri sebitler boýunça
dürli bolup bilerler.
Jaň etmek düwmesini basyň.
4.
Eger-de käbir hyzmatlar ulanylyan bolsa, onda Siz gyssagly
kömek jaňyny etmezden öň, olaryň işlemegini togtatyň. Doly
maglumat üçin şu gollanmadan peýdalanyň ýa-da ýerli üpjünçi
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Gyssagly kömek jaňyny edeniňizde, ähli zerur maglumaty
mümkin boldugyça takyk beriň. Siziň öýjükli enjamyňyz waka
bolan ýerinde aragatnaşygyň ýeke-täk serişdesi bolmagy
mümkin. Tamamlamak barada rugsat berilyänçä gatnaşyk
jaňyny gutarmaň.
Page 54
54
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
Şahadatnama maglumaty (SAR)
■
BU ÖÝJÜKLI ENJAM RADIO TOLKUNLARYNA SEZEWAR
ETMEKLIK DÜZGÜNNAMALARYNA LAÝYK GELÝÄR
Siziň öýjükli enjamyňyz radio tolkunlaryny geçirip we kabul
edip biler. Bu enjam radio tolkunlaryna sezewar etmeklik
boýunça halkara düzgünnamalar tarapyndan berilýän
maslahatyň çäklerinden çykmazlyk üçin niýetlenip düzülendir.
Bu düzgünnamalar garaşsyz ylmy gurama bolan ICNIRP
tarapyndan işlenilip düzülendir, hem-de ýaşyna we saglygyna
seretmezden ähli adamlaryň goragyny üpjün etmek üçin
niýetlenilen howpsuzlyk çäklerini öz içine alýar.
Öyjükli enjamlar üçin sezewar etmek düzgünnamalar Yörite Kabul
Ediş Görkezmeleri (Specic Absorption Rate, SAR) ady bilen
belli bolan ölçeg abzalyny ulanyar. ICNIRP düzgünnamalarynda
kesgitlenen SAR çäkleri dokumanyň 10 gramy boýunça
takmynan çykarylanda 2.0 watt/kilogramdyr (W/kg) SAR ölçegi
enjamyň iň ýokary güýç talap edilen wagtynda we tilsimat
häsiýetnamalarynda görkezilen, hem-de ýaýlymyň tutýan hemme
meydanynda alynýar. Işleyän enjamyň hakyky SAR derejesi iň
yokary derejeden aşak bolup biler, sebäbi enjam diňe aragatnaşyk
torlaryna yetmek üçin gerek bolan energiya bilen işlemek üçin
niyetlenilendir. Bu möçber köp sebäbler boyunça üytgep biler,
mysal üçin Siziň we aragatnaşyk hyzmatlar merkeziniň esasy
Page 55
55
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar
yerleşen yeriniň arasyndaky menzile bagly bolşy mümkin. Enjamy
gulagyň ýanynda ulanmak boýunça ICNIRP düzgünnamalarynda
görkezilen iň ýokary SAR dereje 0.82 W/kg.
SAR derejeleri enjamyň goşundylaryny we goldayjy gurluşlaryny
ulanmak boyunça dürli bolup biler. SAR derejeleri milli hasabatlara
we barlag talaplaryna hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryna görä
dürli bolup bilerler. Goşmaça SAR maglumat önümiň maglumaty
bar bolan www.nokia.com salgyda tapylyp bilner.
Loading...
+ hidden pages
You need points to download manuals.
1 point = 1 manual.
You can buy points or you can get point for every manual you upload.