NOKIA KORPORASIÝASY şu RH-99/RH-105 önümi
1999/5/EC Direktiwasynyň düýp talaplaryna we beýleki
degişli düzgünlerine laýyk gelýändigini yglan edýär. Layýklyk
beýannamasynyň nusgasy http://www.nokia.com/phones/
declaration_of_conformity/ salgydan tapylyp biliner.
Nokia, Nokia Connecting People we Navi Nokia Korporasiýasynyň
söwda bellikleri ýa-da hasaba alnan söwda bellikleridir.
Nokianyň sazy Nokia Korporasiýasynyň ses belligidir. Bu ýerde
agzalýan beýleki önümleriň ýa-da kompaniýalaryň atlary olaryň
degişli eýeleriniň söwda belligi ýa-da söwda atlary bolup bilerler.
Bu resminamanyň bölegini ýa-da ähli mazmunyny islendik
görnüşde köpeldilmegi, berilmegi, paýlanylmagy ýa-da
saklanylmagy Nokianyň öňünden berlen ýazmaça razyçylygy
bolmasa gadagandyr.
US Patent No 5818437 and other pending patents. T9 text input
software Copyright (C) 1997-2007. Tegic Communications, Inc.
All rights reserved.
Nokia hemişelik ösüş syýasaty boýunça işleýär. Nokia
bu resminamada häsiýetlendirilen önümleriň islendigine
üýtgetmeleri we gowulandyrmalary öňünden duýdurmazdan
girizmek hukugyny saklaýar.
NOKIA ÝA-DA ONUŇ RUGSATNAMA (LISENZIÝA)
ESASYNDA IŞLEÝÄNLERINIŇ ISLENDIKLERI HEREKET
Page 3
EDÝÄN KANUNYŇ RUGSAT BERÝÄN IŇ KÖP WAGTYŇ
DOWAMYNDA ÄHLI ÝAGDAÝDA BOLAN MAGLUMATLARYŇ
ÝA-DA GIRDEJINIŇ ÄHLI ÝITGISI ÜÇIN ÝA-DA ÝÖRITE,
ISLENDIK, TÖTÄNLEÝIN, GÖS-GÖNI WE GYTAKLAÝYN
SEBÄPLER BILEN BOLAN NÄSAZLYKLAR ÜÇIN JOGAPKÄR
DÄLDIRLER.
BU RESMINAMANYŇ MAZMUNY “BOLŞY ÝALY” ŞERTDE
GÖRKEZILEN. HERKET EDÝÄN KANUNDAN BAŞGA
ÄHLI MESE-MÄLIM, GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAN ÝA-DA,
EMMA DIŇE BULAR BILEN ÇÄKLENILMEÝÄN MESEMÄLIM BOLMADYK ÝÖRITE MAKSADA GABAT GELÝÄN
WE TÄJIRÇILIK ÄHMIÝETLI BOLAN KEPIL GEÇMELER,
RESMINAMANYŇ TAKYKLYGYNA, YNAMDARLYGYNA WE
MAZMUNYNA DEGIŞLI DÄLDIR. NOKIA BU RESMINAMANY
ÖŇÜNDEN DUÝDURMAZDAN ISLENDIK WAGTDA
GAÝTADAN SERETMEK ÝA-DA YZYNA ALMAK HUKUGYNY
SAKLAÝAR.
Bu önümler üçin bölek önümleriň we amaly maksatnamalaryň
elýeterliligi sebitler boýunça tapawutlanyp biler. Goşmaça
maglumat üçin we diller saýlawynyň elýeterliligi barada ýerli
Nokia wekilligine ýüz tutuň.
Daşary ýurda ýerlemek gözegçiligi
Bu enjam ABŞ we beýleki ýurtlaryň daşary ýurda ýerlemek
kanunlarynyň hem-de düzgünleşdirmeleriniň astyna düşýän
sarp ediliş harytlaryny, tilsimatlaryny (tehnologiýalaryny) ýa-da
maksatnama üpjünçiliklerini özünde saklap biler. Kanunyň
garşysyna bolan ähli ulanyş gadagandyr.
9202556/ Neşir3
Page 4
Mazmuny
Howpsuzlyk düzgünleri
1. Ulanmak barada görkezme .............................................. 9
SIM kardy we batareýany goýuň .................................................... 9
Şu ýönekeý gollanmalary okaň. Olar boýunça eýermezlik
howply ýa-da kanuna garşy bolup biler. Goşmaça maglumatlar
üçin gollanmany doly okaň.
HOWPSUZ IŞLETMEK
Enjamy ulanmak gadagan ýa-da onuň ulanylmagy
päsgelçiligiň we howpuň sebäbi bolmagy mümkin
bolsa, ony işletmäň.
ÝOL HOWPSUZLYGY ILKINJIDIR
Ähli ýerli kanunlary berjaý ediň. Maşyn süreniňizde
dolandyrmak üçin öz elleriňizi elmydama boş saklaň.
Sürüp barýarkaňyz Siz ilki bilen ýol howpsuzlygyna
üns bermelisiňiz.
PÄSGELÇILIKLER
Ähli öýjükli enjamlara päsgelçilikler täsir edip biler we
şol sebäbli aragatnaşygyň hiliniň peselmegi mümkin.
HASSAHANALARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Enjamy lukmançylyk
abzallary ýanynda öçüriň.
ÜÇARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Öýjükli enjamlar uçarda
päsgelçilik döredip bilerler.
Page 6
ÝANGYÇ GUÝULÝAN WAGTYNDA ÖÇÜRIŇ
Enjamy ýangyç guýulýan merkezde ulanmaň.
Ýangyjýn ýa-da himiki serişdeleriň ýanynda ulanmaň.
PARTLAMA IŞLER YAKYNYNDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Partlama işleri geçirilýän
ýerlerde enjamy ulanmaň.
DOGRY ULANYŇ
Enjamy resminamasynda görkezilişi ýaly diňe
kadaly görnüşde ulanyň. Zerur bolmasa, antennany
ellemäň.
ÝOKARY HILLI HYZMAT
Bu önüm boýunça sazlamak we düzmek işlerini diňe
ökde hünärli işgärler geçirip bilerler.
GOŞMAÇA GOLDAÝJY GURLUŞLAR WE
BATAREÝALAR
Diňe makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlary
we batareýalary ulanyň. Özara utgaşdyrylmaýan
gurluşlary birikdirmäň.
SUWA DURNUKLYLYK
Siziň enjamyňyz suwa durnukly däldir. Ony gury
görnüşde saklaň.
ÄTIÝAÇLYK NUSGALARY
Enjamda saklanylan ähli möhüm maglumatlaryň
ätiýaçlyk nusgalaryny saklamak ýa-da olaryň
ýazmaça görnüşlerini saklamagy ýatdan çykarmaň.
6
Page 7
7
BAŞGA GURLUŞLARA BIRIKDIRMEK
Haçan-da başga gurluşlara birikdireniňizde, onyň
gollanmasynda görkezilen howpsuzlyk düzgünlerini doly
okaň. Özara utgaşdyrylmaýan gurluşlary birikdirmäň.
GYSSAGLY KÖMEK ÇAGYRYŞ
Telefonyň ýakylandygyna we aragatnaşyk hyzmatynyň
elýeterligine göz ýetiriň. Displeýi arassalamak we
garaşmak tertibe gaýdyp gelmek üçin gutarmak
düwmesini näçe gezek gerek bolsa şonça-da basyň.
Gyssagly kömek hyzmatyň telefon belgisini giriziň
we çagyryş düwmesini basyň. Soňra özüňiziň durýan
ýeriňiz hakda habar beriň. Tamamlamak barada
rugsat berilýänçä aragatnaşyk jaňyny gutarmaň.
■ Siziň enjamyňyz barada
Bu gollanmada häsiýetlendirilen öýjükli enjam GSM 900
we GSM 1800 aragatnaşyk hyzmatlarynda ulanmak üçin
niýetlenilendir. Aragatnaşyk hyzmatlary barada goşmaça
maglumat üçin ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Bu enjamy ulananyňyzda ähli kanunlary we ýerli däp-dessurlary
berjaý ediň, başgalaryň özbaşdaklygyny we kanuny
hukuklaryny, şol sanda awtorlyk hukuklaryny hormatlaň.
Duýduryş: Şu enjamdaky jaňly sagatdan başga ähli
hyzmatlary ulanmak üçin, enjam ýakylan bolmaly.
Öýjükli enjamlary ulanmaklyk päsgelçilik ýa-da
howpuň sebäbi bolup bilýän bolsa enjamy ýakmaň.
Page 8
■ Aragatnaşyk hyzmatlary
Telefony ulanmak üçin Sizde aragatnaşyk hyzmatlary
tarapyndan üpjünçi bolmaly. Enjamlaryň köpüsi ýörite ulgam
serişdelerini talap edýär. Bu aýratyn enjamlaryň hemme
aragatnaşyk hyzmatlarda elýeterli bolmazlygy mümkin; käbir
aragatnaşyk hyzmatlary bu hyzmatlary ulanmagyňyzdan ozal,
ýerli hyzmat üpjünçi bilen ýörite şertnama baglaşmagyňyzy
Sizden talap edip bilerler. Ýerli hyzmat üpjünçi Size
gollanmalar we tölegler barada maglumat berip biler. Käbir
aragatnaşyk hyzmatlarynda Siziň aragatnaşyk hyzmatlaryny
ulanmagyňyza täsir edip biljek çäklendirmeler bardyr. Mysal
üçin, käbir aragatnaşyk hyzmatlary dillere bagly nyşanlaryň we
hyzmatlaryň ählisini goldap bilmezler.
Ýerli hyzmat üpjünçi bu enjamdaky käbir aýratyn hyzmatlaryň
ýatyrylmagyny ýa-da işletilmezligini talap edip biler. Eger-de
şeýle ýagdaý bar bolsa, onda bu aýratyn hyzmatlar bu enjamyň
menýusynda görkezilmez. Olardan başga-da enjamyň menýu
atlarynda, menýu tertibinde we nyşanlarynda üýtgeşmeleri
bolan ýörite düzeltmeleri bolup biler. Doly maglumat üçin ýerli
üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
■ Nokia Web goldaýar
Siziň Nokia önümiňize degişli bolan gollanmanyň täze
nusgasyny, goşmaça maglumat, ýükläp almalar we hyzmat
edişler barada www.nokia.com/support salgyny ýa-da ýerli
Nokia web sahypasyny görüň.
8
Page 9
9
1. Ulanmak barada görkezme
■ SIM kardy we batareýany goýuň
Elmydama batareýany aýyrmazdan ozal enjamy öçüriň, hem-de
güýçlendirmek gurluşyny aýyryň.
SIM kartlary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
SIM kart hyzmatyny ulanmaklyk we elýeterligi barada maglumat
üçin SIM kart hyzmat merkezine ýüz tutuň. Bu ýerli üpjünçi
hyzmat merkezi, aragatnaşyk hyzmat merkezi ýa-da başga
hyzmat merkezi bolup biler.
Bu telefon BL-5CA batareýasy bilen ulanmak üçin niýetlenen.
1. Yzky gapagy süýşürip açyň (1). Batareýany galdyryň we ony
aýyryň (2).
2. Seresaplyk bilen SIM kart saklaýjyny ýörite tutulýan
ýerinden tutup galdyryň (3). SIM kardy saklaýjy ýerine
kesilen burçy ýokarky sag tarapda we gyzyl reňkli
birikdirmesi aşaga seredilen görnüşde goýuň (4). SIM kart
saklaýjyny ýapyň we ony ýerine oturtmak üçin basyň (5).
Page 10
3. Batareýany goýuň we yzky gapagy ýapyň (6, 7).
Bellik: Elmydama gapagy aýyrmazdan ozal elektrik
toky öçüriň, güýçlendirmek gurluşy we beýleki gurluş
birikdirmelerini aýyryň. Gapagy çalyşýan wagtyňyzda
elektron düzümlerini ellemekden gaça duruň. Enjamy
saklanyňyzda we ulananyňyzda gapak elmydama
ýapyk ýagdaýda bolmaly.
■ Batareýany güýçlendirmek
Duýduryş: Bu aýratyn görnüşli enjam bilen
ulanmak üçin diňe Nokia tarapyndan makullanan
batareýalary, güýçlendirmek gurluşlary we goşmaça
goldaýjy gurluşlary ulanyň. Başga görnüşli gurluşlary
ulanmaklyk kepil geçmeleriň kanuny güýjüni ýitirip
biler we howply bolup biler.
10
Page 11
11
Şu enjamy ulanmazdan ozal, ähli güýçlendirmek gurluşlarynyň
nusga belgisini barlaň. Bu enjam AC-3 görnüşli güýçlendirmek
gurluşy bilen ulanmak uçin niýetlenen.
Makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlaryň elýeterligi barada
ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň. Haçan-da goldaýjy
gurluşlary elektrik tok birikdirmesini aýyranyňyzda, olaryň
gysgyçyny basyp aýyryň.
1. Güýçlendirmek gurluşyny tok rozetkasyna
birikdiriň.
2. Güýçlendirmek gurluşyny telefona
birikdiriň. Batareýanyň dereje görkezijisi
işlep başlar. Batareýa doly güýçlenenden soňra dereje
görkezijisi togtaýar.
Maglumat: Elektrik togyny tygşytlamak üçin, batareýa
doly güýçlendirilenden soň güýçlendirmek gurluşyny
aýyryň.
Eger-de batareýa güýçini doly ýitiren bolsa, onda güýçlendirmek
görkezijisi ekranda görkezilmegi üçin, ýa-da jaň edilmegi üçin,
birnäçe minut wagt gerek bolmagy mümkin.
Page 12
■ Işletmek we öçürmek
Gutarmak düwmesini basyp saklaň.
Enjamy diňe kadaly işleýän görnüşde
ulanyň.
Bu enjamyň içerki antennasy bardyr.
Bellik: Ähli radio gurluşy ýaly, antenna ulanylýan
wagtynda zerur bolmasa, antennany ellemäň. Mysal
üçin, telefon jaňy wagtynda, öýjükli antennany
ellemäň. Geçirýän ýa-da kabul ediýän antenna bilen
galtaşmak radio aragatnaşygyň hiline täsir edýär,
enjamy zerur bolmadyk, has ýokary tok derejesinde
işlemeklige mejbur edip we batareýanyň möhletini
azaldyp biler.
Bellik: Bu birikdirmeni ellemäň,
ol diňe makullanan hyzmat
merkezi işgärler tarapyndan
ulanmak üçin niýetlenen.
12
Page 13
13
2. Siziň telefonyňyz
■ Düwmeler we bölümler
Aragatnaşyk hyzmat ady ýa-da operator nyşany (1)
•
Aragatnaşyk hyzmatyň signal
•
derejesi (2)
Batareýa güýjüniň derejesi (3)
•
Eşidiş gurluşy (4)
•
Gaty gepleşmek gurluşy (5)
•
Ýagtylyk çyrasy (6)
•
Düwmeleri işletmek tertiplerini
•
saýlamak (7)
Düwmeleri saýlamak (8)
•
Navi™ düwmesi (9),
•
geljekde ulanylylýan aýlaw
düwmesi
Jaň etmek düwmesi (10)
•
Öçürmek/işletmek
•
düwmesi (11)
Düwmeler (12)
•
Güýçlendirmek gurluşyň birikdirmesi (13)
•
Diňlemek gurluşynyň birikdirmesi (14)
•
Page 14
■ Esasy hyzmatlar
Şu aşakdaky hyzmatlary ulanmak üçin Menýu saýlaň:
Habarlar — ýazmak, ibermek, açmak we habarlay dolandyrmak
üçin
Aragatnaşyklar — atlary we telefon belgilerini SIM kart ýa-da
telefonyň ýadynda saklamak üçin
Jaň hasabaty — jaň edilen, kabul edilen we kabul edilmedik
telefon belgilerini görmek üçin
Düzeltmeler — telefonyň islendik hyzmatlaryny düzmek üçin
Jaň sagaty — oýarmak jaňynyň wagtyny düzmek üçin
Ýatlatmalar — ýatlatmalary dolandyrmak üçin
Oýunlar — oýunlary düzmek ýa-da ornaşdyrylan oýünlary
oýnamak üçin
Goşmaça hyzmatlar — Kalkulýator, Öwürmeler, Wagt hasabaty,
Senenama, Wagt ölçegiç, Saz döretmek, Görkezmek tertibi, we
Ýagtylyk çyrasy ulanmak üçin
SIM hyzmatlary — SIM kart goldaýan goşmaça hyzmatlary
ulanmak üçin
■ Jaň etmek we jaňa jogap bermek
Jaň etmek üçin telefon belgisini giriziň, eger zerur bolsa yurt
kody we sebit koduny giriziň. Telefon belgisine jaň etmek üçin
jaň etmek düwmesini basyň. Telefon jaňy wagtynda telefonyň
14
Page 15
15
diňlemek çukurjygynyň ýa-da diňlemek gurluşyň ses derejesini
gataltmak üçin saga we peseltmek üçin çepe aýlaň.
Jaňa jogap bermek üçin jaň etmek düwmesini basyň. Jaňy ret
etmek üçin gutarmak düwmesini basyň.
■ Gaty gepleşmek gurluşy
Eger mümkin bolsa, telefon jaňy wagtynda Gaty gepleşmek ýada Gaty gepleşik hyzmatyny saýlap bilersiňiz.
Duýduryş: Gaty gepleşmek gurluşy ulanylanda,
enjamy gulagyňyzyň ýakynynda saklamaň, sebäbi ses
örän gaty bolmagy mümkin.
■ Tekst ýazmak
Siz teksti adaty tekst ýa-da ukyply tekst arkaly ýazyp
bilersiňiz. Adaty teksti girizmek üçin gerek harp peýda bolýança
düwmeni gaýtalap basyň. Tekst ýazylýan wagtynda ukyply tekst
girizmek hyzmatyna geçmek üçin Görnüşler > Sözlük we gerekli
dili saýlaň; öçürmek üçin Görnüşler > Sözlük > Sözlügi öçürmek saýlaň.
Ukyply tekst girizmek hyzmaty ulanylýan wagtynda, bir harp
üçin düwmeni bir gezek basyň. Islenilýän söz görkezilen
wagtynda 0 basyň we indiki sözi ýazyp başlaň. Sözi özgertmek
üçin * düwmesini islenilýän söz peýda bolýança gaýtalap
basyň. Eger sözden soň ? görkezilse, söz sözlukde ýokdygyny
Page 16
aňladýar. Sözlüge söz goşmak üçin Aýdyş saýlaň, soňra sözi
giriziň (adaty tekst girizmegi ulanyň) we OK saýlaň.
Tekst ýazmak üçin maglumat: ýer goşmak üçin 0. Tekst girizmek
görnüşini tiz özgertmek üçin # gaýtalap basyň we ekranyň
ýokaryndaky görkezijini barlaň. San goşmak üçin islenilýän
sany basyp saklaň. Adaty tekst girizmek hyzmaty ulanylýan
wagtynda, ýörite nyşanlar sanawyny açmak üçin * basyň;
ukyply tekst girizmek hyzmaty ulanylýan wagtynda * basyp
saklaň. Düzediş wagtynda öçürilen habary ýzýna gaýtarmak
üçin Görnüşler > Öçürmegi ýatyrmak saýlaň.
■ Habar
Habar hyzmatlaryny diňe ýerli üpjünçi ýa-da aragatnaşyk
hyzmaty tarapyndan goldanýan bolsa ulanyp bolar.
Enjam ýeke habar üçin belgileriň sany çäkden daşary bolan
tekst habarlaryny ibermegi goldaýar. Uzyn habarlar iki ýa-da
ondan köp yzygiderli habarlar hökmünde iberilýär. Ýerli üpjünçi
hyzmat merkezi şoňa görä tölegi talap edip biler. Basym
belgilerini ýa-da beýleki belgileri ulanýan nyşanlar, we käbir
dilleriň nyşanlary, mysal üçin Hytaý dili köp ýer tutýarlar, hem-de
ýeke habarda iberilip bilinjek nyşanlaryň sanyny çäklendirýärler.
1. Menýu > Habarlar > Habar ýazmak saýlaň.
2. Habary ýazyň.
3. Habary ibermek üçin Görnüşler > Ibermek we kabul edýän
telefon belgini giriziň, soňra OK basyň.
16
Page 17
17
Bellik: Bu enjam düzülen maksatnama arkaly habar
merkezi belgisine iberilen habar barada maglumat
görkezip biler. Enjam niýetlenen salgy tarapyndan
habar kabul edilendigi barada maglumat görkezip
bilmez. Habar hyzmatlary barada doly maglumat üçin
ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýuz tutuň.
Hemme okalan habarlary ýa-da bukjadaky habarlary öçürmek
üçin Menýu > Habarlar > Habarlary öçürmek > Hemme okalan
ýa-da islenilýän bukjany.
■ Aragatnaşyklar
Siz atlary we telefon belgileri telefonyň ýa-da SIM kart ýadyda
saklap bilersiňiz. Telefonyň kitabynda 200 at saklanylyp biliner.
Aragatnaşyk adyny gözlemek üçin, garaşmak tertip hyzmaty
wagtynda aşak aýlaň we adyň birinji harpyny giriziň. Islenilýän
ady saýlaň.
Ýa-da Menýu > Aragatnaşyklar we aşakdaky görkezmelerden
saýlap bilersiňiz:
Aragatnaşyk goşmak — telefonyň kitabynda atlary we telefon
belgileri saklamak üçin
Nusga göçürmek — atlary we telefon belgileri hemmesini birden
ýa-da ýeke-ýekeden telefon kitabyndan SIM kart kitabyna
nusga göçürmek üçin, ýa-da şu amaly yzyna gaýtalamak üçin.
Page 18
■ Ýagtylyk çyrasy
Ýagtylyk çyrasyny öçürmek ýa-da ýakmak üçin Menýu >
Goşmaça hyzmatlar > Ýagtylyk çyrasy > Ýakmak ýa-da
Öçürmek saýlaň.
■ Kiçi telefon kitaby
Telefon elmydama ulanylýan atlar üçin bäş sany aýratyn telefon
kitabyny goldaýar. Eger-da kiçi telefon kitap hyzmaty işjeň
bolsa, onda diňe işjeň telefon kitabynda bar atlar görkeziler.
Kiçi telefon kitabyny işjeňleşdirmek üçin Menýu >
Aragatnaşyklar > Düzeltmeler > Kiçi telefon kitaby > Telefon
kitabynyň görnüşi > Kiçi telefon kitaby saýlaň. Telefon kitabyny işjeňleşdirmek üçin Menýu > Aragatnaşyklar > Düzeltmeler >
Kiçi telefon kitaby > Işjeň telefon kitaby we islenilýän telefon
kitaby ýa-da Umumy aragatnaşyklar saýlaň.
Aragatnaşyk ady bir sany ýa-da birden köp telefon kitabynda
saklanylyp bilner. Umumy aragatnaşyklar kitabynda saklanan
atlary hemme telefonyň kitabynda peýdalanyp bolar.
Aragatnaşyk adyny bir sany ýa-da birden köp telefon kitabynda
bellemek üçin Menýu > Aragatnaşyklar > Düzeltmeler > Kiçi telefon kitaby > Aragatnaşyklary dolandyrmak saýlaň. Islenilýän
aragatnaşyk adyny saýlaň. Aragatnaşyk adyny islenilýän
telefon kitaplarynda saklamak üçin, kitaplary belläň we Ýerine
ýetirmek > Hawa saýlaň.
18
Page 19
19
Telefon kitabynyň adyny özgertmek üçin Menýu >
Aragatnaşyklar > Düzeltmeler > Kiçi telefon kitaby > Telefon
kitabynyň adyny özgertmek we islenilýän telefon kitabyny
saýlaň.
Page 20
3.
Batareýa barada maglumat
■
Güýçlendirmek we güýjini aýyrmak
Bu enjam täzeden güýçlendirilen batareýa bilen üpjün edilen.
Batareýa köp gezek güýçlendirilip we güýji aýyrylyp biliner, emma,
soňlyk bilen ol ýaramlylygyny ýitirer. Eger-de gepleşik we garaşmak
tertipde işlemek wagty adaty ýagdaýdan az bolsa, batareýany
çalyşyň. Diňe Nokia tarapyndan makullanan batareýalary we
şu enjam üçin niýetlenilip öndürilen batareýany güýçlendirmek
gurluşlaryny ulanyň.
Egerde çalşylýan batareýa birinji gezek ulanylýan bolsa, ýa-da
batareýa uzak wagtyň dowamynda ulanylmadyk bolsa, onda
batareýany güýçlendirmek üçin, güýçlendirmek gurluşyny
birikdirmeli, ondan soň ony birikdirmeden aýrmaly, we täzeden
birikdirmeli bolar.
Enjam we güýçlendirmek gurluşy ulanylmaýan wagta elektrik
tokdan aýyryň. Doly güýçlendirilen batareýany güýçlendirmek
gurluşa birikdirip goýmaň, sebäbi gereginden köp güýç almaklyk
batareýanyň möhletini azaldýar. Eger-de doly güýçlendirilen
batareýa ulanylmasa, wagtyň geçmegi bilen ol öz güýjini ýitirýär.
Eger-de batareýa güýjini doly ýitiren bolsa, onda güýçlendirmek
görkezijisi ekranda görkezilmegi üçin, ýa-da jaň edilmegi üçin,
birnäçe minut wagt gerek bolmagy mümkin.
Batareýany diňe oňa niýetlenilen maksat üçin ulanyň. Hiç haçan
20
Page 21
21
zaýalanan batareýany ýa-da güýçlendirmek gurluşyny ulanmaň.
Batareýany gysga utgaşdyrmaň. Tötänleýin gysga utgaşma
demir zatlar, mysal üçin teňňe, gaýçy ýa-da ruçka ýaly zatrary
batareýanyň goşmak (+) we aýyrmak (-) taraplaryna gös-göni
birikdirilende bolup biler. (Olar batareýanyň metal zolaklaryna
meňzeşdirler) Şeýle ýagdaý, mysal üçin, Siz ätiýaç batareýany
bukjaňyzda ýa-da gapjygyňyzda götereniňizde bolup biler.
Gysga utgaşma batareýany ýa-da birikdirmek serişdesini
zaýalap biler.
Batareýany sowuk ýa-da gyzgyn ýerlerde, mysal üçin tomus
ýa-da gyş wagtlarynda ýapyk awtoulagda goýup gitmek,
batareýanyň ýaramlylygyny we möhletini azaldýar. Elmydama
batareýany 15°C we 25°C (59°F we 77°F) aralygynda
saklamaga çalyşyň. Enjamyň batareýasy örän gyzgyn ýa-da
sowuk ahwalatda, hatda batareýa doly güýç alan bolsa hem, ol
wagtlaýyn işlemezligi mümkin. Doňdurma nokadyndan has aşak
temperaturalarda batareýanyň işleýişi örän çäklendiriliner.
Batareýalary oda taşlamaň, sebäbi olar partlap bilerler. Batareýalar
zaýalanan bolsalar hem partlap bilerler. Batareýalary ýerli
düzgünleşdirmelere laýyklykda taşlaň. Ony mümkin bolsa
gaýtadan işlemäge beriň. Ony hojalyk taşlandy hökmünde
taşlamaň.
Öýjük böleklerini we batareýalary böleklemäň. Batareýa
suwa gaçan ýagdaýynda, suwuklygyň deri ýa-da göz bilen
galtaşmagyna ýol bermäň. Bu suwuklygyň galtaşan ýagdaýnda,
deriňizi ýa-da gözüňizi derrew täze suw bilen ýuwuň, ýa-da
lukmançylyk kömegini alyň.
Page 22
■ Nokia batareýasynyň
hakykylygyny bilmek boýunça
görkezmeler
Öz howpsuzlygyňyz üçin elmydama hakyky Nokia batareýalaryny
ulanyň. Hakyky Nokia batareýasyny alandygyňyzy bilmek üçin,
ony ýerli Nokia wekilliginden alyň, onuň daşynda görkezilen
Nokianyň Hakyky Goldaýjy belligini tapyň, hem-de gologramma
belgilerini aşakdaky usullary ulanyp barlap görüň.
Görkezilen dört usulyndan peýdalanmak, batareýanyň
hakykylygyny umumy kepillendirmeýär. Eger-de batareýa
hakyky Nokia batareýasy däldigine Siziň ynanjyňyz bolmasa,
onda ony ulanmazdan ozal, ýerli Nokia hyzmat mekezine
ýa-da wekilligine kömek üçin ýüz tutuň. Nokia hyzmat ediş
merkezi ýa-da wekilligi batareýany hakykylygyny barlar. Eger-de
hakykylygy tassyklanmasa, onda batareýany satyn alan ýeriňize
gaýdyp beriň.
22
Page 23
23
Gologrammanyň hakykylygyny bilmek
1. Bellikdäki gologramma sereden
wagtyňyzda, Siz bir burçdan
Nokianyň birleşdirilen eller nyşanyny
we beýleki burçdan seredeniňizde,
Nokianyň Hakyky Goşmaça
Goldaýjylar nyşanyny görmelisiňiz.
2. Haçan-da Siz gologrammany çep,
sag, aşak we ýokary burçlardan
göreniňizde Siz her tarapa
degişlilikde 1, 2, 3 we 4 köp nokatlary
görmelisiňiz.
3. Belligiň bir tarapyny 20 sanly belgini
görmek üçin çyzyp öçüriň, mysal
üçin, 12345678919876543210.
Sanlar ýokarda durar ýaly edip
batareýany öwüriň. 20 sanly belgi
aşakdaky hataryň yzynda jaýlaşan
ýokarky hatardaky sandan başlap
okalýar.
Page 24
4. 20 sanly belginiň takyklygyny
www.nokia.com/batterycheck salgyda
ýerleşdirilen görkezmelere laýyklykda
barlap görüň.
Tekst habaryny ýazmak üçin, 20 sanly belgini giriziň,
mysal üçin, 12345678919876543210, hem-de ony
+44 7786 200276 iberiň.
Milli we halkara amallar tölegleri tölenilmelidir.
Siz belginiň hakykylygy barada habary alarsyňyz.
Eger-de batareýa hakyky bolmasa?
Eger-de Siz Nokia batareýasyny we belligindeki gologrammany
hakykylygyny tassyklap bilmeseňiz onda, batareýany ulanmaň.
Ony ýerli Nokia hyzmat merkezine ýa-da wekilligine eltiň.
Öndüriji tarapyndan makullanmadyk batareýany ulanmak
howply bolup biler, enjamy erbet işleýişe getirip biler hem-de
enjamy we goşmaça goldaýjy gurluşlary zaýalap biler. Bu
enjama degişli hemme kepilleriň kanuny güýjüni ýitirip biler.
Hakyky Nokia batareýalary barada goşmaça maglumatlar üçin
www.nokia.com/battery salgyny görüň.
24
Page 25
25
Aladalamak we goldamak
Bu enjam ýokary bezeg we ussatlygyň önümidir we ony ätiýaçly
ulanmaly. Aşakdaky teklipler Size kepili saklamak üçin kömek
ederler.
Enjamy gurak görnüşde saklaň. Suwly, yzgarly ýa-da öz
•
içinde minirallary saklap biljek ähli suwly serişdeler, elektron
düzümlere täsir edip biler. Eger enjama suw degen bolsa,
onda batareýany aýyryň we enjamy guradyň.
Enjamy tozaňly we hapa ýerlerde ulanmaň we saklamaň.
•
Onuň aýyrylýan bölekleri we elektron bölekleri zaýalanyp
biliner.
Enjamy gyzgyn ýerlerde saklamaň. Gyzgyn temperatura
•
elektron gurluşlaryň işleýiş möhletini azaldýar, batareýalary
zaýalap biler, hem-de käbir plastik serişdeleri eredip biler.
Enjamy sowuk ýerlerde saklamaň. Haçan-da enjam kadaly
•
temperatura şertine gaýdyp gelende, enjam içinde çyglylyk
emele gelmegi mümkin we elektron düzümleri zaýalanyp
biliner.
Şu gollanmada görkezilen usullardan başga usullar bilen
•
enjamy açmaga synanyşmaň.
Enjamy gaçyrmaň, çakyşdyrmaň we silkelemeň.
•
Gödek ulanmaklyk içerki düzüm böleklerini we mehanikany
döwüp biler.
Page 26
Himiki serişdeleri, erediş arassalaýjylary ýa-da güýçli ýuwujy
•
serişdeleri enjamy arassalamak üçin ulanmaň.
Enjama boýag çalmaň. Boýag aýyrylýan bölekleri we
•
amallary kadaly işlemegligine täsir edib biler.
Antennany çalşanyňyzda diňe özinde berilen we makullanan
•
antennany ulanyň. Makullanmadyk antennalar, üýtgetmeler
ýa-da goşundylar enjamy zaýalap biler, we radio gurluşlary
dolandyrýan düzgünlerini bozylmaklygyna getirip biler.
Güýçlendirmek gurluşlary öýüň içinde ulanyň.
•
Elmydama maglumatlaryň, mysal üçin gatnaşyklaryň we
Enjamy kadaly işlemegligi üçin, käwagt enjamy öçüriň we
•
batareýany aýyrýň.
Bu teklipler enjama, batareýa, güýçlendirmek gurluşa we ähli
goşmaça goldaýjy gurluşlara degişlidir. Eger-de gurluşlaryň
biri kadaly işlemeýän bolsa, ony sazlamak üçin hyzmat
merkezine eltiň.
26
Page 27
27
Zibil ýerleşdirmek
Bu enjamda, resminamada ýa-da gaplamada görkezilen
çyzylan tigirli bedre belligi Ýewropa Bileleşiginiň
çäklerinde ähli elektrik we elektron önümleri, batareýalar
we akkumulýatorlaryň ulanylyş möhleti tamamlanandan
soňra aýratyn topara ýygnanylmagynyň hökmandygyny
aňladýar. Bu önümleri aýratynlanmadyk ýerli taşlandy
hökmünde ýerleşdirmäň.
Bu önümleriň aýratyn topara ýygnanylmagy, gözegçilige
alynmaýan zibiller netijesinde daş töwerege ýa-da
adam saglygyna bolup biljek zyýanyň öňüni almaga we
önümçilik mallaryň zyýansyz tazeden ulanylmagyna
münkinçilik berýär. Aýratyn topara ýygnanylmak hakda
maglumat enjamy satyjyda, ýerli zibil ýerleşdirmek
kärhanalarynda, milli öndürijileriň gözekçilik guramalarynda
ýa-da ýerli Nokia wekilliginde alnyp bilner. Goşmaça
maglumat üçin, önümiň Eco-Beýannamasyny ýa-da
ýurt boýunça ýörite maglumatyny www.nokia.com
salgydan görüň.
Page 28
Goşmaça howpsuzlyk üçin
maglumatlar
■ Kiçi çagalar
Bu enjamyň we oňa degişli goldaýjy gurluşlaryň kiçi bölekleri
bolup biler. Olary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
■ Işletmek ahwalaty
Hemme ýerlerde hereket edýän ýörite düzgünleşdirmeleri berjaý
etmegi ýatdan çykarmaň, enjamy ulanmak gadagan ýa-da onuň
ulanylmagy päsgelçiligiň we howpuň sebäbi bolmagy mümkin
bolsa, ony işletmäň. Enjamy diňe kadaly görnüşde ulanyň. Bu
enjam adaty gulagyň garşysynda ulanylanda , ýa-da göwreden iň
azyndan 2,2.santimetr (7/8dýum) daşlykda ýerleşdirilende hem
RF täsir etmek görkezmelerine laýyk gelýändir. Telefony götermek
üçin kemer ildirgiji we göwrede götermek üçin saklaýjy gapjyk
ulanylanylýan bolsa, ýa-da telefon bukjada göterilen bolsa, olar
öz içinde demir saklamaly däldirler, we enjamy görkezilen ýaly
göwreňizden kadaly aralykda ýerleşdirilmeli.
Maglumatlar faýllaryny ýa-da habarlary geçirmek üçin bu enjam
aragatnaşyk hyzmatlaryndan ýokary hilli baglanyşygyny talap
edýär. Kabir ýagdaýlarda, maglumatlar faýllaryny ýa-da
habarlary geçirmek bu hilli baglanşyk elýeterli bolýança
28
Page 29
29
uzaklaşdyrylyp biliner. Geçirmek amallary gutarýança, aralyk
goýmak görkezmeleri ýerine ýetirilýändigine gözegçilik ediň.
Bu enjamyň bölekleri magnitlidir. Enjama demir jisimlary
çekilip bilinerler. Kredit kartlary ýa-da beýleki magnitli mediýa
maglumatlaryny saklaýjylary enjamyň golaýynda goýmaň,
sebäbi olarda saklanylýan maglumat öçürilip biliner.
■ Lukmançylyk abzallary
Ähli radio-ýaýlym geçirýän enjamlar işleýşi ýaly, şol sanda
öýjükli telefonlar, ýeterlik derejede goralmadyk lukmançylyk
abzallaryň işlemek ukybyna päsgel berip bilerler. Lukmançylyk
abzallaryň daşky (RF) energiýasyndan ýeterlik derejede
goralandygyny anyklamak üçin, ýa-da Sizde goşmaça
soraglar bar bolsa, lukman bilen ýa-da lukmançylyk abzalynyň
öndürijisi bilen maslahatlaşyň. Saglygy goraýyş edaralarynda
we düzgünamalar bilen görkezilen ýerlerde enjamy öçüriň.
Hassahanalarda ýa-da saglygy goraýyş edaralarynda daşky
(RF) energiýa duýgur abzallary ulanylylmagy mümkin.
Içe goýylýan lykmançylyk gurluşlar
Lukmançylyk gurluşlary öndürijiler öýjükli enjam we içe goýlan
lukmançylyk gurluşy bilen, mysal üçin kardiostimulýator ýa-da
içe goýylan kardiotizleşdirmek debrilýator arasynda bolup biljek
päsgelçilikden gaça durmak üçin iň azyndan 15.3 santimetr
(6 dýum) aralygyň bolmagyny maslahat berýärler. Agzalýan
gurluşlary bar bolan adamlara şu maslahatlar berilýär:
Page 30
Öýjükli enjam işleýän wagtynda ony elmydama lukmançylyk
•
gurluşyndan 15.3 santimetrdan (6 dýum) köpräk aralykda
saklaň.
Öyjükli enjamy gursak jübüsinde götermäň.
•
Päsgelçiligi azaltmak üçin öyjükli enjamy gulagyňyza
•
tutanyňyzda lukmançylyk gurluşyna garşylyk tarapda saklaň.
Eger-de päsgelçiligi duýan bolsaňyz, onda öyjükli enjamy
•
derrew öçüriň.
Içe goýylýan lukmançylyk gurluşlary öndürijileriň
•
görkezmelerini okaň we olary saklaň.
Eger-de Sizde öýjükli enjam bilen içe goýylýan lukmançylyk
gurluşyny ulanmaklyk barada soragyňyz bolsa, onda
lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
Eşidiş gurluşy
Sanly öýjükli gurluşlaryň köpsi käbir eşidiş gurluşlara päsgel
berip bilerler. Eger-de päsgelçilik bar bolsa, onda ýerli üpjünçi
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
■ Awtoulaglar
RF signallar motorly awtoulagda nädogry dikeldilen elektronik
ulgamlar, mysal üçin, ýangyç elektronik inžektor ulgamy,
gabamaga garşy togtamak ulgamlary, tizligi elektronik usulda
gözegçilik ulgamlary we howa howpsuzlyk ýassygy ulgamlary
ýaly ulgamlaryna täsir edip biler. Awtoulagda goşmaça üpjün
30
Page 31
31
edilen enjamlar barada doly maglumat üçin, awtoulagyň
öndürijisi ýa-da onuň wekiligine ýüz tutuň.
Diňe ökde hünerli işkärler enjamy hyzmat edip ýa-da ony
awtoulagda ornaşdyryp bilerler. Ýalňyş ornaşdyrmak ýa-da
hyzmat etmek işleri howply bolup biler we enjama degişli bolan
kepil geçmeleriň kanuny güýjüni ýatyryp biler. Öz awtoulagyňyza
ähli öýjükli gurluş enjamlaryň kadaly birikdirilendigini we
işleýändigini öz wagtynda barlap duruň. Ýanyjy suwuklyklary,
gazlary ýa-da partlaýjy maddalary we onuň böleklerini ýa-da oňa
birikdirilýän goşundylary enjam bilen bir ýerde saklamaň. Ýatda
Saklaň, awtoulaglarda üpjün edilen howpsuzlyk howa ýassygy
uly güýç bilen çişirilýär. Göterme öýjükli gurluşlary we beýleki
serişdeleri howpsuzlyk howa ýassygy ýanynda ýa-da onuň
açylýan ýerinde goýmaň. Eger-de, awtoulagdaky öýjükli enjam
kadaly ornaşdyrylmadyk bolsa, onda howpsuzlyk howa ýassygy
çişirilende uly şikesiň ýetirilmegi mümkin.
Uçarda uçulýan wagtynda enjamy ulanmak gadagan edilendir.
Uçara münmeziňizden öň enjamy öçüriň. Öýjükli telegurluşlary
uçarda ulanylmagy, uçaryň amallaryny ýerine ýetirilmegine
howply bolup biler, öýjükli telefon aragatnaşygynyň işleýişini
bozup biler we kanuna garşy bolup biler.
■
Partlamaga mümkin bolup biljek ahwalat
Partlamaga mümkin bolup biljek daş-töwereklerde enjamy
öçüriň, ähli belgilere we görkezmelere eýeriň. Partlamaga
mümkin bolup biljek daş-töwerekler, şeýle hem Siziň
Page 32
awtoulagyňyzyň motoryny öçürmek gerekdigi barada maslahat
berilýän ýerleri öz içine alýar. Bu ýerlerde uçgun partlamanyň
ýa-da ot almagyň sebäbi bolup biler, olaryň netijesinde beden
şikesleri, hat-da ölüm ýagdaýlary hem bolup biler. Ýangyç
guýulýan merkezlerinde, şeýle hyzmat merkezleriň gaz
kranlary ýanynda enjamy öçüriň. Ýangyç saklanýan ýerlerde
we ýangyç guýulýan ýerlerde; himiki serişdeler saklanýan
kärhanalar ýanynda; ýa-da partlama işler geçirilip duran
ýerlerde radio enjamlaryny ulanmak boýunça çäklendirmelere
serediň. Partlamaga mümkin bolup biljek daş-töwerekler
köp halatlarda anyk belgilenendirler. Bu ýerlere gämilerdäki
palubanyň aşagy, himiki serişdeler geçirilýän ýa-da saklanýan
ýerler, suwuklandyrylan gazlary (propan we butan) ulanýan
awtoulaglar, hem-de howada himiki serişdeleriň bar ýerleri we
zerreler, çäge dänesi ýa-da metal tozanlary ýaly kiçijik bölekler
saklanýan ýerler girýärler.
■ Gyssagly kömek çagyryş
Möhüm: Öýjükli telefonlar, şol sanda şu enjam
radio signallaryny, öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny,
ýerdäki aragatnaşyk hyzmatlaryny we ulanyjy
maksatnama üpjünçilik hyzmatlaryny ulanyp işleýär.
Şular sebäpli hemme ýägdaýlarda baglanyşyklar
ýerine ýetirilip bilinmez. Lukmançylyk taýdan gyssagly
kömek ýagdaýlarda esasy aragatnaşyk üçin, Siz diňe
öýjükli gurluşlara ynanmaly dälsiňiz.
32
Page 33
33
Gyssagly kömek jaňyny etmek üçin:
1. Eger-de enjam ýakylmadyk bolsa, onda ony ýakyň. Signalyň
ýeterlik güýji barlygyny barlaň.
Käbir aragatnaşyk hyzmatlary takyk SIM kardyň enjama
kadaly goýylmagyny talap etmekleri mümkin.
2. Gutarmak düwmesini ekrany arassalamak we enjamy jaň
etmek üçin näçe gezek gerek bolsa, şonça basyň.
3. Siziň ýerleşýän ýeriňizde bellenen gyssagly kömek resmi
belgisini giriziň. Gyssagly kömek belgileri sebitler boýunça
dürli bolup bilerler.
4. Jaň etmek düwmesini basyň.
Eger-de käbir hyzmatlar ulanylýan bolsa, onda Siz gyssagly
kömek jaňyny etmezden öň, olaryň işlemegini togtatyň. Doly
maglumat üçin şu gollanmadan peýdalanyň ýa-da ýerli üpjünçi
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Gyssagly kömek jaňyny edeniňizde, ähli zerur maglumaty
mümkin boldugyça takyk beriň. Siziň öýjükli enjamyňyz waka
bolan ýerinde aragatnaşygyň ýeke-täk serişdesi bolmagy
mümkin. Tamamlamak barada rugsat berilýänçä aragatnaşyk
jaňyny gutarmaň.
Page 34
■ Şahadatnama maglumaty (SAR)
Bu öýjükli enjam radio tolkunlaryny sezewar etmeklik
düzgünnamalaryna laýyk gelýär.
Siziň öýjükli enjamyňyz radio tolkunlaryny geçirip we kabul edip
biler. Bu enjam radio tolkunlaryna sezewar etmeklik boýunça
halkara düzgünnamalar tarapyndan berilýän maslahatyň çäklerinden
çykmazlyk üçin niýetlenip düzülendir. Bu düzgünnamalar garaşsyz
ylmy gurama bolan ICNIRP tarapyndan işlenilip düzülendir, hem-de
ýaşyna we saglygyna seretmezden ähli adamlaryň goragyny üpjün
etmek üçin niýetlenilen howpsuzlyk çäklerini öz içine alýar.
Öýjükli enjamlar üçin sezewar etmek düzgünnamalar Ýörite Kabul
Ediş Görkezmeleri (Specic Absorption Rate, SAR) ady bilen
belli bolan ölçeg abzalyny ulanýar. ICNIRP düzgünnamalarynda
kesgitlenen SAR çäkleri dokumanyň 10 gramy boýunça takmynan
çykarylanda 2.0 watt/kilogramdyr (W/kg) SAR ölçegi enjamyň iň
ýokary güýç talap edilen wagtynda we tilsimat häsiýetnamalarynda
görkezilen, hem-de ýaýlymyň tutýan hemme meydanynda alynýar.
Işleýän enjamyň hakyky SAR derejesi iň ýokary derejeden aşak
bolup biler, sebäbi enjam diňe aragatnaşyk torlaryna ýetmek üçin
gerek bolan energiýa bilen işlemek üçin niýetlenilendir. Bu möçber
köp sebäbler boýunça üýtgep biler, mysal üçin Siziň we aragatnaşyk
hyzmatlar merkeziniň esasy ýerleşen ýeriniň arasyndaky menzile
bagly bolşy mümkin. Enjamy gulagyň ýanynda ulanmak boýunça
ICNIRP düzgünnamalarynda görkezilen iň ýokary SAR dereje
0.91 W/kg (RH-99) / 0.81 W/kg (RH-105).
34
Page 35
35
SAR derejeleri enjamyň goşundylaryny we goldaýjy gurluşlaryny
ulanmak boýunça dürli bolup biler. SAR derejeleri milli hasabatlara
we barlag talaplaryna hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryna görä
dürli bolup bilerler. Goşmaça SAR maglumat önümiň maglumaty
bar bolan www.nokia.com salgyda tapylyp bilner.
Loading...
+ hidden pages
You need points to download manuals.
1 point = 1 manual.
You can buy points or you can get point for every manual you upload.