
Nokia 1110i/1112 Gollanma
9255489
1 neşir TK

LAYÝKLYK BEÝANNAMASY
NOKIA KORPORASIÝASY şu RH 93 önümi 1999/5/EC
Direktiwasynyň düýp talaplaryna we beýleki degişli düzgünlerine
laýyk gelýändigini yglan edýär.
Layýklyk beýannamasynyň nusgasy http://www.nokia.com/
phones/declaration_of_conformity/ salgydan tapylyp bilner.
Çyzylan tigirli bedre Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde
önümiň ulanylyş möhleti tamamlanandan soňra
aýratyn topara ýygnanylmagynyň hökmandygyny
aňladýar. Bu Siziň enjamyňyza, şeýle hem şu belgi
bilen bellenen goşmaça goldaýjy gurluşlara degişlidir.
Bu önümleri aýratynlanmadyk ýerli (munisipal)
taşlandy hökmünde ýerleşdirmäň.
Awtorlyk hukugy© 2007 Nokia. Ähli hukuklar goralan.
Bu resminamanyň bölegini ýa-da ähli mazmunyny islendik
görnüşde köpeldilmegi, berilmegi, paýlanylmagy ýa-da
saklanylmagy Nokianyň öňünden berlen ýazmaça razyçylygy
bolmasa gadagandyr.

US Patent No 5818437 and other pending patents. T9 text input
software Copyright© 1997-2007. Tegic Communications, Inc.
All rights reserved.
Nokia we Nokia Connecting People Nokia Korporasiýasynyň
hasaba alnan söwda bellikleridir. Bu ýerde agzalýan beýleki
önümleriň ýa-da kompaniýalaryň atlary olaryň degişli eýeleriniň
söwda belligi ýa-da söwda atlary bolup bilerler.
Nokianyň sazy Nokia Korporasiýasynyň ses belligidir.
Nokia hemişelik ösüş syýasaty boýunça işleýär. Nokia
bu resminamada häsiýetlendirilen önümleriň islendigine
üýtgetmeleri we gowulandyrmalary öňünden duýdurmazdan
girizmek hukugyny saklaýar.
Nokia ähli ýagdaýda bolan maglumatlaryň ýa-da girdejiniň
ähli ýitgisi üçin ýa-da ýörite, islendik, tötänleýin, gös-göni we
gytaklaýyn sebäpler bilen bolan näsazlyklar üçin jogapkär däldir.
Bu resminamanyň mazmuny “bolşy ýaly” şertde görkezilen.
Hereket edýän kanundan başga ähli mese-mälim, göz öňünde
tutulýan ýa-da, emma diňe bular bilen çäklenilmeýän mesemälim bolmadyk ýörite maksada gabat gelýän we täjirçilik
ähmiýetli bolan kepil geçmeler resminamanyň takyklygyna,
ynamdarlygayna we mazmunyna degişli däldir. Nokia bu
resminamany öňünden duýdurmazdan islendik wagta gaýtadan
seretmek ýa-da yzyna almak hukugyny saklaýar.

Bu önümler üçin bölek önümleriň elýeterliligi sebitler boýunça
tapawutlanyp bilerler. Ýerli Nokia wekilligine ýüz tutuň.
BU ENJAM ABŞ WE BEÝLEKI ÝURTLARYŇ DAŞARY
ÝURDA ÝERLEMEK KANUNLARYNYŇ HEM-DE
DÜZGÜNLEŞDIRMELERINIŇ ASTYNA DÜŞÝÄN SARP EDIŞ
HARYTLARYNY, TILSIMATLARYNY ÝA-DA MAKSATNAMA
ÜPJÜNÇILIKLERINI ÖZÜNDE SAKLAP BILER. KANUNYŇ
GARŞYSYNA BOLAN ÄHLI ULANYŞ GADAGANDYR.
9255489/1 neşir TK

5
M a z m u n y
Mazmuny
Siziň howpsuzlygyňyz üçin ............................................ 7
Umumy maglumat
.............................................................13
Işletmek üçin kodlar .........................................................13
Umumy ýat ......................................................................14
1. Işe başlamak .............................................................. 15
Işi nähili başlamaly ..........................................................15
SIM kardy we batareýany salyň ...................................... 16
Batareýany zarýadlamak ................................................. 17
Işletmek we öçürmek .......................................................18
Ekranda görkezmek tertibi ...............................................19
Çalt çagyryş garaşmak tertibinde .................................... 20
Klawiaturany gulplamak .................................................. 21
2. Çagyryş jaň funksiýalary .......................................... 22
Jaň etmek we jaňa jogap bermek ....................................22
Gaty sesli gepleşmek gurluşy (gromkogoworitel) ............ 23
3. Tekst ýazmak ............................................................. 24
4. Menýu funksiýalary ................................................... 26
Habarlar ...........................................................................26

6
M a z m u n y
Gatnaşyklar .....................................................................30
Çagyryş jaňlar görkezijisi .................................................32
Düzmek ...........................................................................33
Sagat ............................................................................... 38
Ýatlatmalar ......................................................................39
Goşmaça funksiýalar ....................................................... 40
SIM hyzmatlar.................................................................. 42
5. Batareýa barada maglumat ...................................... 43
Zarýad bermek we zarýady aýyrmak .............................. 43
Nokia batareýasynyň hakykylygyny bilmek
boýunça görkezmeler ..................................................... 46
6. Goşmaça goldaýjy gurluşlar ....................................50
Aladalamak we goldamak ............................................. 51
Goşmaça howpsuzlyk üçin maglumatlar .................... 53

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
7
Siziň howpsuzlygyňyz üçin
Şu ýönekeý gollanmalary okaň. Olar boýunça eýermezlik
howply ýa-da kanuna garşy bolup biler. Goşmaça
maglumatlar üçin peýdalanyjynyň doly gollanmasyny okaň.
HOWPSUZ IŞLETMEK
Enjamy ulanmak gadagan ýa-da onuň
ulanylmagy päsgelçiligiň we howpuň sebäbi
bolmagy mümkin bolsa, ony işletmäň.
ÝOL HOWPSUZLYGY ILKINJIDIR
Ähli ýerli kanunlary berjaý ediň. Maşyn
süreniňizde dolandyrmak üçin öz elleriňizi
elmydama boş saklaň. Sürüp barýarkaňyz Siz
ilki bilen ýol howpsuzlygyna üns bermelisiňiz.
PÄSGELÇILIKLER
Ähli öýjükli enjamlara päsgelçilikler täsir edip
biler we şol sebäbli aragatnaşygyň hiliniň
peselmegi mümkin.

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
8
HASSAHANALARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Enjamy lukmançylyk
abzallary ýanynda öçüriň.
ÜÇARDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Öýjükli enjamlar
uçarda päsgelçilik döredip bilerler.
ÝANGYÇ GUÝULAN WAGTYNDA ÖÇÜRIŇ
Enjamy ýangyç guýulýan merkezde ulanmaň.
Ýangyjýn ýa-da himiki serişdeleriň ýanynda
ulanmaň.
PARTLAMA IŞLER YAKYNYNDA ÖÇÜRIŇ
Ähli çäklendirmeleri saklaň. Partlama işleri
geçirilýän ýerlerde enjamy ulanmaň.
DOGRY ULANYŇ
Enjamy resminamalarda görkezilişi ýaly diňe
kadaly görnüşde ulanyň. Zerur Bolmasa,
antennany ellemäň.
ÝOKARY HILLI HYZMAT
Bu önüm boýunça sazlamak we düzmek işlerini
diňe ökde hünärli işgärler geçirip bilerler.

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
9
GOŞMAÇA GOLDAÝJY GURLUŞLAR WE
BATAREÝALAR
Diňe makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlary
we batareýalary ulanyň. Özara utgaşdyrylmaýan
gurluşlary birikdirmäň.
SUWA DURNUKLYLYK
Siziň enjamyňyz suwa durnukly däldir. Ony gury
görnüşde saklaň.
ÄTIÝAÇLYK NUSGALARY
Enjamda saklanylan ähli möhüm maglumatlaryň
ätiýaçlyk nusgalaryny saklamak ýa-da olaryň
ýazmaça görnüşlerini saklamagy ýatdan
çykarmaň.
BAŞGA GURLUŞLARA BIRIKDIRMEK
Haçan-da başga gurluşlara birikdireniňizde,
onyň gollanmasynda görkezilen howpsuzlyk
düzgünlerini doly okaň. Özara utgaşdyrylmaýan
gurluşlary birikdirmäň.
GYSSAGLY KÖMEK ÇAGYRYŞ
Telefonyň ýakylandygyna we hyzmatlar
işleýändigine göz ýetiriň. Displeýi arassalamak

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
10
we garaşmak tertibine gaýdyp gelmek üçin
gutarmak düwmesini näçe gezek gerek bolsa
şonça-da basyň. Gyssagly kömek hyzmatyň
telefon belgisini giriziň we çagyryş düwmesini
basyň. Soňra özüňiziň durýan ýeriňiz hakda
habar beriň. Tamamlamak barada rugsat
berilýänçä aragatnaşyk jaňyny gutarmaň.
■ Siziň enjamyňyz barada
Bu gollanmada häsiýetlendirilen öýjükli enjam EGSM 900
we GSM 1800 aragatnaşyk hyzmatlarynda ulanmak üçin
niýetlenilendir. Aragatnaşyk hyzmatlary barada goşmaça
maglumat üçin ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Bu enjamy ulananyňyzda ähli kanunlary berjaý ediň,
başgalaryň hususy we kanuny hukuklaryny hormatlaň.
Duýduryş: Şu enjamdaky jaňly sagatdan başga
ähli hyzmatlary ulanmak üçin, enjam ýakylan
bolmaly. Öýjükli enjamlary ulanmaklyk päsgelçilik
ýa-da howpuň sebäbi bolup bilýän bolsa enjamy
ýakmaň.

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
11
■ Aragatnaşyk hyzmatlary
Telefony ulanmak üçin Sizde aragatnaşyk hyzmatlary
tarapyndan üpjünçi bolmaly. Bu enjamdaky hyzmatlaryň
köpüsini işlemegligi aragatnaşyk hyzmatlaryna baglydyr.
Käbir huzmatlar hemme aragatnaşyk hyzmatlarda elýeterli
bolmazlygy mümkin ýa-da bu aragatnaşyk hyzmatlaryny
ulanmagyňyzdan ozal, ýerli hyzmat üpjünçi bilen ýörite
şertnama baglaşmagyňyzy Sizden talap edip bilerler. Ýerli
hyzmat üpjünçi bu hyzmatlary ulamnak üçin Size goşmaça
gollanmalar we tölegler barada maglumat berip biler.
Käbir aragatnaşyk hyzmatlarynda Siziň aragatnaşyk
hyzmatlaryny ulanmagyňyza täsir edip biljek çäklendirmeler
bardyr. Mysal üçin, käbir aragatnaşyk hyzmatlary dillere
bagly nyşanlaryň we hyzmatlaryň ählisini goldap bilmezler.
Ýerli hyzmat üpjünçi bu enjamdaky käbir aýratyn
hyzmatlaryň ýatyrylmagyny ýa-da işletilmezligini talap edip
biler. Eger-de şeýle ýagdaý bar bolsa, onda bu aýratyn
hyzmatlar bu enjamyň menýusynda görkezilmez. Bu enjam
şeýle hem ýörite düzülip bilner. Bu düzletmeler arkaly
enjamyň menýu atlaryna, menýu tertibine we nyşanlaryň
görnüşlerine üýtgeşmeleri girizilip bilner. Doly maglumat
üçin ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.

S i z i ň h o w p s u z l y g y ň y z ü ç i n
12
■ Zarýad we goşmaça goldaýjy gurluşlar
Elmydama batareýany aýyrmazdan ozal enjamy öçüriň,
hem-de zarýad gurluşyny aýyryň.
Şu enjamy ulanmazdan ozal, ähli zarýad gurluşlarynyň
nusga belgisini barlaň. Bu enjam bilen AC-2, ACP-7 ýa-da
ACP-12 görnüşli zarýad gurluşy ulanylyp bilner.
Duýduryş: Bu aýratyn görnüşli enjam bilen
ulanmak üçin diňe Nokia tarapyndan makullanan
batareýalary, zarýad gurluşlary we goşmaça
goldaýjy gurluşlary ulanyň. Başga görnüşli
gurluşlary ulanmaklyk kepil geçmeleriň kanuny
güýjüni ýitirip biler we howply bolup biler.
Makullanan goşmaça goldaýjy gurluşlaryň elýeterligi
barada ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.

U m u m y m a g l u m a t
13
Umumy maglumat
■ Işletmek üçin kodlar
•
Howpsuzlyk kody telefony rugsatsyz ulanmakdan
goramak üçin niýetlenen. Öňünden girizilen kod 12345.
•
PIN - kod (şahsy kesgitlemek kody) telefony rugsatsyz
ulanmakdan goramak üçin niýetlenen.
•
PIN2 - kod käbir SIM kardlar bilen üpjün edilýär we belli
bir hyzmatlary ulanmak üçin talap edilýär.
•
PUK we PUK2 kodlary SIM kard bilen üpjün edilmegi
mümkin. Eger-de Siz PIN ýa-da PIN2 kody yzygiderli
üç gezek nädogry girizseňiz, Sizden PUK ýa-da PUK2
kody talap ediler. Eger-de olar Sizde bolmasa,ýerli
üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Howpsuzlygy düzmek we girmek kodlary ulanmagy
Ornaşdyrmak üçin Menýu > Düzmek > Howpsuzlygy
düzmek saýlaň.

U m u m y m a g l u m a t
14
■ Umumy ýat
Telefonyň umumy ýady şu aşakdaky hyzmatlar bilen
ulanylýar: Habarlar, Gatnaşyklar, we Sintezator. Bu
hyzmatlaryň biriniň ýa-da köpüsiniň ulanylmagy ýady başga
hyzmatlar üçin elýeterli bolmagyny çäklendirip ýa-da azaldyp
biler. Mysal üçin, tekst habarlaryň hemmesi saklanylsa,
elýeterlik ýadyň hemmesiniň ulanylmagy mümkin. Onda
umumy ýatda maglumat saklamak üçin synanyşanyňyzda
Siziň telefonyňyz ýadyň doludygy baradaky habary
görkezýär. Bu ýagdaýda, dowam etmezden öň, bölünýän
ýatdan gerek bolmadyk maglumatlary ýa-da ýazgylary
aýyryň. Käbir hyzmatlar, şonuň ýaly Gatnaşyklar ýadyň
üstüne goşmaça goşulan we başga hyzmatlar bilen
bilelikde ulanylýan ýadyň belli bir möçberini eýeläp biler.

I ş e b a ş l a m a k
15
1. Işe başlamak
■ Işi nähili başlamaly
Telefon ulanylmaga taýýar
bolsa we hiç bir nyşan
basylmadyk bolsa, onda
telefon garaşmak tertibindedir.
•
Ulgam hyzmat signaly (1)
•
Batareýanyň zarýad
derejesi (2)
•
Saýlamak düwmesi
funksiýalar (3)
•
Saýlamak klawişalary (4)
•
Aýlamak klawişalary (5)
•
Jaň etmek klawişasy (6)
•
Gutarmak klawişasy we
işletmek klawişasy (7)
•
Klawiatura (8)

I ş e b a ş l a m a k
16
■ SIM kardy we batareýany salyň
SIM kartlary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
SIM kart hyzmatyny ulanylmagy we elýeterligi barada
maglumat üçin SIM kart hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Bu ýerli üpjünçi hyzmat merkezi, aragatnaşyk hyzmat
merkezi ýa-da başga hyzmat merkezi bolup biler.
Bu telefon BL-5CA batareýasy bilen ulanmak üçin
niýetlenen.
1. Arka gapagy açmak düwmesini basyň (1), arka gapagy
açyň we ony aýyryň (2,3) Batareýany barmak bilen
tutulýan ýerinden tutup göteriň, we soňra ony aýyryň (4).

I ş e b a ş l a m a k
17
2. Seresaplyk bilen SIM kardy saklaýjyny barmak
tutulýan ýerinden tutup göteriň (5). SIM kardy salyň,
kesilen burçy ýokarky sag tarapda we gyzyl çaýylan
birikdirmesi aşak seredilendigine göz ýetiriň. SIM kard
saklaýjyny ýapyň (7), we soňra ony ýerine oturtmak
üçin basyň. Batareýany salyň (8, 9).
■ Batareýany zarýadlamak
1. Zarýad gurluşynyň tok rozetkasyna
birikdiriň.
2. Zarýad gurluşynyň simini telefonyň
aşagynda ýerleşen sökmesine
birikdiriň. Soňra batareýa görkezijisi
zarýad alynýanyny görkezip
başlaýar.

I ş e b a ş l a m a k
18
Eger-de Zarýadlan-maýar ekranda görkezilse, biraz
garaşyň, soňra birikdirmäni aýyryň we täzeden
birikdiriň. Eger-de zarýad berilmese, onda ýerli üpjünçi
hyzmat merkezine ýüz tutuň.
3. Batareýa zarýad dolan wagtynda zarýad dereje
görkezmesi togtaýar. Zarýad gurluşyny telefondan
aýyryň we soňra razetkadan öçüriň.
■ Işletmek we öçürmek
Öçürmek klawişasyny basyň we
birnäçe sekund saklaň.
Telefony diňe kadaly işleýän
wagtynda ulanyň.
Bu enjamyň içerki antennasy
bardyr.

I ş e b a ş l a m a k
19
Bellik: Ähli radio gurluşy ýaly, enjam işleýän
wagtynda zerur bolmasa antennany ellemäň.
Antenna bilen galtaşmak aragatnaşyk hiline
täsir edýär, enjamy zerur bolmadyk has ýokary
tok derejesinde işlemeklige mejbur edip biler.
Antenna kadaly işlenilmegi we batareýanyň
möhletini uzaltmak üçin, enjam ulanylýan
wagtynda antennany ellemäň.
Bellik: Şu birikdirmäni
ellemäkden gaça duruň,
sebäbi ol elektrostatik
togyň aýrylmagyna
duýgurdyr.
■ Ekranda görkezmek tertibi
Siz telefonyňyzda belli bir hyzmatlaryň ulanylmagyny görüp
bilersiňiz. Eger-de SIM kard goýulan bolmasa, Görkez >
Esasy, Yzy we Oýunlar saýlaň.
Eger-de SIM kard goýulan bolsa Menýu > Goşmaça
funksiýalar > Gökezme > Esasy ýa-da Yzy saýlaň.

I ş e b a ş l a m a k
20
■ Çalt çagyryş garaşmak tertibinde
Geçmek üçin aýlaň Çagyryş jaňlar.
Saklanylan atlara we belgilere geçmek üçin Gatnaşyklar
aýlaň.
Habar ýazmak üçin çepe aýlaň.
Görkezmek tertibe geçmek üçin saga aýlaň.
Gepleýän sagaty işletmek üçin * basyp saklaň.
Jaň etmek klawişasyny çagyrylan belgiler sanawyny
görmek üçin bir gezek basyň. Islendik jaň etmeli belgini
ýa-da ady saýlaň, soňra jaň etmek klawişasyny basyň.

I ş e b a ş l a m a k
21
■ Klawiaturany gulplamak
Garaşmak tertibinde klawişalary tötänleÿin
basmak üçin, Menýu saýlaň, soňra * basyň;
gulplamagy aýyrmak üçin,Gab.aý-k saýlaň,
soňra * basyň.
Egerde klawiatura gulplanan bolsa, bu
enjamda düzülen maksatnama arkaly
gyssagly kömek belgisine jaň etmek mümkin bolar.
Gyssagly kömek telefon belgisini giriziň we çagyryş
klawişasyny basyň. Girizilen gyssagly kömek belgisi
ekranda görkezilmezligi mümkin.

Ç a g y r y ş j a ň f u n k s i ý a l a r y
22
2. Çagyryş jaň funksiýalary
■ Jaň etmek we jaňa jogap bermek
Jaň etmek üçin şu aşakdaky görkezmeleri berjaý ediň:
1. Telefon belgini (eger gerek bolsa sebit kody) giriziň.
Eger gerek bolsa, ýurt kody girizmeli.
2. Belgä jaň etmek üçin jaň etmek klawişasyny basyň.
Jaň edilen wagtynda diňlemek gurluşynyň ýa-da telefon
çukurjygynyň sesini köpeltmek üçin saga we peseltmek
üçin çepe aýlaň.
Jaňa jogap bermek üçin jaň etmek klawişasyny basyň.
Jaňy ret etmek üçin jaňy gutarmak klawişasyny basyň.

Ç a g y r y ş j a ň f u n k s i ý a l a r y
23
■ Gaty sesli gepleşmek gurluşy
(gromkogoworitel)
Eger mümkin bolsa, Ses.gep. ýa-da Telefon. jaň
edilen wagtynda telefonyň çukurjygyny ýa-da gaty sesli
gepleşigini saýlap bilersiňiz.
Duýduryş: Gaty sesli gepleşmek gurluşy
(gromkogoworitel) ulanylanda telefony
gulagyňyzyň ýakynynda saklamaň, sebäbi ses
örän gaty bolmagy mümkin.

T e k s t ý a z m a k
24
3. Tekst ýazmak
Siz teksti iki görnüşde girizip bilersiňiz: Adaty tekst ,
arkaly görkezilýär we zehinli tekst (sözlükde ornaşdyrylan)
arkaly görkezilýär .
Adaty teksti girizmek üçin harply klawişany gerek bolan
harp görkezilýänçä basyň.
Tekst ýazylýan wagtynda zehinli tekste geçmek üçin,
Görnüş > Sözlük we islenen dili saýlaň; öçürmek üçin,
Görnüş > Sözlük öçürilen saýlaň.
Zehinli teksti ulanmak üçin şu aşakdaky görkezmeleri
berjaý ediň:
1. Islendik sözi girizmek we bir harp üçin her klawişany bir
gezek basyň.
2. Eger-de islendik söz görkezilse 0 basyň, soňra indiki
sözi ýazyp başlaň.
Sözi özgertmek üçin * islendik söz görkezilýänçä
basyň.

T e k s t ý a z m a k
25
Eger-de? sözden soň görkezilse, söz sözlükde ýokdygyny
aňladýar. Sözi sözlüge goşmak üçin Söz saýlaň, sözi
giriziň (adaty tekst girizmegi ulanyň), we OK saýlaň.
Adaty we zehinli tekstleri ýazmak üçin görkezmeler:
•
Boş ýer goşmak üçin 0 basyň.
•
Tekst ýazylýan wagtynda tekst girizmek görnüşini tiz
özgertmek üçin # basyň we ekranyň ýokarsyndaky
görkezijini barlaň.
•
Belgi goşmak üçin islendik belgi klawişasyny basyp
saklaň.
•
Adaty tekst ulanylýan wagtynda ýörite nyşanlaryň
sanawyny açmak üçin * basyň; zehinli tekst ulanylýan
wagtynda * basyp saklaň.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
26
4. Menýu funksiýalary
Garaşmak tertibinde Menýu soňra islendik menýu
we
submenýu saýlaň. Ýokarky menýu çykmak üçin Çykmak
ýa-da Yzyna saýlaň. Garaşmak tertibe göni çykmak üçin
gutarmak klawişasyny basyň.
Bu ýerde menýu funksiýalaryň we görnüşleriň hemmesi
görkezilen däl.
■ Habarlar
Habarlary düzmek
Habar düzleşleri özgertmek üçin,
Menýu > Habarlar > Habarlary düzmek saýlaň.
Tekst we suratly habar gerek bolan telefon belgä ibermek
üçin we şu belgini saklamak üçin Iberilen tertip > Habar
merkez nomeri
saýlaň. Bu belgini Siz ýerli üpjünçi hyzmat
merkezden alyp bilersiňiz.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
27
Saýlaň Kodirowkalar (ulgam hyzmaty) ornatmak üçin
Doly girizmek ýa-da Gysgaldylan kodirowka tekstly habar
goýberilende ulanylýar.
Saýlanan belgileriň sanawyny özgertmek ýa-da görkezmek
üçin. Nom. saýlamak saýlaň.
Täze habar ýazmak
Enjam ýeke habar üçin belgileriň sany çäkden daşary
bolan tekst habarlaryny ibermegi goldaýar.Ýerli üpjünçi
hyzmat merkezi şoňa görä tölegi talap edip biler. Basym
belgilerini ýa-da beýleki belgileri ulanýan nyşanlar, we käbir
dilleriň nyşanlary, mysal üçin Hytaý dili köp ýer tutýarlar,
hem-de ýeke habarda iberilip bilinjek nyşanlaryň sanyny
çäklendirýärler.
Elýeterlik nyşanlaryň sany we köpbölekli habaryň häzirki
böleginiň sany ekranyň ýokarky sag tarapynda görkezilýär,
mysal üçin, 917/1.
1. Garaşýan tertibinde Menýu > Habarlar > Täze habar
ýazmak saýlaň.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
28
2. Habar ýazmak.
3. Habar ibermek üçin Görnüş > Ibermek saýlaň, kabul
edýäniň telefon belgini giriziň we OK saýlaň.
Bellik: Habar iberilen wagtynda enjamyň
displeýinde Habar iberilen maglumaty görgezilip
bilner. Bu enjamda maksatnama arkaly düzülen
habar mekez belgisine habar iberilendigini
aňladýar. Bu maglumat niýetlen salgy tarapyndan
habar kabul edilendigini aňlatmaýar. Habar
hyzmatlary barada doly maglumat üçin ýerli
üpjünçi hyzmat merkezine ýuz tutuň.
Tekstli habary okamak
Haçan-da täze habar kabul edilse, täze habarlaryň sany,
şeýle hem nyşan görnüşinde ekranda garaşmak
tertibinde görkeziler.
Saýlaň Görge-k habarlary derrew görmek, ýa-da Çykmak
soň görmeli Menýu > Habarlar > Kabul edilen.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
29
Garalamalar we Goýberilen habarlar
Bu Garalamalar menýusynda, Habary sak-k menýusy
arkaly saklanylan habarlary görüp bilersiňiz. Bu Goýberilen
habarlar menýusynda, iberilen habarlaryň nusgasyny
görüp bilersiňiz.
Suratly habarlar (ulgam hyzmaty)
Siz suratly habarlary iberip we kabul edip bilersiňiz. Kabul
edilen suratly habarlar saklanylýan ýeri Kabul edilen. Bellik,
her bir suratly habarda bir näçe tekst habary bolýar. Şonuň
üçin bir suratly Habaryň iberilmek bahasy bir tekst
habaryndan ýokary bolup biler.
Bellik: Suratly habary görkezmek hyzmaty
diňe ýerli üpjünçi hyzmat merkezi tarapyndan
goldalýan bolsa ulanylyp bolar . Suratly habary
kabul etmek we görkezmek hyzmatyny diňe
özara utgaşdyrylýan gurluşlar ýerine ýetirip
bilerler. Habaryň görkezilmegi kabul edýän
gurluşdan baglydyr.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
30
Habarlary ýok etmek
Hemme okalan habarlary ýa-da papkadaky habarlary
öçürmek üçin Menýu > Habarlar > Habarlary ýok etmek >
Hem. okamak ýa-da islendik papkany saýlaň.
■ Gatnaşyklar
Siz atlary we telefon nomerlary telefonyň
ýa-da SIM kardyň ýadynda saklap bilersiňiz.
Içerki telefon kitaby 200 ady saklap biler.
Telefon belgini we ady gözlemek
Garaşmak tertibinde aşak aýlaň we adyň birinji harpyny
giriziň. Gerek bolan ady saýlaň.
Şeýle hem şu funksiýalary Gatnaşyklar menýusynda
ulanyp bilersiňiz:
Gatnaşygy goşmak— Telefon belgini we ady telefon
kitabynda saklamak üçin
Öçürmek— Telefon kitabydan atlary we telefon belgileri
aýratyn ýa-da hemmesini birden öçürmek üçin.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
31
Nusga— Telefon belgileri we atlary içki telefon kitabyndan
SIM kardyň kitabyna bir-birden ýa-da hemmesini birden
nusga göçürmek üçin, ýa-da şu amaly yzyna etmek üçin.
Gatnaşyklar üçin düzleşler
Saýlaň Menýu > Gatnaşyklar > Sazlamak we mümkin
bolan funksiýany:
Ýady saýlamak— Sakanylan ady ýa-da telefon belgini
saýlamak üçin Telefon ýa-da SIM-kart. SIM kart täzelenen
wagtynda SIM-kart ýady awtomatik ýagdaýda saýlanýar.
Gatnaşyk görnüşleri— Telefon belgileri we atlary görnüşini
saýlamak üçin. Eger-de Siz gatnaşyk barada Magl şu
Gatnaşyk görnüşleri arkaly görseňiz, onda ornaşdyrmak
üçin
Atlar sanawy ýa-da Diňe ady, SIM kardyň ýadynda
saklanylan
telefon belgini ýa-da ady arkaly görkeziler
we telefonyň ýadynda saklanylan telefon belgini ýa-da ady
arkaly görkeziler .
Yadyň görnüşi— Her bir içki telefon kitabynda näçe telefon
belgiler we atlar saklanylan we ýene näçesini saklap
boljakdygyny görmek üçin.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
32
■ Çagyryş jaňlar görkezijisi
Telefon görkezijisi kabul edilmedik, kabul edilen,
we çagyrylan telefon belgileri belleýär: we
jaňlaryň takmynan dowamlylygyny: iberilen we
kabul edilen habarlaryň sanyny belleýär.
Telefon görkezijisi kabul edilen we kabul edilmedik jaňlary
ulgam hyzmaty elýeterlik çäginde we şol funksiýalary
goldaýan bolsa belleýär.
Jaň taýmery
Şu Menýu > Çagyryş jaňlar > Jaňlaryň dowamlylygy soňky
jaňyň takmynan dowamlylygyny görmek üçin, hemme
kabul edilen jaňlar we hemme çagyrylan jaňlaryň takmynan
dowamlylygyny görmek üçin saýlaň.
Taýmeri düzmek üçin Wagty nola öwürmegi, saýlaň,
howpsuzlyk kody giriziň we OK saýlaň.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
33
Bellik: Hakyky jaň wagty üçin bolan tölegler
aragatnaşyk hyzmatlaryna, we tölegiň hasabyny
öwürmelere görä ýerli üpjünçi hyzmat merkezi
tarapyndan üýtgäp biler.
■ Düzmek
Bu menýuda ähli telefon düzleşleri düzüp
bilersiňiz. Käbir menýu düzleşleri öňden
bellenen görnüşde täzeden ornaşdyrmak üçin
Standart düzmegi dikel-ş saýlaň.
Sazy düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Sazy düzmek we münkin
bolan funksiýany:
Saz— Giriş jaň sazyny ornaşdyrmak üçin
Saz belentligi— Habar jaňyň we jaňyň belentlik derejesini
ornaşdyrmak üçin. Eger-de Jaň belentligi 2 ýa-da ondan
ýokary derejede ornaşdyrylsa, onda telefon jaňy giriş jaň
gelýän wagtynda 1 derejeden saýlanylan derejä ýetýänçä
güýçlener.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
34
Wibrasiýa— Telefony giriş jaňy ýa-da tekst habary kabul
edilýän wagtynda wibrasiýa goýmak üçin.
Habar sazy— Telefon sazyny tekst habary kabul edilýän
wagtynda ornatmak üçin.
Duýdurmak sazy— Telefon sazyny saýlamak, mysal üçin,
haçan-da batareýa zarýady gutarýan wagtynda.
Displeý düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Displeý düzmek.
Telefonda adaty ýa-da sanly sagat we hemme
esasy displeý nyşanlary ekran saklaýjysy hökmünde
ornaşdyrmak üçin Energiýa sakla-n sagat saýlaň.
Tertipler
Siz standart tertipleri belli bir funksiýalary ulanmak üçin
üýtgetip bilersiňiz, mysal üçin jaň sazy ýa-da ekran
saklaýjysyny.
Saýlaň Menýu > Düzmek > Tertipler, islenen üýtgetmek
üçin saýlanan tertibi, söňra Düzmek.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
35
Sagady düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Sagady düzmek.
Sagady ýaşyrmak ýa-da görkezmek üçin, wagty düzmek,
ýa-da wagtyň görnüşini özgertmek üçin Sagat saýlaň.
Eger-da telefondan batareýa alynan bolsa, onda Siz wagty
we seneni täzeden ornatmaly bolarsyňyz.
Jaňlary düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Jaňlary düzmek, we aşakdaky
görkezmeleri berjaý ediň:
(ulgam hyzmaty) Giriş jaňlaryň salgysyny Siziň sesli
poçtaňyza ýa-da başga telefon nomerlara üýtgetmek üçin
Salgysyny üýtgetmek saýlaň. Islenen salgysyny üýtgetmek
funksiýasyny aýlaň we Işletmek saýlanan salgysyny
üýtgetmek funksiýasyny ornatmak üçin saýlaň Ret etmek
öçürmek üçin saýlaň, saýlanan funksiýa ornatylanyny
barlamak üçin Ýagdaý. barlaň saýlaň; belli bir salgylary
saklamagy kesgitlemek üçin Sakl.wagty düz. saýlaň
(hemme salgy üýtgetmek funksiýalara elýeterli däl). Bir
näçe salgysyny üýtgetmek funksiýalary bir wagta işledilip

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
36
biliner. Haçan-da Hemme sesli jaňlar salgysyny üýtgetmek
işjeň bolsa, onda ekranda, garaşmak tertibi wagtynda
görkeziler. Hemme salgysyny üýtgetmek jaňlary öçürmek
üçin Salgysyny üýtgetmegi ret etmek saýlaň.
(ulgam hyzmaty) Telefon edilen wagtynda öz telefon
nomeriňiz görkezilmegi ýa-da ýaşyrylmagyny anyklamak
üçin Öz belgiňi ibermek saýlaň.
Şowsuz çagyryş jaňyndan soň 10 gezek gaýta jaň etmek
üçin Awtomatik gaýtalama saýlaň.
Garaşylýan jaňlar hyzmaty saýlamak (ulgam hyzmaty)
çagyryş jaňy wagtynda täze giriş jaňy barada ulgam
hyzmaty tarapyndan habar bermek üçin.
Telefony düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Telefony düzmek.
Displeý tekst dilini ornatmak üçin Dil saýlaň.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
37
Hümmeti düzmek
Bellik: Hakyky jaň wagty üçin bolan tölegler
aragatnaşyk hyzmatlaryna, we tölegiň hasabyny
öwürmelere görä ýerli üpjünçi hyzmat merkezi
tarapyndan üýtgäp biler.
(ulgam hyzmaty) Öňünden tölenen kredit barada maglumat
görmek üçin Menýu > Düzmek > Hümmeti düzmek, we
Önünden tölenen kredit saýlaň; Giriş jaňlar taýmeri jaň
dowamlylygyny görkezmek ýa-da öçürmek üçin; Jaňlar
hasabaty jaňyň takmynan dowamlylygy barada maglumaty
görkezmek ýa-da öçürmek üçin.
Bellik: Haçan-da, töleg birlikleri ýa-da walýuta
birlikleri gutaran bolsa, onda enjamda düzülen
maksatnama arkaly diňe gyssagly kömek
belgisine jaň etmek mümkindir.
Aksessuarlary düzmek
Saýlaň Menýu > Düzmek > Aksessuarlary düzmek >
Telefon
ýa-da Eşidiş enjamy.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
38
Giriş jaňy wagtynda 5 sekundan soň telefony awtomatik
jagap bermek üçin Awtomatik jogap saýlaň.
Goşmaça goldaýjy gurluşlar menýu nyşany diňe goldaýjy
gurluşlar telefona birikdirilenden soň görkeziler.
Sag klawişa saýlamak düzleşler
Garaşýan tertibi wagtynda Geçmek çalt çagyryş sanawyna
geçmek üçin saýlap bilersiňiz. Çalt çagyryşy kesgitlemek
ýa-da düzmek üçin Menýu > Düzmek > Sag işletmek
klaw-y düz-k saýlaň. Funksiýalary çalt çagyryş sypatynda
saýlamak üçin Görnüş-i saýla-k aýlaň, soňra Tertibe salmak
çalt çagyryş funksiýalaryň sanawyny tertibe salmak
üçin aýlaň.
■ Sagat
Garaşmak tertibi wagtynda Menýu > Sagat >
Jaň wagty oýarmak wagtyny ornatmak
üçin saýlaň. Aýlaň, Jaň sazy oýarmak sazy
saýlamak üçin Gaýtalanýan jaň oýarmak
sazyny bir gezek ýa-da gaýtalanýan görünişinde hepteniň
belli bir gününe ornatmak üçin Gepleýän sagat telefon

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
39
wagt bolanda aýtmak üçin. Oýarmak jaňy wagtynda
Sakla-k jaňy togtatmak üçin saýlaň, ýa-da Gaýta-k jaňy
togtatmak we 10 minutdan soň jaňy gaýtalamak üçin
saýlaň.
Eger-de enjam öçürilen wagtynda oýarmaklyk wagty bolan
bolsa, onda enjam özi ýakylar we oýarmaklyk sazyny
çalyp başlar. Eger-de Siz Sakla-k saýlasaňyz, onda enjam
jaň etmek tertibini işletmekligi Sizden soraýar. Enjamy
öçürmek üçin Ýok we Hawa jaň etmek we jaňy kabul
etmek üçin saýlaň. Haçanda öýjükli telefony ulanmaklyk
päsgelçilik ýa-da howp döredýän bolsa Hawa saýlamaň.
■ Ýatlatmalar
Gysga jaňly tekst bellikleri saklamak üçin
Menýu > Ýatlatmalar > Täzesini goşmak
saýlaň. Haçan-da ýatlatma wagty bolanda Çykmak jaňy
togtatmak üçin saýlaň, ýa-da Giçräk. jaňy
10 minutdan soň gaýtalamak üçin saýlaň.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
40
■ Goşmaça funksiýalar
Kalkulýator
Bellik: Bu hasaplaýyş serişdesi (kalkulýatory)
çäklendirililen takyklygy bardyr we ol ýönekeý
hasaplamalar üçin niýetlenilendir.
Saýlaň Menýu > Goşmaça funksiýalar > Kalkulýator.
1. Klawişalary 0 dan 9 sanlary girizmek üçin we # onluk
droply sanlary girizmek üçin basyň. Girizilen sanyň
nyşanyny özgertmek üçin * basyň.
2. Aşak ýa-da ýokary saýlamak üçin aýlaň +, -, x, or /.
3. 1 we 2 ädimleri zerur bolsa gaýtalaň.
4. Jogabyny bilmek üçin Deňdir saýlaň.
Konwerter
Siz ähli ölçem birliklerini özgertip bilersiňiz.
Garaşmak tertibi wagtynda Menýu > Goşmaça funksiýalar >
Konwerter saýlaň. Soňky bäş özgertmeleri görmek üçin
Ahyrky 5-si saýlaň. Siz şeýli hem öňünden bellenen alty
birlik toparyndan saýlap bilersiňiz.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
41
Siz şeýli hem özüňizi özgertmeleriňizi Meniň özgertm arkaly
goşup bilersiňiz.
Özgertme edilýän wagtynda, Siz ýokary ya-da aşak aýlap
özgertmede birlik ýerlerini çalyşyp bilersiňiz.
Sintezator
Saýlaň Menýu > Goşmaça funksiýalar >
Sintezator hem-de saz. Özüňizi
sazyňyzy döretmek üçin notalary
giriziň. Mysal üçin, 4 ni f nota üçin
basyň. 8 gysgaltmak üçin (-) we 9
uzaltmak üçin basyň (+) nyşanyň
dowamlylygy ýa-da dyngysy. Dyngy
girizmek üçin 0 basyň, * octawa
ornatmak, we # notany gaty etmek üçin (e we b notalara
mümkin däl).
Sazy gutaranyňyzdan soň Görüniş > Diňlemek, Saklamak,
Temp, Goýbermek, Ekrany boşat-k ýa-da Çykmak saýlaň.
Amaly maksatnamalary ulanylýan wagtynda ekranda
görkezmek batareýanyň güýjüniň talabyny ulaldýar we
batareýanyň ýaramlylygyny azaldýar.

M e n ý u f u n k s i ý a l a r y
42
■ SIM hyzmatlar
Siziň SIM kart ulanmaga mümkin bolan
goşmaça hyzmatlary goldaýar. Şu menýu
diňe SIM kart goldaýan bolsa görkeziler.
Menýu ady we mazmuny SIM kardan baglydyr.
Doly maglumat üçin ýerli üpjinji hyzmat merkezine
ýüz tutuň.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
43
5.
Batareýa barada maglumat
■ Zarýad bermek we zarýady aýyrmak
Bu enjam täzeden zarýad berilýän batareýa bilen üpjün
edilen. Täze batareýanyň doly güýjüne işlemegi diňe
iki ýa-da üç doly zarýad bermek we zarýady aýrylmak
aýlawlaryndan soň ýetilýär. Batareýa köp gezek zarýada
goýlup we zarýady aýyrylyp bilner, emma, soňlyk bilen
ol ýaramlylygyny ýitirer. Eger-de gepleşik we garaşmak
tertipde işlemek wagty adaty ýagdaýdan az bolsa,
batareýany çalyşyň. Diňe Nokia tarapyndan makullanan
batareýalary ulanyň, hem-de batareýa diňe Nokia
tarapyndan makullanan we bu enjam üçin niýetlenilip
öndürilen zarýad gurluşlary bilen zarýad beriň.
Egerde çalşylýan batareýa birinji gezek ulanylýan bolsa,
ýa-da batareýa uzak wagtyň dowamynda ulanylmadyk
bolsa, onda batareýany zarýadlamak üçin, zarýad gurluşyny
birikdirmeli, ondan soň ony birikdirmeden aýrmaly, we
täzeden birikdirmeli bolar.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
44
Enjam we zarýad gurluşy ulanylmaýan wagta elektrik
tokdan aýyryň. Doly zarýadlanan batareýany zarýad
gurluşa birikdirip goýmaň, sebäbi gereginden köp zarýad
almaklyk batareýanyň möhletini azaldýar. Eger-de doly
zarýad alan batareýa ulanylmasa, wagtyň geçmegi bilen ol
öz zarýadyny ýitirýär.
Eger-de batareýa zarýadyny doly ýitiren bolsa, onda
zarýad görkezijisi ekranda görkezilmegi üçin, ýa-da jaň
edilmegi üçin, birnäçe minut wagt gerek bolmagy mümkin.
Batareýany diňe oňa niýetlenilen maksat üçin ulanyň.
Hiç haçan zaýalanan batareýany ýa-da zarýad gurluşyny
ulanmaň.
Batareýany gysga utgaşdyrmaň. Tötänleýin gysga
utgaşma demir zatlar, mysal üçin teňňe, gaýçy ýa-da
ruçka ýaly zatrary batareýanyň goşmak (+) we aýyrmak
(-) taraplaryna gös-göni birikdirilende bolup biler. (Olar
batareýanyň metal zolaklaryna meňzeşdirler) Şeýle ýagdaý,
mysal üçin, Siz ätiýaç batareýany bukjaňyzda ýa-da
gapjygyňyzda götereniňizde bolup biler. Gysga utgaşma
batareýany ýa-da birikdirmek serişdesini zaýalap biler.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
45
Batareýany sowuk ýa-da gyzgyn ýerlerde, mysal üçin
tomus ýa-da gyş wagtlarynda ýapyk awtoulagda goýup
gitmek, batareýanyň ýaramlylygyny we möhletini azaldýar.
Elmydama batareýany 15°C we 25°C (59°F we 77°F)
aralygynda saklamaga çalyşyň. Enjamyň batareýasy
gyzgyn ýa-da sowuk, hatda batareýa doly zarýad alan
hem bolsa, ol wagtlaýyn işlemezligi mümkin. Doňdurma
nokadyndan has aşaky temperaturalarda batareýanyň
işleýişi örän çäklendiriliner.
Batareýalary oda taşlamaň, sebäbi olar partlap bilerler.
Batareýalar zaýalanan bolsalar hem partlap bilerler.
Batareýalary ýerli düzgünleşdirmelere laýyklykda taşlaň.
Ony mümkin bolsa gaýtadan işlemäge beriň. Ony hojalyk
taşlandy hökmünde taşlamaň.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
46
■ Nokia batareýasynyň hakykylygyny
bilmek boýunça görkezmeler
Öz howpsuzlygyňyz üçin elmydama hakyky Nokia
batareýalaryny ulanyň. Hakyky Nokia batareýasyny
alandygyňyzy bilmek üçin, ony ýerli Nokia wekilliginden
alyň, onuň daşynda görkezilen Nokianyň Hakyky Goldaýjy
belligini tapyň, hem-de gologramma belgilerini aşakdaky
usullary ulanyp barlap görüň.
Görkezilen dört usulyndan peýdalanmak, batareýanyň
hakykylygyny umumy kepillendirmeýär. Eger-de batareýa
hakyky Nokia batareýasy däldigine Siziň ynanjyňyz
bolmasa, onda ony ulanmazdan ozal, ýerli Nokia hyzmat
mekezine ýa-da wekilligine kömek üçin ýüz tutuň.
Nokia hyzmat ediş merkezi ýa-da wekilligi batareýany
hakykylygyny barlar. Eger-de hakykylygy tassyklanmasa,
onda batareýany satyn alan ýeriňize gaýdyp beriň.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
47
Gologrammanyň hakykylygyny bilmek
1. Bellikdäki gologramma
sereden wagtyňyzda, Siz bir
burçdan Nokianyň birleşdirilen
eller nyşanyny we beýleki
burçdan seredeniňizde,
Nokianyň Hakyky Goşmaça
Goldaýjylar nyşanyny
görmelisiňiz.
2. Haçan-da Siz
gologrammany çep, sag,
aşak we ýokary burçlardan
göreniňizde Siz her tarapa
degişlilikde 1, 2, 3 we 4 köp
nokatlary görmelisiňiz.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
48
3. Belligiň bir tarapyny
20 sanly belgini görmek üçin
çyzyp öçüriň, mysal üçin,
12345678919876543210.
Sanlar ýokarda durar ýaly
edip batareýany öwüriň.
20 sanly belgi aşakdaky
hataryň yzynda jaýlaşan
ýokarky hatardaky sandan
başlap okalýar.
4. 20 sanly belginiň
takyklygyny
www.nokia.com/batterycheck
salgyda ýerleşdirilen
görkezmelere laýyklykda
barlap görüň.
Tekst habaryny ýazmak üçin, 20 sanly belgini giriziň, mysal
üçin, 12345678919876543210, hem-de ony +44 7786
200276 iberiň.

B a t a r e ý a b a r a d a m a g l u m a t
49
Milli we halkara amallar tölegleri tölenilmelidir.
Siz belginiň hakykylygy barada habary alarsyňyz.
Eger-de batareýa hakyky bolmasa?
Eger-de Siz Nokia batareýasyny we belligindeki
gologrammany hakykylygyny tassyklap bilmeseňiz onda,
batareýany ulanmaň. Ony ýerli Nokia hyzmat merkezine
ýa-da wekilligine eltiň. Öndüriji tarapyndan makullanmadyk
batareýany ulanmak howply bolup biler, enjamy erbet
işleýişe getirip biler hem-de enjamy we goşmaça goldaýjy
gurluşlary zaýalap biler. Bu enjama degişli hemme
kepilleriň kanuny güýjüni ýitirip biler.
Hakyky Nokia batareýalary barada goşmaça maglumatlar
üçin www.nokia.com/battery salgyny görüň.

G o ş m a ç a g o l d a ý j y g u r l u ş l a r
50
6. Goşmaça goldaýjy
gurluşlar
Goşundylar we goldaýjy gurluşlar barada ýönekeý
düzgünler:
•
Goşundylary we goldaýjy gurluşlary kiçi çagalardan
daşrak saklaň.
•
Ähli goşundylary ýa-da goldaýjy gurluşlary elektrik
tokdan aýyrýan wagtyňyzda gysgyçy basyp aýyryň.
•
Elmydama awtoulagda goýlan goldaýjy gurluşlary
kadaly ornaşdyrylandygyna we işleýändigine göz
ýetiriň.
•
Awtoulaglar üçin niýetlenilen goldaýjy gurluşlaryny
ornaşdyrmak işlerini diňe ökde hünärli işgärler geçirip
bilerler.

A l a d a l a m a k w e g o l d a m a k
51
Aladalamak we goldamak
Bu enjam ýokary bezeg we ussatlygyň önümidir we ony
ätiýaçly ulanmaly. Aşakdaky teklipler Size kepili saklamak
üçin kömek ederler.
•
Enjamy gurak görnüşde saklaň. Suwly, yzgarly ýa-da
öz içinde minirallary saklap biljek ähli suwly serişdeler,
elektron düzümlere täsir edip bilerler. Eger enjama suw
degen bolsa, onda batareýany aýyryň we enjamy doly
guradyň.
•
Enjamy tozaňly, hapa ýerlerde ulanmaň we saklamaň.
Onuň aýyrylýan bölekleri we elektron bölekleri
zaýalanyp bilner.
•
Enjamy gyzgyn ýerlerde saklamaň. Gyzgyn temperatura
elektron gurluşlaryň işleýiş möhletini azaldýar,
batareýalary zaýalap biler, hem-de käbir plastik
serişdeleri eredip biler.
•
Enjamy sowuk ýerlerde saklamaň. Haçan-da enjam
kadaly temperatura şertine gaýdyp gelende, enjam
içinde çyglylyk emele gelmegi mümkin we elektron
düzümleri zaýalanyp bilner.

A l a d a l a m a k w e g o l d a m a k
52
•
Şu gollanmada görkezilen usullardan başga usullar
bilen enjamy açmaga synanyşmaň.
•
Enjamy gaçyrmaň, çakyşdyrmaň we silkelemeň. Gödek
ulanmaklyk içerki düzüm böleklerini we mehanikany
döwüp biler.
•
Himiki serişdeleri, erediş arassalaýjylary ýa-da güýçli
ýuwujy serişdeleri enjamy arassalamak üçin ulanmaň.
•
Enjama boýag çalmaň. Boýag aýyrylýan bölekleri we
amallary kadaly işlemegligine täsir edib biler.
•
Antennany çalşanyňyzda diňe özinde berilen we
makullanan antennany ulanyň. Makullanmadyk
antennalar, üýtgetmeler ýa-da goşundylar enjamy
zaýalap biler, we radio gurluşlary dolandyrýan
düzgünlerini bozylmaklygyna getirip biler.
•
Zarýad gurluşlary öýüň içinde ulanyň.
•
Elmydama enjamy hyzmat merkezine berilmezden oň,
maglumatlaryň (mysal üçin gatnaşyklar we senenama
bellikleri) ätiýaçlyk nusgalaryny saklaň.
Bu teklipler enjama, batareýa, zarýad gurluşa we ähli
goşmaça goldaýjy gurluşlara degişlidirler. Eger-de gurluşlaryň
biri kadaly işlemeýän bolsa, ony sazlamak üçin hyzmat
merkezine eltiň.

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
53
Goşmaça howpsuzlyk üçin
maglumatlar
Bu enjamyň we oňa degişli goldaýjy gurluşlaryň kiçi
bölekleri bolup biler. Olary kiçi çagalardan daşrak saklaň.
■ Işletmek ahwalaty
Hemme ýerlerde hereket edýän ýörite düzgünleşdirmeleri
berjaý etmegi ýatdan çykarmaň, enjamy ulanmak gadagan
ýa-da onuň ulanylmagy päsgelçiligiň we howpuň sebäbi
bolmagy mümkin bolsa, ony işletmäň. Enjamy diňe kadaly
görnüşde ulanyň. Bu enjam kadaly ulanylanda, we gulagyň
garşysynda ulanylanda hem, ýa-da göwreden iň azyndan
1.5 santimetr (5/8 dýum) daşlykda ýerleşdirilende hem RF
täsir etmek görkezmelerine laýyk gelýändir. Haçan-da
göwrede götermek üçin kemeriň ildirgiji ýa-da saklaýjy
gapjyk ulanylanda, olar öz içinde demir saklamaly däldirler,
we enjamy görkezilen ýaly göwreňizden kadaly aralykda
ýerleşdirilmeli.

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
54
Maglumatlar faýllaryny ýa-da habarlary geçirmek
üçin bu enjam aragatnaşyk hyzmatlaryndan ýokary
hilli baglanyşygyny talap edýär. Kabir ýagdaýlarda,
maglumatlar faýllaryny ýa-da habarlary geçirmek bu hilli
baglanşyk elýeterli bolýança uzaklaşdyrylyp bilner. Geçirmek
amallary gutarýança, aralyk goýmak görkezmelerini ýerine
ýetirilýändigine gözegçilik ediň.
Bu enjamyň bölekleri magnitlidir. Enjama demir zatlary
çekilip bilnerler. Kredit kartlary ýa-da beýleki magnitli mediýa
maglumatlaryny saklaýjylary enjamyň golaýynda goýmaň,
sebäbi olarda saklanylýan maglumat öçürilip bilner.
■ Lukmançylyk abzallary
Ähli radio-ýaýlym geçirýän enjamlar işleýşi ýaly, şol sanda
öýjükli telefonlar, ýeterlik derejede goralmadyk lukmançylyk
abzallaryň işlemek ukybyna päsgel berip bilerler.
Lukmançylyk abzallaryň daşky (RF) energiýasyndan
ýeterlik derejede goralandygyny anyklamak üçin, ýa-da
Sizde goşmaça soraglar bar bolsa, lukman bilen ýa-da
lukmançylyk abzalynyň öndürijisi bilen maslahatlaşyň.
Saglygy goraýyş edaralarynda we düzgünamalar bilen
görkezilen ýerlerde enjamy öçüriň. Hassahanalarda ýa-da

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
55
saglygy goraýyş edaralarynda daşky (RF) energiýa duýgur
abzallary ulanylylmagy mümkin.
Elektrokardiostimulýator
Elektrokardiostimulýatory öndürijiler öýjükli telefon bilen
elektrokardiostimulýatoryň arasynda bolup biljek
päsgelçilikden gaça durmak üçin iň azyndan 15.3 santimetr
(6 dýum) aralygyň bolmagyny maslahat berýärler. Bu
maslahatnama Wireless Technology Research tarapyndan
geçirilen garaşsyz ylmy barlaglar bilen we olaryň
maslahatnamasy bilen gabat gelýär. Kardiostimulýatorlary
ulanýan adamlar şu düzgünleri berjaý etmeli:
•
Enjamy elmydama elektrokardiostimulýatordan
15.3 santimetr (6 dýum) aralykda saklaň.
•
Enjamy gursak jübüsinde götermäň
•
Päsgelçiligi azaltmak üçin enjamy gulagyňyza
tutanyňyzda elektrokardiostimulýatora garşylyk tarapda
saklaň.
Eger-de Siz päsgelçilik bolandygyny duýsaňyz, onda
enjamy öçüriň we ony daşrak goýuň.

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
56
Eşidiş gurluşy
Sanly öýjükli gurluşlaryň köpüsi käbir eşidiş gurluşlara
päsgel berip bilerler. Eger-de päsgelçilik bar bolsa, onda
ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
■ Awtoulaglar
RF signallar motorly awtoulagda nädogry dikeldilen
elektronik ulgamlar, mysal üçin, ýangyç elektronik
inžektor ulgamy, gabamaga garşy togtamak ulgamlary,
tizligi elektronik usulda gözegçilik ulgamlary we howa
howpsuzlyk ýassygy ulgamlary ýaly ulgamlaryna täsir edip
bilerler. Awtoulagda goşmaça üpjün edilen enjamlar barada
doly maglumat üçin, awtoulagyň öndürijisi ýa-da onuň
wekiligine ýüz tutuň.
Diňe ökde hünerli işkärler enjamy hyzmat edip ýa-da ony
awtoulagda ornaşdyryp bilerler. Ýalňyş ornaşdyrmak ýa-da
hyzmat etmek howply bolup biler we enjama degişli kepiliň
kanuny güýjüni ýitirip biler. Öz awtoulagyňyza ähli öýjükli
gurluş enjamlaryň kadaly birikdirilendigini we işleýändigini
öz wagtynda barlap duruň. Ýanyjy suwuklyklary, gazlary
ýa-da partlaýjy maddalary we onuň böleklerini ýa-da oňa
birikdirilýän goşundylary enjam bilen bir ýerde saklamaň.

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
57
Ýatda Saklaň, awtoulaglarda üpjün edilen howpsuzlyk
howa ýassygy uly güýç bilen çişirilýär. Göterme öýjükli
gurluşlary we beýleki serişdeleri howpsuzlyk howa ýassygy
ýanynda ýa-da onuň açylýan ýerinde goýmaň. Egredeawtoulagdaky öýjükli enjam kadaly ornaşdyrylmadyk
bolsa, onda howpsuzlyk howa ýassygy çişirilende uly
şikesiň ýetirilmegi mümkin.
Uçarda uçulýan wagtynda enjamy ulanmak gadagan
edilendir. Uçara münmeziňizden öň enjamy öçüriň. Öýjükli
telegurluşlary uçarda ulanylmagy, uçaryň amallaryny
ýerine ýetirilmegine howply bolup biler, öýjükli telefon
aragatnaşygynyň işleýişini bozup biler we kanuna garşy
bolup biler.
■ Partlamaga mümkin bolup biljek ahwalat
Partlamaga mümkin bolup biljek daş-töwereklerde enjamy
öçüriň, ähli görkezmelere eýeriň. Partlamaga mümkin
bolup biljek daş-töwerekler, şeýle hem Siziň awtoulagyňyzyň
motoryny öçürmek gerekdigi barada maslahat berilýän
ýerleri öz içine alýar. Bu ýerlerde uçgun partlamanyň ýa-da
ot almagyň sebäbi bolup biler, olaryň netijesinde beden
şikesleri, hat-da ölüm ýagdaýlary hem bolup biler. Ýangyç

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
58
guýulýan merkezlerinde, şeýle hyzmat merkezleriň gaz
kranlary ýanynda enjamy öçüriň. Ýangyç saklanýan
ýerlerde we ýangyç guýulýan ýerlerde; himiki serişdeler
saklanýan kärhanalar ýanynda; ýa-da partlama işler
geçirilip duran ýerlerde radio enjamlaryny ulanmak
boýunça çäklendirmelere serediň. Partlamaga mümkin
bolup biljek daş-töwerekler köp halatlarda anyk
belgilenendirler. Bu ýerlere gämilerdäki palubanyň aşagy,
himiki serişdeler geçirilýän ýa-da saklanýan ýerler,
suwuklandyrylan gazlary (propan we butan) ulanýan
awtoulaglar, hem-de howada himiki serişdeleriň bar ýerleri
we zerreler, çäge dänesi ýa-da metal tozanlary ýaly kiçijik
bölekler saklanýan ýerler girýärler.
■ Gyssagly kömek çagyryş
Möhüm:
Öýjükli telefonlar, şol sanda şu enjam
radio signallaryny, öýjükli aragatnaşyk
hyzmatlaryny, ýerdäki aragatnaşyk hyzmatlaryny
we ulanyjy maksatnama üpjünçilik hyzmatlaryny
ulanyp işleýär. Şular sebäpli hemme ýägdaýlarda
baglanyşyklar ýerine ýetirilip bilinmez. Lukmançylyk
taýdan gyssagly kömek ýagdaýlarda esasy

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
59
aragatnaşyk üçin, Siz diňe öýjükli gurluşlara
ynanmaly dälsiňiz.
Gyssagly kömek jaňyny etmek üçin:
1. Eger-de enjam ýakylmadyk bolsa, onda ony ýakyň.
Signalyň ýeterlik güýji barlygyny barlaň.
Käbir aragatnaşyk hyzmatlary takyk SIM kardyň
enjama kadaly goýylmagyny talap etmekleri mümkin.
2. Gutarmak düwmesini ekrany arassalamak we enjamy
jaň etmek üçin näçe gezek gerek bolsa, şonça basyň.
3. Siziň ýerleşýän ýeriňizde bellenen gyssagly kömek
resmi belgisini giriziň. Gyssagly kömek belgileri sebitler
boýunça dürli bolup bilerler.
4. Jaň etmek düwmesini basyň.
Eger-de käbir hyzmatlar ulanylýan bolsa, onda Siz gyssagly
kömek jaňyny etmezden öň, olaryň işlemegini togtatyň.
Doly maglumat üçin şu gollanmadan peýdalanyň ýa-da
ýerli üpjünçi hyzmat merkezine ýüz tutuň.
Gyssagly kömek jaňyny edeniňizde, ähli zerur maglumaty
mümkin boldugyça takyk beriň. Siziň öýjükli enjamyňyz

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
60
waka bolan ýerinde aragatnaşygyň ýeke-täk serişdesi
bolmagy mümkin. Tamamlamak barada rugsat berilýänçä
aragatnaşyk jaňyny gutarmaň.
■ Şahadatnama maglumaty (SAR)
BU ÖÝJÜKLI ENJAM RADIO TOLKUNLARYNA SEZEWAR
ETMEKLIK DÜZGÜNNAMALARYNA LAÝYK GELÝÄR
Siziň öýjükli enjamyňyz radio tolkunlaryny geçirip we
kabul edip biler. Bu enjam radio tolkunlaryna sezewar
etmeklik boýunça halkara düzgünnamalar tarapyndan
berilýän maslahatyň çäklerinden çykmazlyk üçin niýetlenip
düzülendir. Bu düzgünnamalar garaşsyz ylmy gurama
bolan ICNIRP tarapyndan işlenilip düzülendir, hem-de
ýaşyna we saglygyna seretmezden ähli adamlaryň
goragyny üpjün etmek üçin niýetlenilen howpsuzlyk
çäklerini öz içine alýar.
Öýjükli enjamlar üçin sezewar etmek düzgünnamalar
Ýörite Kabul Ediş Görkezmeleri (Specific Absorption Rate,
SAR) ady bilen belli bolan ölçeg abzalyny ulanýar. ICNIRP
düzgünnamalarynda kesgitlenen SAR çäkleri dokumanyň
10 gramy boýunça takmynan çykarylanda 2.0 watt/

G oş ma ç a ho wp su z l y k üç i n ma gl um a t l ar
61
kilogramdyr (W/kg) SAR ölçegi enjamyň iň ýokary güýç
talap edilen wagtynda we tilsimat häsiýetnamalarynda
görkezilen, hem-de ýaýlymyň tutýan hemme meydanynda
alynýar. Işleýän enjamyň hakyky SAR derejesi iň ýokary
derejeden aşak bolup biler, sebäbi enjam diňe aragatnaşyk
torlaryna ýetmek üçin gerek bolan energiýa bilen işlemek
üçin niýetlenilendir. Bu möçber köp sebäbler boýunça
üýtgep biler, mysal üçin Siziň we aragatnaşyk hyzmatlar
merkeziniň esasy ýerleşen ýeriniň arasyndaky menzile
bagly bolşy mümkin. Enjamy gulagyň ýanynda ulanmak
boýunça ICNIRP düzgünnamalarynda görkezilen iň ýokary
SAR derejesi 0.78 W/kg.
SAR derejeleri enjamyň goşundylaryny we goldaýjy
gurluşlaryny ulanmak boýunça dürli bolup biler. SAR
derejeleri milli hasabatlara we barlag talaplaryna hem-de
aragatnaşyk hyzmatlaryna görä dürli bolup bilerler.
Goşmaça SAR maglumat önümiň maglumaty bar bolan
www.nokia.com salgyda tapylyp bilner.